Hikmetli gürrüň

Bir adam Hezreti Alynyň öýüniň gapysyny kakyp dileg edýär. Hezreti Aly ýanynda oýnap ýören iki ogluna:
— Baryň, ejeňizdäki alty dirhemi getiriň — diýýär.

Hezreti Alynyň sözlerini eşiden Patma:
— Ol puly un satyn almak üçin goýduk ahyryn — diýýär.

Hezreti Aly:
— Allatagalanyň çäksiz baýlygyndan umyt etmän, sadaka çykarmaýan adamyň imany güýçsüz bolýandyr — — diýýär we alty dirhemi-de dileg bilen gelen adama berip goýberýär.

Şol gün bir adam düýe satmak üçin Hezreti Alynyň ýanyna gelýär. Hezreti Aly onuň düýesini bir ýüz kyrk dirhem berip satyn alýar we şol günüň özünde hyrydar tapyp, satyn alan düýesini iki ýüz dirheme satýar. Ol gazanan altmyş dirhemini Patma eltip berýär. Patma Hezreti Alydan:
— Bu näme? — diýip soraýar.

Onda Hezreti Aly:
— Bu Allatagalanyň seniň kakaňa beren sözi, ýagny kimde-kim gowy, haýyr iş etse, oňa şol eden haýyr işi üçin on esse ýa-da şonuň ýaly haýyr gaýdyp gelýändir — diýýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir