Sosial aralygy saklap, 37-0 hasabynda ýeňildiler
Germaniýanyň professional däl ligalarynyň birinde täsin netije hasaba alyndy. “SG Ripdorf-Molzen” topary bilen “SV Holdenstedt” klubunyň arasyndaky oýunda myhmanlar taryhy hasap bilen ýeňiş gazandy. “SV Holdenstedt” topary garşydaşyny 37-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Mundan 1 hepde ozal, “Holdenstedt” toparynyň oýunçylarynyň biri “kowid – 19” keseline uçraýar. Şondan soň, beýleki oýunçylaryň barlaglarynyň negatif bolmagyna garamazdan, ýagny beýleki oýunçylaryň hiç birinde “kowid – 19” keseliniň ýokdugy anyklansa-da, “Ripdorf-Molzen” topary bu ýagdaýdan howatyr edip, duşuşyga doly ýagdaýda, 11 oýunçy bilen çykmady. 7 oýunçy bilen meýdança çykan, üstesine-de sosial aralygy saklamaga çalşan oýunçylar 37 gol geçirtdiler. Duşuşykdan soň, uly hasap bilen utulan “Ripdorf-Molzen” klubunyň prezidenti Patrik Ristow: “Meýdança çykan 7 oýunça örän minnetdar. Ýogsam oýna çykmadyk bolsadyk, onda 200 ýewro jerime tölemeli bolardyk. Olam häzirki ýagdaýda biziň üçin juda kyn düşerdi” diýip, beýanat berdi.
soho 4 years ago- derwezebanam sho meydancha chykmadyk 4 oyunchyn arasynda galandyrow
"warata yetishen durdy" diyp oynayadyk kichikak...