Hasratym ýaş bolup akmalydy gözlerimden,emma aglamadym aglap başarmadym.
Gitdiň..
Seni däliräp süji arzuwlar bilen söýerdim.
Arzuwlarym seniň bn bolmakdy,arzuwym teniňde eremekdi,arzuwym şatlygymy,gaýgymy seniň bilen paýlaşmakdy muny saňa aýdyp ýetişmedim.
Çünki ýanyma geleniňde gözleriňe seredip sözlejek sözlerim unudardym.Owadan gözleriňe seredip doýmazdym.
Gitdiň..
Goýbermezlik ün elleriňden tutmadym.
Ellerim degip bilenokdy elleriňe seni ynjytmakdan gorkardy!
Bir gezek elleriňi tutsadym,gitmek ün edýän bahanalaryň, gaýratyň,ýok bolardy elleriň tutup bilmedim.
Gitdin..
Bir hasrat-dy gidişiň.
Sen menden ädime-ädim uzaklaşdygyň saýyn çöküp galdy bedenim şol duran ýerimde.
Näçe terk edişlere daýanan bu ýürek,şol pursat şol ýerde ýeňlipdi.
Beýle ejiz däldim men, özümi ýitirdim,özlügimi ýitirdim şol pursat..
Gitdin..
Gelen günüň gitjegiňi bilerdim,gidişiňe taýardym. Az wagtymyz barlygyny duyardym,wagtymyz juda azdy.
Wagty bolmalydy we sen gitmelidiň.
Men bolsa giden günüň ertesi ,durmuşymyň galan ýerinden dowam etdirmekçidim muny başarmadym.
Gitdin..
Bir zatlar islediňmi menden?
Gal diýmegim islediňmi?
Soňky gezek"Seni söýýän diýdiňmi?"
"Garaş men gelýän,diýip umyt berdiňmi?"
Ýok hiç zat sözlemän gitdiň.
Gittin..
Nirä gideniň parhy ýokdy.
Müňlerçe kilometr uzaklarda bolsanda,iki metr ýanymda dursaňda indi parhy ýokdy.
Indi sen ýokduňň..
Asyl bu düşünje meni gynaýardy.
Senden gutulmalydym,senlik duýgylarymdan,hyýallarymdan,senden dynmalydym, dynmalydym.
Gitdin..
Unudulanlaryň arsyna goşulmalydyň ömürlik unudulmalydyň.
Bu söýgä nokat goýmalydym,bu söýgüden geçmelidim emma başarmadym.
Gitdin..
Bir okeýan içinde,küregini ýitiren deňizçi mysaly ýaňlyz galdym.
Seni söýmekden hiç haçan geçmedim,bil ki söýgümi ýüregimde saklap ýörendirin.
Belki sen bu sözleri okaýansyň.
Seni hiç unutmadym Gülüm!!!


Awtory Hanweli.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir