JELEPÇILIK MIRASY

Ylahyýetçi Abdylla Akyn şeýle diýýär:“1924-nji ýylda Çanakkalede we Bursada jelephana hökmünde ulanylýan metjitler bardy!”Işigaýdan taryha öz hyýallarynyñ isleýän ugrundan baha berjek bolýar!Ýokary okuw jaýlarynda duýgylary bilen hereket edýän şular ýaly jahyllaryñ sany bar, sajagy ýok...Ýogsam bolmasa, serediñ, taryhy hakykatlar näme diýýär:Osmanly döwleti Birinji jahan urşundan ýeñlip çykdy. (Ýöne uruş Osmanly üçin 1912-nji ýylda Balkan urşy bilen başlady. 1922-nji ýylda Izmire girilende gutardy, ýagny, uruş tutuş on ýyllap dowam etdi.)Ilatyñ sany ýigrimi milliondan göni on iki milliona düşdi.Urşuñ gynançly netijeleri agyr jemgyýetçilik trawmalara ýol açdy.Imperiýa çökende raýatlaryny-da doly çöküşe uçratdy. Bir uly halk ruhy taýdanam ölýärdi.Problemalar garaşylşyndanam çökderräk boldy. Mysal üçin, 1916-1922-nji ýyllarda öz janyña kast etme wakalary çendenaşa köpeldi! Ýaramaz şertler netijesinde çaga ölümleri 99%-e ýetdi. Garyplyk zerarly zenanlar günädigine garamazdan abort etdirmegä endik etdiler. Adam ömrüniñ ortaça dowamlylygy otuz ýaşa çenli peseldi...Humarly oýunlar şeýle bir ýaýrady welin, soñabaka ony "milli apat" saýmaga başladylar. Neşe serişdeleriniñ ulanyşy görnetin artdy. Hem güzeran derdi jelepçiligi ýokarlandyrdy!Ýaşamak üçin ölmez-ödi - bir döwüm çörek üçin aýal-gyzlar tenini satyp gazanç etmäge başladylar. Wagtlaýyn ýaraşyk döwründe (1918-1922) Stambulda bäş müñden gowrak aýal-gyz jelepçilik edip gün görýärdi. Hawa, urşuñ weýrançylygy jemgyýetçilik gurluşyny çepbe çöwrüp taşlady. Ykdysady bökdençlikler, ýeter-ýetmezlik ahlak ýaly tradisin kadalary ýykan-ýumran etdi. Jelepçilik musulman zenanlaryndanam sowa geçmedi. Özem... weneriki keseller, siflis, bil sowuklamasy (sözenek) çaltlyk bilen Anadolynyñ hemme ýerine ýaýrady.Jelepçilik we weneriki keseller respublikamyza Osmanlydan "miras" galdy!
■ Abdylhamyt II
Jahyllar respublikamyzy "jelephana açan režim" hökmünde tanatjak bolup jan edýär. Ýogsam bolmasa... ilkinji oturymly jelephanalar Osmanlyda 1812-nji ýylda Soltan Mahmyt II-niñ döwründe açyldy.Ilkinji resmi umumhanalar ("публичный офис", ýagny jelephana) 1884-nji ýylda Soltan Abdylhamyt II-niñ ýörite rugsady bilen ("meýlishana" ady bilen) Galatada we Perada açyldy.Dowamy-da geldi, jelephanalar yzly-yzyna açyldy. Anadolynyñ hemme ýerine ýaýrady...Hawa, Birinji jahan urşunyñ weýrançylygy jelepçilik söwdasynyñ gerimini giñeltdi. Seks - güzeran dolamagyñ pişesine, zenanlar "haryda" öwrüldi. Polisiýanyñ berýän maglumatyna görä, Stambulda 3 müñ 104 resminamaly we müñden gowrak bikanun işleýän (olaryñ 804-i musulman) jelep bardy.1915-nji ýylda jelephanalaryñ sany 359-a ýetdi! Mundan beýläk aýallara "işlemek üçin rugsatnama" (“çalyşma wesikasy” berlip başlandy.Meseläniñ başga bir gynançly tarapy bardy: gözegçilik ýokdy, jelepçiligi kadalaşdyrýan normalar ýokdy. Şonuñ üçinrm weneriki keseller örç alyp ýaýrady. Hawa... Azat-edijilik urşy diñe söweş meýdanlarynda bolup geçmedi…Ankara hökümeti ilki Anadola, soñra Stambula giñden ýaýran, we howpurgadyjy meselä öwrülen jelepçilige garşy göreşmäge başlady.Başy Stambuldan başlanan çäreler arkaly ýurtdaky jelephanalaryñ sanyny 110-a çenli azaltdy. Gizlin jelephana ýöredýän bandalara garşy çynlakaý göreş başlady.Diñe Stambulyñ Weneriki keseller müdirliginde ("Istanbul Emrazy Zührewiýýe Müdüriýeti") hasaba alnan 523 sany weneriki keselli zenan bardy. Olary-da keselden saplamak üçin bejergä başlandy.Emma bu çetin göreş añsat düşmedi. Şeýle...
■ Dinçi mebuslar (deputatlar) garşy çykdy!
Ah, bu "kelleler"!Ýokary halk mejlisiniñ (TBMM) 1920-nji ýylyñ 30-njy dekabrynda "Siflis kanuny" (“Frengi kanunu”) ady bilen kanunnama çykarmagyna käbir deputatlar garşy çykdy. "Aýallaryñ lukmançylyk bejergisini almagy baradaky bölümiñ tutuşlygyna kesilip aýrylmagyny" talap etdiler, nämemiş - musulman aýal-gyza el degirmek günämiş! Barha artýan jelepçilik we weneriki keseller olaryñ piñine-de däldi. Doktor Emin (Erkul) beý kürsüde oturan ýerinden "Könelşen beýniler garşy çykýar diýip, halkymyzyñ ölmesine adam hökmünde, lukman hökmünde tomaşa edip oñar öýtmäñ!" diýdi welin, mejlis aýaga galdy. Deputatlar Hoja Tewfik, Şeýh Şemseddin, Ýozgatly Hasan, Hoja Fehmi, Hajy Mustapa onuñ üstüne ýöneldi.Ýagny... kanunlar hem gaty uly kynçylyklar bilen çykaryldy. Jelepçilige garşy göreş añsat düşmedi.Tenini satýan wagty (“jürmi meşhudu”) ele düşen aýal-gyzlar bejergä äkidildi. Olary bu gabahat işden el çekdirmek üçin kömek edildi. Netijede... 1925-nji ýyldan başlap jelepleriñ sany azalyp başlady. Mysal üçin Stambulda jelepleriñ sany 1926-njy ýylda 869-a, 1927-nji ýylda 793-e çenli pese düşdi.Gynansak-da, Demokrat partiýanyñ häkimiýet süren döwründe, kazinodyr pawilýon ýaly wagtyñy hoş geçirýän mekanlaryñ artmagy bilen jelephanalardyr jelepleriñ sany-da artmak biken boldy. 1960-njy ýylda amerikan esgerleri müşderi boljakmyş diýip, Stambul jelephanalarynyñ daşy heklendi! Gepimi uzaldyp durjak däl...Respublikamyzyñ ilkinji ýyllarynda jelepçilige garşy aýgytlaýjy göreş alyp barandygy mälimem bolsa, bugünki gün utanman-uýalman "metjitler jelephana edilipdi" diýip, ýalan sözläp bilýärler. Gözleri gapylypdyr bularyñ.Ýüzleri bar bolsa, şu günki gelip ýeten ýagdaýymyzy hem aýtsynlar!Premýer-ministrligiñ garamagyndaky Adam hukuklary guramasynyñ geçiren barlaglaryna görä... AKP-niñ häkimiýete gelen 2002-nji ýylynda resmi taýdan hasaba alnan we hasaba alynmadyk jelepleriñ sany 25 müñe ýetipdir.Ankaranyñ Söwda palatasynyñ 2004-nji ýyldaky maglumatnamasyna görą bolsa, jelepleriñ sany 100 müñe ýetipdir.Ankara uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ professory Aýşegül Akbaýyñ 2016-njy ýyldaky geçiren barlaglary eýýäm bu sanyñ 150 müñe ýetendigini görkezdi!Ýörite rugsatnama almak üçin jelephanalaryñ gapysynda 40 müñ aýal-gyz nobatda dur!Sosial ýara, nogsanlyklarymyz barha ulalýar, bular bolsa häzirem Atatürk bilen gidişýärler!Bugün segsen ýaşly H. agtyklaryny okatmak üçin bary-ýogy 5 lira üçin Izmirde işleýär.Ýeri, taryhy ýoýdy-tañ etdiñ... käşgä utanmak duýgusynyñ nämediginem bilsedi bu jahyl ylahyýetçi!

Soner ÝALÇYN.
"SÖZCÜ" gazeti, 01.03.2018 ý.
Terjime eden: Guwanç Mämiliýew

www.kitapcy.com

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir