Gündizki uky üçin iň amatly wagt aýdyldy
Biologiýa ylymlarynyň doktory Wladimir Dorohow "Weçernaýa Moskwa" bilen bolan söhbetdeşlikde dynç almak üçin gündiz näçeräk uklamalydygyny aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Onuň sözlerine görä, günüň dowamynda, takmynan, 20 minut ýatmak ýeterlikdir.

"20 minutdan artyk ýatsaňyz, uky çuňlaşar. Ondan doly açylmak üçin wagt gerek. Muňa "ukynyň inersiýasy" diýilýär" - diýip, lukman düşündirdi.

Ol çuňňur ukudan açylmagyň 20-40 minut dowam edýändigini, munuň bolsa iş şertlerinde amatsyzdygyny aýtdy.

"Şeýle-de bolsa, iş gününiň kesgitli bir tertibi bolmadyk adam üçin bir sagat uky oňa doly açylyşanyndan soň agşama çenli şähdaçyk bolmaga mümkinçilik berer" - diýip, hünärmen belledi.

Dorohow gündiz dynç almak üçin iň amatly wagtyň sagat 13-15 aralygydygyny aýtdy.

"Biziň bedenimiz şu wagt aralygynda ukymyz geler ýaly edilip döredilen. Sagat 17-den soň bolsa bir sagatdan artyk ýatmak maslahat berilmeýär - bu gijeki ukyny bulaşdyryp biler. Hiç uklap bilmezligiňiz mümkin" - diýip, lukman duýdurýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir