BSGG koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjak möhletini aýtdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus brifingde COVID-19 hem-de 1918-nji ýyldaky «ispan dümewi» bilen bagly ýagdaýy deňeşdirip, häzirki pandemiýanyň tamamlanjak möhletini hasaplady. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
«Biziň ýagdaýymyzda tehnologiýalaryň göwrümi giň. Uly aragatnaşyklarda wirus çalt ýaýraýar, ýöne bizde ony saklamak üçin tehnologiýalar bar. Şeýlelik bilen, bizde global we işjeň özara gatnaşyk görnüşinde kemçiligimiz bar, ýöne tehnologiýalarda üstünligimiz hem bar. Şonuň üçin biz bu pandemiýany iki ýyldan az wagtyň içinde tamamlamagy umyt bildirýäris» – diýip, Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy.
Öz gezeginde, BSGG-niň adatdan daşary keseller bölümçesiniň tehniki toparynyň ýolbaşçysy Mariýa Wan Kerkhowe guramanyň COVID-19-yň özgerişini kesgitlemek boýunça iş toparyny döredendigini habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, özgermäniň kesele we onuň özüni alyp barşyna nähili täsirini ýetirýändigini anyklamak üçin köpräk barlag işlerini geçirmeli.
BSGG-niň soňky maglumatlary boýunça, dünýäde 22,2 milliondan gowrak kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 782 müňden gowrak adam ýogaldy.
BSGG koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjak möhletini aýtdy
-
wagt
4 years ago
- Ýa-da, kim bu "yazgynyñ" awtory, iñ bolmanda alnan çeşmesi? Okyjynyñ gözünde iñ bolmanda anyk maglumata golayrak edip yayradyñ yayradyan zadyñyzy...
-
12
4 years ago
- wagt agza edýän bellikleriňiz we tankytlaryňyz bilen ylalaşýan.
" kim bu "yazgynyñ" awtory, iñ bolmanda alnan çeşmesi? " busoragyň jogaby goýan tekstimiň birinji abzasynda barmyka diýip pikir edýän .
wagt 4 years ago- BSGG diyilyän kezzaplar guramasy ýalan sözleýär. Bir hepdikde Gebresiusyñ hut özi "korona pandemiýasynyñ weýrançylygy on ýyla golaý wagt gider, hatda onuñ waksinasy hiç wagt tapylman galmagy hem ahmal" diýip çykyş etdi. Iki-üç gün geçdi welin, Putin çykyp waksinany biz eýýäm tapdyk diýip...
Bu gün nädip BSSG pandemiýanyñ haçan gutarjagyny, anyk möhletini aýdyp bilýärkä?
Düýnki mälim eden beyannamasy bugünkä, bugünkisi ertirkä gabat gelmeýän "gurama" mälim edýän maglumatlaryny başga planetalarda yaşayanlaryñ dowletinden alyp berýärmikä, hiç bir maglumaty dünyä dowletleriniñ beryan maglumatlaryna dogry gelenok. Halys etmäge iş tapmasalar, kesel bar ýere gelip kesel ýok eken diyip gidyarler. Kim nãme ü.n bu boş maglumatlara ynanmaly onsoñ?
Aslynda name ü.n şol kezzaplaryñ "aýakçylygyny" edip, olaryñ ýalan maglumatlaryny ýaýradýarsyñyz?...
Hany biziñ öz sözümiz, hany biziñ öz garaýşymyz, öz kesgitlemämiz, öz çaklamamyz?