Almaly berhiz howply — «Rospotrebnadzor»
«Rospotrebnadzor» diňe almadan ybarat bolan berhizleriň saglyga howp salýandygyny duýdurdy. Şeýle ýagdaýlarda bedene aşa köp süýüm girýär, bu bolsa kolit, baş we gastrit kesellerini güýçlendirýär diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

«Almada gaty süýümiň uly bolmadyk mukdary jemlenen, ýöne diňe alma iýmek bilen birsyhly berhiz tutulanda, onuň bedende gereginden aşa köpelmegine sebäp bolýar. Netijede, kolit, baş we gastrit güýçlenýär. Her gün kabul edilen miwe kislotalarynyň köp bolmagy öt haltasynyň çişmegine sebäp bolýar» diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, dogry ulanylanda, almanyň peýdasynyň köpdügini bellemek gerek, sebäbi onuň düzüminde B witaminleri, beta-karotin, askorbin kislotasy, flawonoidler we beden üçin peýdaly köp sanly mikroelementler bar.
Almanyň şäniginde hatda B17 witaminine garşy amigdalin glikozidi hem bar, ýöne ol diňe ortaça mukdarda kabul edilende peýdaly, köp mukdarda bolsa ol zäherli bolýar diýip, «Rospotrebnadzor» nygtaýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir