ŞAMANIZM DINI
Şamançylyk ㅡ ilkidurmuş obşina gurluşygynyñ dargap başlan döwründe dörän dini ynançdyr. Ol animistik ynamlaryñ hem-de kultlaryñ giñ toparyny öz içine alýar. Şamançylyga uýýan belli-belli adamlarda aýratynam bir güýç bar, şol güýje eýe bolanlar adamlar bilen ruhlaryñ arasynda araçynyñ roluny ýerine ýetirip biler diýip düşünipdirler. Iş ýüzünde şamandan köp zada garaşylypdyr. Näsaglar öz kesellerine şypa tapmak isleseler, käbirleri üýtgemegini, ýagyş ýagmagyny, Günüñ çykmagyny, howanyñ salkyn bolmagyny şamandan sorapdyrlar. Adamlaryñ arasynda özüniñ geljegini bilmäge çalyşýanlar hem az bolmandyr, aradan çykan adamlaryny ahyrky ýoluna ugratmak hem köplere añsat düşmändir. Şamançylyga uýýanlarda bu işleriñ hemmesine şaman kömek eder diýen düşünje bolupdyr. Halklaryñ bir toparynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem keselleriñ köpüsi erbet ruhlaryñ, al arwahlardyr, jynlaryñ günäsi bilen peýda bolýar diýen ynanç bolupdyr. Şol ýaramaz ruhlary kowup çykarmaga şamanyñ roluny oýnaýanlar kömek etmeli bolupdyr. Şaman bolsa köplenç ot ýakyp, onuñ üstünden böküp, töwereginde aýlanyp, keselleriñ sebäpkärlerini ''kowupdyr''.
Animatizm ㅡ bu hem gadymy dinleriñ biridir. Animatizm adamlaryñ, ozaly bilen bolsa, ölenleriñ janyna ynanmakdyr. Öz ýogalan ata-babalarynyñ ruhlaryny hatyralamak bilen adamlar O dünýäde ölüleriñ kömegi ýeter diýip düşünipdirler.
www.ertir.com arhiwi.
wagt 4 years ago- Şamanizm diýen din ýok.. Şamanizm - dini häsiýetli rituallaryñ jemi.