Biziñ hemmämiz onuñ gelerine sabyrsyzlyk bilen garashdyk.
Wagt geçdi...
Onuñ geljek günleri ýakynlaýardy.
Ylaýyk öz doglan günümdem bir gün öñ eýjejigim aramyza geldi...

Ony elime alan ilkinji pursadym ellerim titreýärdi. Begençden ýaña damagym dolup aglanym ýadymda.
Ähli agyrlarym elime alan pursadym zym-zyýat boldy.
Entegem, hat-da häzirem özimiñ eje bolanyma ynanyp bilemok. Aýnada özimi synlaýan.
Shol öñki gyzkamdaky ýaly,boý-syrat, ýashajyk eje keshbiniñ menligime ÿene tolgundym...
Her gün ir bilen oýanyp eýjejigime buýsanýan, ýañaklaryndan ogshaýan.
Agshamlaryna ýatmanka entek kiçem bolsa, erteki aýdyp berýän,ol bilen gürleshýän.
Özim hakda, kakasy we mashgaladaky beýlekiler barada aýdyp berýän.
Arasynda ýylgyrsa dagy, shol günüñ nädip geçenini bilemok... Her gün ulalýanyny bilmek üçin surata alýan.
Her gün göremsoñ,hiç ulalýanyny bilip bilemok...
Inshallah wagtyñ geçmegi bilen ullakan bolup gider...
Oña "shu günlerdäki ýaly geljekde hem buýsanmak nesip etsin" diýip dileg edýän...

Awtory:@sary_gurjak

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir