Kiodo ýapon agentligi bir gezeklik lukmançylyk örtükleriniň planetanyň ekologiýasy üçin howpludygyny habar berdi. Pandemiýa sebäpli bu gorag serişdesi söwdada giň gerime eýe boldy. Hatda yssy tomus döwründe-de tutuş dünýä boýunça ol peýdalanylýar. Ýöne adamlaryň aglabasy şeýle howply galyndyny nähili ulanmalydygyny doly bilmeýärler. Mundan başga-da, käbir ýurtlarda ulanylan örtügiň dogry ýok edilmegi üçin hiç hili şert hem ýok, diýip live24.ru habar berýär.
Agentlik dünýäniň dürli künjünden daýwerleriň sözlerini getirýär. Olaryň aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň kenarýakalarynda taşlanylan bir gezeklik örtükler eýýäm ýüzüşip ýör. Sebäbi, adamlar ulanylandan birnäçe sagatdan soň, örtükleri zyňýarlar. Lukmançylyk galyndylarynyň sany Türkiýede we Ýewropa ýurtlarynda ýokarlandy. Fransiýadan ekologlar deňizleriň we ummanlaryň suwunda tiz wagtdan meduzalaryň däl-de, örtükleriň has köp mukdarynyň bolmagyndan howatyrlanýarlar.
“Bir ýüz örtügine häzirki wagtda adamlar tarapyndan iýilýän iýmit bolan balykda hem-de deňiz duzunda duş gelýän mikroplastika bölejiklerine dargamak üçin ýüzlerçe ýyl gerek bolýar” – diýip, OceansAsia guramasy ýazýar. Diýmek, plastika biziň organizmimize hem düşýär, bu bolsa iň agyr keselleriň we intoksikasiýanyň ýüze çykmak howpuny güýçlendirýär. Şeýle-de, taşlanylan lateks ellikleri hem uly howp salýar, olar ekologiki betbagtçylyklary güýçlendirip bilýärler.
Bu meseläniň çözgüdi bar, ýöne hökümetleriň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalary gerek bolýar. Birinjiden, örtükleri dogry ulanmak gerek. Ikinjiden, köp wagtlyk hyzmat edýän hem-de ýuwup bolýan matalardan köp gezeklik örtükleri işjeň ulanmaly. Agentlik häzirden çäreler kabul edilip başlanmasa, bu ýagdaýyň hakyky betbagtçylyga getirjekdigini belleýär.
Köp gezeklik örtükleri dogry ulanmak üçin, olary ýygy-ýygydan ýuwmaly we bug bilen arassalamaly.
Jeksparro 4 years ago- A näme okeanda şu wagt deñiz jandarlarynyñ içinde meduza iñ köpümikä!?