Gadym zamanlarda patyşanyň köşgüniň aşhanasynda işleýän bir adam bar eken. Ol adamyň bar işi aşhanany suw bilen üpjün etmek bolupdyr. Ol her gün köşkden gaty uzak bolmadyk bir guýudan suw daşapdyr. Bu işi etmegi üçin onuň iki sany setili, birem uzyn taýagy barmyş. Setilleri taýagyň iki ujuna asyp, taýagy hem egnine atyp suw daşaýan eken.
Setilleriň biriniň aşagynda deşik bolup, ol ýerden suw syzyp durýar. Beýlekisi abat bolup, hiç hili nem syzdyranok. Guýudan aşhana barýançalar, abat setil suwdan doluja bolup gelýär, ýöne beýleki setil zordan suwunyň ýaryny getirýär.
Bu ýagdaý iki ýyllap şeýle dowam edýär. Aşhananyň suwçusy her gün iki setilli gidip, bir ýarty setil suw getirýär.
Abat setil özüniň işbaşarjaňdygyna monça bolýan eken, bibat setil bolsa, öz wezipesiniň diňe ýaryny edip bilýändigine utanyp gezýän eken.
Ahyry bir gün guýynyň başynda suw syzdyrýan setil suwça:
– Senden ötünç sorasym gelýä, dogrusy men-ä öz ýagdaýymdan utanýanam – diýipdir. Suwçy:
– Näme üçin utanýaň? – diýip sorapdyr. Setil:
– Sebäbi eýýäm iki ýyldyr deşik sebäpli suwuň hemmesini aşhana eltip bilemok. Öz etmeli işimiň ýaryny edýän, onam zo-ordan. Meň kemçiligim zerarly seňem işiň kynlaşýa. Köp gatnamaly bolýaň – diýýär. Suwçy:
– Onuň ýaly bolsa hiç-le. Häzir gaýdyp barýakak, ýoluň gyralaryna seret. Şol ýerdäki özgerişlere – birenaýy açylyşyp oturan güllere syn et – diýýär.
Synlap görse, hakykatdanam, guýa gidýän ýodanyň bir tarapy gülzarlyk bolup dur. Setil muny görüpdir-de, ygtyýarsyz:
– Bäý-bä, bäriniň owadandygyny! Men näme üçin bulara öň üns bermedimkäm?! – diýip haýran galypdyr. Suwçy:
– Gördüňmi, gülleriň diňe seň tarapyňda bitendigine üns berdiňmi?! Muň sebäbi, men seň kemçiligiňi öňräkden bäri bilýän. Men şondanam peýdalanmagyň ýoluny agtardym. Soň şeýle pikir kelläme geldi: suwdan gaýdyşyn seň düşýän tarapyňa gül tohumlaryny sepdim. Senem olary, özüň bilmeseňem, her gün suwlaberdiň, suwlaberdiň, suwlaberdiň. Iki ýyl bäri men şol güllerden ýygyp, patyşanyň saçagyny bezeýän. Seniň şu ýetmeziň bolmadyk bolsa, ne ýodaň boýunda gül biterdi, ne-de men patyşaň saçagyny güller bilen bezäp bilerdim!
Suw syzdyrýan setil
-
Rakuten
4 years ago
- Her serde bir hayyr bar
yashalym 4 years ago- Waow super @bank yaman halad ertekini