BERWICK TOKAÝLYGYNDA WIDEOKAMERA DÜŞEN RUH
Wideoýazgylara düşirilýän, fotosýomkalar, suratlaryñ birenteginde göze ilýän ruhlaryñ barlygy geçen asyrdan bäri hemmeleri haýrana goýýar. Gowşak ýüreklilere görmegi maslahat berilmeýän şol surat şekillerdir, wideoýazgylar geñ-tañsy hadysalaryñ biri hasap edilýär.
Amerikanyñ Birleşen ştatlarynda Morgan Citynyñ ýakynlarynda Berwick tokaýlygynda wideo ýazga düşürilen bu şekil hakda näme diýjeksiñiz!?
Şolar ýaly wideokamera ýazgysyna düşen ruhy barlyklar hakynda www.ntw.com.tr internet sahypasy habar berýär*.
2010-njy ýylyñ 30-njy noýabrynda tokaýlykda berkidilen kamera ýazgysyndan kesilip alynan we 4 minut 39 sekunt dowam edýän bu iniñi tikeneklediji wideoýazga kel kelleli, agzy açyk, ýalañaç adam şekilli bir mahluk it oýnuny görkezip gözden gaýyp bolýar.
Wideoýazga şeýle seredip otursañ bildirenok, bir zatlar galgap gidýär, emma kamerany doñduryp seredýäñ welin iki gözi kameranyñ yşygyna düşüp ýaldyrap duran, özem ýalañaç hem gorkunç sypatly adam eýläk-beýläk bökjekleýär welin muña ynanmak hem kyn düşýär. Dört minutlyk kamerada maska dakynan ýaly biri kamera seredip bir hili hereketler edýär, emma onuñ çalt hereketleri adamyñ hem başaryp biljek hereketleri däl diýdirýär. Onuñ gözi kameranyñ yşygyna düşýär ýa-da gözleri parlaýar diýmeseñ onda kän bir gorkara zadyñ ýokdugyny aýdýanlar bar.
Bu wideony ýazga alan tokaý awçysy özüniñ kimligini tanatmazdan Wildgames Innovations saýtyna ýükledi. Kameradaky şeýle gorkunç hereketlere şok bolan awçy gorkuly wakalary başyndan geçirendigini, kamerany bolsa döwendigini, ýöne ýazga zeper ýetmezden ýazdyryp alandygyny aýdýar.
Internet ulanyjylaryñ käbirleri bu ýazgylaryñ ýalandan düşürilendigini ýa-da şondan birnäçe ýyl mundan ozal piýasiýa sürdürilen bir oýundan kesilip alynandygyny hasap edýärler.
* https://www.ntv.com.tr/yasam/hortlaga-benzeyen-bu-yaratik-da-ne,JlTTMx5UFku5MbkinOSytA saýtyndan peýdalanyldy.
http://kitapcy.com news/2020-06-23-11850
Berwick tokaýlygynda wideokamera düşen ruh
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Wideosyny gördüm, oýlandyryjy.
-
Jeksparro
3 years ago
- chikozabr...
Jeksparro 4 years ago- Muña näme diyersiñiz? Pikiriñiz yokmy!?