Türkmenistanyň harby wekilleri Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşýar
Dünýäniň 13 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan harby wekiller 24-nji iýunda Moskwadaky geçiriljek Gyzyl meýdançada 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşarlar. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat gullugyna salgylanyp, CentralAsia.news habar berýär. Beýik Ýeňşiň ýubileý senesi üçin geçirilýän dabaraly harby ýörişe Türkmenistandan 70 harby wekilden başga-da, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan we Özbegistandan harby işgärler gatnaşar. Olaryň köpüsi 15-nji iýunda Alabinodaky dabaraly meýdançada geçirilen okuw sapagyna gatnaşdy.
Dabaraly harby ýöriş 24-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlar. Bu barada harby ýörişiň serkerdesi goşun generaly Oleg Salýukow habar berýär.
Baýramçylyk ýörişine13 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagyna garaşylýar, 234 sany ýerüsti harby enjamlar gatnaşar. Bu taryhy taýdan alanyňda, örän uly görkezijidir.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ozal epidemiologik ýagdaý bilen baglanyşykly Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişi yza süşýüripdi.
Beýik Ýeňiş mynasybetli ilkinji dabaraly harby ýöriş 1945-nji ýylyň 24-nji iýunda Gyzyl meýdançada geçirilipdi.
MrOKaS 4 years ago- Turkmenler nahili gornishde gatnashyanlygynam bilmek gyzykly