Koronawirus pandemiýasynyň täsiri sebäpli Ýewropada Gresiýanyň ýaşaýjylary maliýe taýdan has kynçylyk çekdiler. Bu barada Bloomberg agentligi Intrum AB şwed kompaniýasynyň pikir-soraşmasyna salgylanmak bilen ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.
Şeýle-de, iň garyp düşen ýurt hökmünde Rumyniýa hem atlandyryldy. Skandinawiýada çökgünligiň negatiw netijeleri durmuş derejesine täsirini az ýetirdi.
Sorag edilenleriň üçden bir bölegi olaryň maliýe ýagdaýynyň geljek alty aýyň içinde pese düşjekdigine ynanýarlar, respondentleriň diňe 23 göterimi ýagdaýyň gowulaşmagyna garaşýar. Ýarysyndan gowragy (54 göterimi) girdejileriň peselendigini aýtdylar, sorag edilenleriň üçden bir bölegi çykdajylar bilen has seresaply bolmaga çalyşdylar. Ýewropanyň her bäşinji ýaşaýjysy gündeki çykdajysyny ýapmak üçin karzyna ýaşap başlady.
Pikir soraşma maý aýynda 24 Ýewropa döwletinden 4800 adamyň gatnaşmagy bilen geçirildi.
Öň, dünýä ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda 5,2 göterim peseljekdigi habar berildi, ýagny Ikinji jahan urşundan soň iň ýokary pese gaçyşlyga garaşylýar. Ýer ýüzüniň ýaşaýjysynyň üçden bir bölegi işini ýitirmek howpunyň astyna düşer. Girdeji ýitgisi 3,4 trillion dollara ýetip biler, işsizligiň derejesi bolsa 17 göterimden hem geçip biler.
yashalym 4 years ago- Su covid-19 hemme dowlede tasir etde beyle kol cykdayjy cykyp barya tizrak su zatlardan sagaman gutylaly....