Bil Geýt­s(iňlisçe: Bill Gates)

“Micro­soft şe­re­ke­ti­ni“ esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň, şeýle hem dün­ýä­de iň baý we jo­mart ha­ýyr - sa­ha­wat­çy­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bil Geýts dün­ýä­de iň tä­sir­li şahsyýetleriň bi­ri­dir. Ol komp­ýu­ter se­na­ga­ty­nyň iň bel­li brend­le­ri­niň bi­ri­niň esas­lan­dy­ry­jy­sydyr.

Sto­luň üs­tün­de go­ýul­ýan her bir komp­ýu­te­riň bi­ri “Micro­soft”-yň prog­ram­ma­sy­ny ulan­ýar di­ýen ýa­ly­dyr. “For­bes“ žur­naly­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Bil Geýts 1996 – 2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da dün­ýä­de iň baý adam­la­ryň bi­ri bo­lup, uzak ýyl­lar­dan bä­ri bi­rin­ji or­ny eýe­läp gel­ýär.

Geýts 1955-nji ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da ABŞ-nyň Wa­şing­ton şta­ty­nyň Si­et­le şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär we şol ýer­de ula­l­ýar. Onuň ka­ka­sy Uil­ýam Geýts II Si­et­le­de ak­law­jy bo­lup­dyr, eje­si bol­sa mek­dep mu­gal­ly­my we “Uni­ted Way” at­ly ha­ýyr – sa­ha­wat gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li bo­lup­dyr. Geýts we iki uýa­sy oňat ter­bi­ýe alyp­dyr we Geýt­se ikin­ji ýö­ri­te­leş­di­ri­len “La­ke­si­de Scho­ol”-da oka­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­räp­dir.

Bil 13 ýa­şyn­da­ka özü­niň il­kin­ji prog­ram­ma­sy­ny – BA­SIC prog­ram­ma­sy­nyň di­lin­de “Ata­nak nol­luk” at­ly oý­nu­ny ýa­zyp­dyr. Bill Geýts 1973-nji ýyl­da Pol Al­len bi­len hyz­mat­daş­lyk eden ýe­ri Gar­ward uni­wer­si­te­tin­de oka­ma­ga baş­lap­dyr. Geýts we Al­len “MITS Al­ta­ir” (il­kin­ji mik­ro­komp­ýu­ter) üçin esas bo­lan “BA­SIC” di­li­niň nus­ga­sy­ny prog­ram­ma­laş­dyr­ma­gyň üs­tün­de iş­läp­dir­ler. Ol “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on” at­ly dün­ýä­de komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji iri şe­re­ke­ti ýo­la goý­ma­ga gi­riş­mek üçin Gar­ward uni­wer­si­te­ti­ni taş­la­ma­ly bol­ýar.

Geýts we “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on”
Bü­tin dün­ýä­niň adam­la­ry we kär­ha­na­la­ry öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ama­la aşyr­mak­la­ry üçin ”Micro­soft” öz mis­si­ýa­sy­na baş­la­ýar. Bil Geýts we onuň hyz­mat­da­şy Pol Al­len Gar­ward­dan gaý­dan­dan soň­ra, komp­ýu­ter se­na­ga­ty­na öz­ge­riş­lik ge­ti­rip­dir­ler. Geýts her bir ofis sto­lun­da we her bir öý­de komp­ýu­ter bol­ma­gy­ny ile­ri tu­tup­dyr.

1975-nji ýyl­da komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji “Micro-Soft” şe­re­ke­ti­niň düý­bi tu­tul­ýar. Ba­sym onuň ady ýö­ne “Micro­soft” bol­ýar we adam­la­ryň komp­ýu­ter­le­ri ula­ny­şy­ny bü­tin­leý öz­gert­mä­ge gi­riş­ýär.

“Micro­soft” komp­ýu­te­riň ula­ny­ly­şy­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge kö­mek et­di, ony ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, prog­ram­ma bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­di, oňa söw­da-da uly üs­tün­lik ge­tir­di. “Micro­soft”-yň üs­tün­li­gi “MS-DOS” ama­ly ul­ga­my bi­len baş­lap, Geýts öz oý­lap ta­pan za­dy üçin yg­ty­ýar­na­ma al­ýar. “Micro­soft Win­dows” bol­sa, 1985-nji ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar.

Bil Geýt­siň baý­ly­gy 2012-njy ýyl­da 66 mil­liard dol­lar­dan gow­rak diý­lip, ha­sap edil­ýär­di. Oňa 1996 – 2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da iň baý adam hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Ol dün­ýä­de iň iri ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ryp­dyr. Bil we Me­lin­dy Geýt­siň gaz­na­syn­da 1994 – 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 28 mil­liard dol­lar pul bo­lup, ýyl­da 1 mil­liard­dan gow­rak pu­ly ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne sarp et­mä­ge ýag­da­ýy bo­lup­dyr. Bu gaz­na 2000-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Onuň mak­sa­dy “sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne öw­ret­mekden” ybarat bo­lup dur­ýar.

Bil Geýts “Micro­soft” şe­re­ke­ti­ni­ni kä­mil­leş­dir­mek­de örän iş­jeň rol oý­na­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Ol hä­zir şe­re­ket­de “Baş­lyk” we “Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň baş bi­nä­gä­ri” di­ýen ýa­ly we­zi­pe­le­ri eýe­le­ýär. Ol “Micro­soft”-da öz üs­tü­ne az jo­gap­kär­çi­lik al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär we ne­ti­je­de, özü­niň äh­li wag­ty­ny “Bill we Me­lin­de Geýts” gaz­na­sy­na ba­gyş­la­mak üçin “Micro­sof­ty”-yň ýol­baş­çy­ly­gy we­zi­pe­sin­den gid­ýär.

Bil Geýts 2005-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ang­li­ýanyň ko­rol aýa­lyn­dan “Hor­mat­ly” ry­sar­lyk de­re­je­si­ni al­ýar. Ol ga­ryp­ly­gy azalt­mak we dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da sag­ly­gy go­ra­makda bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin Bri­ta­ni­ýa­nyň “Knight Com­man­der” at­ly iň uly or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ýar.

Bil Geýts özü­niň söý­gü­li aýa­ly Me­lin­do Geýts we üç ça­ga­sy bi­len Wa­şing­ton kö­lün­den uzak­da bol­ma­dyk ýer­de ýa­şa­ýar. Ol oka­mak, golf we brij oýun­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar.

Çeşme://duralga.ru

Tehnologiýa, ulykazy tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir