Hytaýda rak keseliniň üç görnüşine garşy sanjym taýýarlanyldy
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýa Institutynyň alymlary onkologiýanyň üç görnüşini ýeňmäge ukyply bolan täze terapewtik sanjymy döretdiler. Täze sanjym limfoma, melanoma we süýt mäzleriniň rak keseline garşy netijeli bolup çykdy. Bu barada “Science Advances” neşirine salgylanmak bilen ura.news habar berýär.
“Sanjym süýt turşusynyň özbaşdak dikelýän mikrokapsulasynyň esasynda döredilen” – diýip, neşir ýazýar. Şeýle-de, süýt turşusynyň organizmiň antigenleri işläp çykarmaga başlaýan we şunuň bilen rak öýjükleriniň ösüşiniň öňüni alýan immun ulgamyny herekete getirýändigi bellenilip geçilýär. Maddany dikeltme funksiýaly mikrokapsulada ýerleşdirýärler. Kapsulanyň ereme prosesinde antigeniň internalizasiýa prosesi onuň hemişelik we dowamly çykmasy bilen yzygiderli ýagdaýda güýçlenýär.
Hytaý alymlarynyň taýýarlan işi eýýäm synagdan geçdi. Hünärmenler bu usul çiş bilen netijeli göreşýär, metastazlaryň emele gelmegine böwet bolýar we operasiýadan soňky residiwlerden goraýar diýen netijä geldiler.
Rak keseline garşy terapewtik sanjymlar immunoterapiýanyň bir görnüşi hasaplanylýar. Olar organizme rak antigenlerini goýbermek arkaly rak keseline garşy immun reaksiýasyny döretmek bilen hereket edýärler. Ozalky barlaglar rak keselini bejermekde şeýle sanjymlaryň ulanylmagynyň netijelidigini görkezdi, ýöne häzirlikçe rak keseline garşy ABŞ-nyň iýmit önümleriniň we dermanlaryň hiline sanitar gözegçilik boýunça Edarasy tarapyndan goldanylan üç sany terapewtik sanjym bar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir