Allah Tagala Kuran-Kerimde Musa pygamberden (aleýhis salam) habar berip şeýle diýýär: “Halk habarsyzka Musa şähere girdi we iki sany urşyp duran adama sataşdy. Ol adamlaryñ biri Musañ tarapdarydy, beýlekisi bolsa, onuñ duşmanlaryndandy. Musañ tarapdary bolan kişi, duşmanlaryna garşy Musadan kömek sorady. Musa bolsa, ol kişini (duşmany) bir ýumrukda urup öldürdi. Soñra Musa: “Bu şeýtanyñ işidir, şeýtan hakykatdan hem ap-açyk duşmandyr, azdyryjydyr” diýdi.” (Kasas 28 / 15.)
Bu aýatda Musa aleýhis salam mysal berilendir. Çünki Allahyñ duşmany şeýtan, Musa pygamberi gaharlandyryp, ol kişini öldürmegine sebäp boldy. Soñra bolsa, Musa aleýhis salam eden etmişiniñ şeýtandandygyny bilip, puşman bolup, toba etdi.
Çünki bu edilen jenaýata şeýtan tarapyndan berilen was-wasa, gahar-gazap sebäp bolupdy. Gaharjañlyk şeýtanyñ waswasasy bolup, şeýtandandyr. Emma Musa aleýhis salam puşman boldy we toba etdi. Çünki Allah Tagala tobany kabul edýändir we merhemetlidir.
Günümizde-de görüşimiz ýaly mis ýaly çalt gyzyp, gazap atyna münüp, eline gylyjyny alanlar ençeme jenaýatlara, ýaramaz hadysalara sebäp bolup netijede puşman bolýandyrlar. Käbirleriniñ netijesi ölüm bilen käbirleri bolsa uruş-söwüş, dawa-jenjel bilen, käbirleri bolsa gödeklik, göwne degişmek, öýke-kine bilen gutarýandyr.
Çalt gaharlanýan adamlaryñ köpüsi jemgyýetiñ içinde ynsanlar bilen dogry-dürs, dostlykly gatnaşyklar gurmakda kösenýärler. Sähel zat üçin gaharlanyp, ynsanlar bilen işinde, okuwynda tersleşýärler. Bu erbet gylyk-häsiýeti sebäpli maşgala durmuşynda, söwdasynda, okuwynda köp peýdadan mahrum bolýarlar.
Kähalatlarda bolsa, gahar-gazap sebäpli ýüze çykan dawa-jenjelde, ynsanlar birek-birege erbet sözler aýdyp, tersleşip ýyllap, söwüşli gezýän wagtlaram bolýar. Türkmen agasynyñ aýdyşy ýaly: El ýarasy biter, dil ýarasy bitmez bolýar.
Şonuñ üçin hem söýgüli Pygamberimiz Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem): “Maña nesihat et diýip, gelen sahaba: Gaharlanma diýdi. Ol sahaba soragyny birnäçe gezek gaýtalap sorady. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) her gezeginde: Gaharlanma diýip, jogap berýärdi.” (Sahyh Buhari.)
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ol kişini gaharlanmakdan, ar almakdan, akmaklykdan we gahar-gazaba sebäp boljak zatlardan ägä edýärdi. Çünki gahar-gazap ençeme erbetlige eltjekdi.
Hakyky musulman-mü'min kişi, özüne Pygamberimizi (sallallahu aleýhi we sellem) görelde alyp, terbiýesini düzeltmelidir. Olar gaharlanmazlar, başgalaryny gaharlandyrjak zatlaram etmezler. Musulmanlar başgalaryna söwüp, aýyplamazlar we dawa-jedel etmezler. Olar çagalaryna hem Yslam terbiýesini berip ýetişdirerler.
Ebu Wali el-Kass şeýle gürrüñ berdi: Urwe bin Muhammede-Sadiniñ ýanyna gitdik. Bir kişi Urwe bilen gürleşip ony gaharlandyrdy. Urwe ýerinden turyp täret aldy we şeýle diýdi: Kakam, Atam Atiýýeden (radiallahu anh) bize şuny ýetirdi: Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) aýtdy: “Gaharlanmak şeýtandandyr, şeýtan bolsa, otdan ýaradylandyr, ot bolsa suw bilen söndiriler. Şonuñ üçin sizden biriñiz gahary gelse täret alsyn” diýdi. (Ebu Dawud)
Gahar-gazaba sebäp bolan we ynsanlaryñ arasyna duşmanlyk salan şeýtandyr. Çünki ol tekepbirlik we azgynlyk ýolundadyr. Şonuñ üçin hem Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) gaharlanan kişä täret almagy maslahat berýär. Çünki täret, gahar-gazabyñ dermanydyr. Bunyñ ýany bilen gahar-gazap zerarly, durmyşyñyzy zäher etmezligi üçin şeýtandan Allaha sygynmalydyr.
Bir kişi gaharly wagtynda bir ýagdaýdan başga ýagdaýa geçmeli. Dik duran bolsa, otyrsyn, ýatan bolsa, tursyn ýa-da başga otaga geçsin. Gaharly wagtyñda bir zada karar bermekden, birine bir zat diýmekden ýa-da sizi gaharlandyran zada, kişä garşy hereket bilen jogap bermekden ägä bolup, özüñi sowuk ganly alyp barmalydyr.
Musulman kişi her bir ýagdaýda Allah Tagalanyñ görüp duranyny unutmaly däldir we özümizi Allahyñ razylygyny gazandyrjak görnüşde alyp barmalydyrys.

Gabanmak.

Gabanmaklyk duýgusy dinimizde öwülen wasypdyr. Ar-namysly ynsanlaryñ waspydyr. Gabanmaklyk binamyslyga, edep-haýasyzlyga garşy, Allah Tagala tarapyndan bize bagyş edilen ruhy güýçdir we bagtyñ bir görnüşidir.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem): “Kim maşgalasy üçin öldürilse, şehitdir.” (Tirmizi) diýýär. Başga rowaýatda bolsa: “Kim namysy üçin öldürilse, şehit bolar.” diýendir.
Öz aýalyny, gyz jigilerini, doganlaryny we maşgalasyndaky zenanlary keseki, nä-mährem erkeklerden gabanmak, zenanlaryñ uzak ýerlere, hususanam daşary ýurtlara söwda-işe, okuwa mähremsiz gitmegine, ýat ýurtlardan ýabany ýatyp-turyp ýörmegine rugsat bermezlik ar-namysdandyr. Zenanlaryñ keseki erkekler bilen gürleşmegini, bir salym hem bolsa, ýeke başa-baş galmagyny, musulmançylyga ters ýarym açyk, dar, özüne çekiji ýa-da başy açyk gezmegini gabanmak ar-namysdandyr.
Her bir musulman erkek öz maşgalasyndaky zenanlary kesekilerden gabanmalydyr. Çagalyrymyza yslam terbiýesini berip oglumyza, gyzymyza ar-namysly bolmagy öwretmeldir.
Gabanmaklygyñ tersi bolsa deýýuslykdyr. Deýýus: Öz ary-namysy bolan zenanlaryñ ýarym-ýalañaç, dar, özüne çekiji, başy açyk geýinmegine, keseki erkekler bilen gürleşmegine, ýola-yza, ýat ýurtlara ýeke mähremsiz gitmegine, başga ýerlerde ýabany-ýatyp turmagyna we başga erbet ýola girmegine göz ýumýan, ses çykarmaýan, olary gabanmaýan kişidir.
Bu wasp hem erkekde hem zenanda bolýandyr. Ýöne köplenç maşgala baş bolup, maşgalasyndaky zenanlary kesekilerden gabanyp, gorap durmak erkegiñ boýnuna düşýändir.
Gadymdan bäri Türkmenleriñ gabanjañlyk, ar-namys meselesinde nähili adamlar bolandygy her kime mälim bolsa gerek. Şol gabanjañ ata-babalarymyzyñ, ar-namysly enelerimiziñ saýasynda şu güne çenli arassa-ganly Türkmenler saklanyp galandyr.
Eger ata-babalarymyz günümizde bar bolan, maşgalasynda hiç bir zada ýaramaýan, binamys, deýýus erkek sypatly käbir töññeler ýaly bolan bolsadylar, bu günki günde bu Türkmenlerden nam-nyşan galmazdy.
Alhamdulilläh: Dini imany, yslam nygmatyny, ar-namysy, zenanlarymyzy gabanyp, olara eýe bolmak waspyny bizden almadygy üçin Allaha şükür edýäris.
Taryhda-da boluşy ýaly Yslamyñ gylyjy diýip, at alan Türkmenlerimizi din imanyñ, ar-namysyñ nyşany kylyp, mü'min-musulman edip ýaşatmagyny Allah Tagaladan dileýäris.
Rebbim halkymyzy imandan, yslamdan, Kuran-sünnetden mahrum etme! Watanymyzy azansyz, metjit-medresesiz bolmakdan gora! Ämin!

Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir