Tramp Huawei bilen işleşmeklige gadaganlygy ýene bir ýyl uzaltdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gol çeken kararyna laýyklykda, amerikan kompaniýalaryna milli howpsuzlyga howp salýan guramalaryň telekommunikasion-enjamlaryny ulanmak gadagan edilýär. Bu barada The Verge web-saýtyna salgylanmak bilen ko.ru habar berýär.
Resminama laýyklykda, şeýle hyzmatdaşlyga gadaganlyk bir ýyl, ýagny 2021-nji ýylyň maýyna çenli uzaldylýar. Kararda ABŞ-nyň howpsuzlygyna howp salýan kompaniýalaryň anyk görkezilmändigine garamazdan, gürrüň hakykatda Huawei we ZTE kompaniýalary barada gidýär diýip, žurnalistler hasaplaýar.
Bu kompaniýalar bilen işleşmeklige gadaganlyk ýurtda geçen ýylyň maýyndan bäri hereket edýär. Esasanam, Huawei kompaniýasyna Birleşen Ştatlarda 5G ulgamy üçin enjamlary ýola goýmak gadagan edildi. Bu ýagdaý Hytaýyň hökümeti bu enjamlar arkaly amerikan telekommunikasion-torlaryny yzarlamakda aýyplanylandan soň bolup geçdi.
Soňrak, 2020-nji ýylyň martynda Tramp milli howpsuzlyga howp salyjy diýlip kabul edilen kompaniýalardan enjamlary satyn almak üçin býujet serişdelerini ulanmaklygy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Munda hem gürrüň Huawei we ZTE kompaniýalary barada gitdi.
Muňa garamazdan, amerikan kompaniýalaryna 2019-njy ýyldan bäri Huawei bilen işleşmek doly gadagan edilmedi. Hytaý IT-ägirdi Google ýaly iri korporasiýalar bilen işleşip bilmeýär, ýöne ol ABŞ-nyň söwda Ministrliginiň wagtlaýyn ygtyýarnamalaryna eýe. Soňky gezek olar 2020-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli uzaldyldy, ýene uzaltmak bilen bagly meýilnamalar barada heniz habar berlenok.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir