Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar. Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokançlarda, deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly.
Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekili ýerleşdirilendir. Bu tötänden däl. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlardan onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Üzärligi halkymyz iki maksat üçin – dermanlyk hem boýag ösümligi hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Merezýelde üzärligiň bişen tohumy ulanylýar, ýagny çilim edip çekilýär. Bu bejerginiň dowamlylygy – 3 4 aý. Şunda näsag berk berhiz saklamaly (turşy iýmitleri iýmek we spirtli içgileri içmek düýbünden gadagandyr). Dişiň agyranda üzärligiň tohumy bilen gara üzümi garyşdyryp we soňra agyryly dişiňe ýapmaly. Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik – näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar». Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär. Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak arkaly peýdalanýarlar. Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanylýar. Üzärligiň tohumyndan taýýarlanan melhem demgysmada we böwrek kesellerinde peýdaly. Lukmançylykda gidrohlorid peganin (gerdejik we ampula görnüşinde) miopatiýada hem miasteniýada, şeýle hem iç gatamada, içegäniň atoniýasyna iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Garmini epideminli episefamitde, sandyrawukly ysmazda we Parakson keselinde peýdalanmak maslahat berilýär.
Jeksparro 4 years ago- Üzärlik diýip nireden eşitdiñiz, bizä ýüzärlik diýýäris bu dermanlyk ösümlige!?