Dünýaniň ähli künjünde häli-şindi ýiti ýokanç respirator keselleri wagtal wagtal giňişleýin ýaýrap ynsanlaryň saglygyna zeper ýetirýar. Ýiti respirator ýokanç keselleri wiruslaryň toplumy döredip kesel ýokuşan wagty ýaş çagalarda, göwrelilerde, dem gysmasy bar bolan ynsanlarda şeýle-de ýurek-damar kesellerinden, semizlikden, süýjüli diabetden ejir çekýanlerde bu ýagdaý has hem agyr geçýar.Ynsanlaryň mende dümew bar diýip lukmanlara ýuz tutmazdan derman serişdelerini ulanýanlaryň sany hem az däldir.Emma köp halatlarda ynsanlar bu keselden goranmak üçin ýonekeýje arassaçylyk düzgünlerini berjaý etse, onda olar özüni, maşgalasyny, özüne ýakyn gatnaşykda bolýan adamlary bu keselden gorap biler. Goranmanyň tertip düzgünleri şolardan ybaratdyr:
1. Mümkin boldygyça keseliň ýaýran we näsaglar köpelen pursatlary öýde galmaly
2. Kesellän näsag bilen aragatnaşygy azaltmaly
3. Ýaşalýan otaglarda tämizlik işlerini gündelik geçirmeli we otaglary ýeljiretmeli
4. Ynsan asgyranda, üsgürende, burny akanda salfetka ulanyp, her gezeginde şony çalşyp durmaly
5. Ýuwulmadyk eliň bilen gözüňi owkalamaly däl
6. Her işden soň eliňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly
7. Ulanylýan tehniki enjamlary (kompýuter, telefon, planşet) we galamdyr, ruçkalar öl salfetka bilen süpürülip durmalydyr
8. Çagalar bagyna gidýan kiçi çagalarda we mekdep okuwçylarynda ýiti respirator ýokanjyň alamatlary ýuze çyksa gowusy öýde alyp galyp lukmanyň maslahatyny alyp bejeriş çärelerini geçirmeli
9. Öýde näsag bar döwri kim näsag bilen ýakyn gatnaşygy saklaýan bolsa, agzy-burny ýapýan örtügi ulanyp dört sagatdan çalyşyp durmaly, elleriňizi ýuwup durmaly
10. Köpçüligiň üýşýan ýerinden näsagy çetleşdirmeli
11. Keseller ýuze çykan döwri näsag üçin aýratyn gap-gaçlary ulanmaly , mümkin boldygyça köp suw we suwuk gaýnadylyp bişirilen naharlary bermeli
12. Näsaglar ukysyny 8 sagatdan az almaly däldir. Keseliň ilkinji güni arassa howada gezmeklik, ýeňil maşklary ýerine ýetirmeklik immun ulgamynyň işjeňligini güýçlendirmäge uly itergi berýandir.
13. Adamlar keselden goranmak üçin egin-eşikler geýilende howanyň, pasylyň täsirini hem göz öňünde tutmalydyr
14. Sowukda üşemekden, bedene gyzgynyň urmagyndan özüňizi goramalsyňyz, derlän wagtyňyz daşaryk sowuk howa çykmaly däl. Ýaş çagalary gat-gat dolap bedenini gyzdyrmaly däl.
Şu berilýan maslahatlara her birimiziň dogry düşünmegimiz we ýerine ýetirmegimiz özümize, saglygymyza, neslimize bolan borjumyz, hormatymyz, söýgimiz diýip hasap edýaris. Keseli bejerenden öňüni almak aňsatdyr.
12 4 years ago- Adamyň hakykatdan hem ähli zat özüne bagly diňe goranmaly öz özümizi goramaly