“Covid-19” ady bilen häzirki wagtda dünýä ýaýran koronawirus barada her bir adam daş gulakdan eşitmeýär. Bu wirus bilen gapma-garşy bolan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda bu habar wajyp maglumat hökmünde ilkinjileriň hatarynda agzalyp geçilýär. Belli bolşy ýaly, bu meseläniň möhümliligini göz öňüne alyp, her bir döwlet agzalýan keseliň ýaýramagyna garşy göreşi soňky wagtlarda has-da güýçlendirýär.
Ähli ýurtlarda bolşy ýaly, biziň Türkmenistan watanymyzda hem bu ýagdaýa gaýragoýulmasyz mesele hökmünde garalýar. Agzalýan wirusly keseliň ýurdumyzyň çägine henize çenli aralaşman gelmegi hem oňa garşy ýönekeý derejede bolmadyk çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň netijesi bolup durýar. Ýurdumyzyň çäginde arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi bilen bagly degişli saglyk edaralary tarapyndan düşündiriş işleri bilen bilelikde, sanitar-epidemiologik taýdan gözegçilik işleri hem kadaly ýola goýlan.
Soňky wagtlarda bu geçirilýän işleri bahana edip, keseliň ýurdumyzyň çägine ýaýrandygy barada adamlaryň arasynda ýalan gürrüňlerden ýasalan gybaty ýaýratmakdan gaýtmaýanlary hem bar. Käbirleri köpçülige degerli gürrüňleri bilen täsir edip bilmejekdigine gözi ýetende, özleri üçin has täsirli ýol hökmünde şular ýaly hereketi saýlaýarlar. Emma, olar il arasynda dowul döretmek bilen meşgul bolandan, öz ýakynlarynyň ýanynda şahsy gigienanyň tämizligi barada takal okasalar, çeken azaplary ýerine düşerdi. Bu bolgusyz gepleri gyrada goýup, gürrüňi dowam etdirsek, onda elbet-de gürrüň saglyk howpsuzlygy bilen bagly bolanda, mesele çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär. Şol sebäbe görä, häzirki wagtda dürli ýokanç we wirusly kesellere garşy bütin ýurt boýunça sanitar-epidemiologik çäreleriň geçirilmegi hem keselleriň ýaýramagyna garşy ýola goýlan iň ygtybarly ugurlaryň biri bolup durýandygyna düşünmek gerek.
Bu gün diňe bir ýurdumyzyň çäginde bolman, daşynda hem bar bolan türkmenistanly her bir raýat barada alada edilýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus epidemiýasy zerarly soňky ýüze çykan ýagdaý sebäpli Türkmenistanyň hökümeti ilkinji bolup, keseliň ýaýran ýurtlaryndan öz raýatlaryny alyp gaýtmak boýunça işleri gurnady. Agzalýan çäreleriň çäklerinde daşary ýurt döwletlerinde okaýan ýa-da ol ýerlere dürli sebäplere görä wagtlaýyn giden raýatlarymyzyň Türkmenistana dolanmak islegleri nazara alnyp, türkmen hökümeti tarapyndan howa ýollary arkaly ýörite gatnawlar gurnalyp, türkmen raýatlryny ýurduň çägine getirmek boýunça öz wagtynda guramaçylykly işler geçirildi. Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak we isleglerine ýardam bermek boýunça degişli işler oňa ygtyýarlygy bolan döwlet edaralary tarapyndan häzirki wagtda hem üznüksiz dowam etdirilýär.
Aýdylanlardan netije çykarsaň, onda häzirki wagtda döwletimizde halkyň saglyk-ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan uly möçberdäki çäreleri göreniňde, ýurdumyzyň çäginde koronowirusyň bolmagynyň ähtimallygy barada aýdylýan nädogry gürrüňleriň käte görnüp, soňra bolsa ýitip gidýän salgyma meňzeşdigine göz ýetirýärsiň.
Ýokanç keseliň salgymy
-
Sabirowa_M
4 years ago
- Edermika?
Sabirowa_M 4 years ago- Name pikir edyaniz indi yitermika bu kesel bejergi tapyldy yone peyda edermikaM