Ýurtda näçe ilat bar bolsa şonça-da dürli immunitetli adam bar. Olaryň arasynda pes immunitetli ýa bolmasa, immuniteti ýetik adamlar bolýar. Pes immuniteti bolan adamlar lukmanyň maslahaty boýunça wagtal-wagtal bejergi alyp durmaly. Şeýle-de, olar bejergi bilen bir wagtda witaminlere baý gök we bakja önümlerini, miweleri iýmelidirler.

Immunitet ynsany daşky gurşawdaky zyýanly hem ýokanç kesellerden goraýar. Esasan-da, göwreli zenanlara immunitetini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar. Çünki, olar diňe bir özlerini däl, eýsem, göwresindäki çagany hem iýmitlendirmeli. Ony dürli ýüze çykýan zyýanlardan goramaly. Immuniteti ýokarlandyrýan iýmitleri iýmeli. Özi hem-de göwresindäki çagasy hakynda aladalanmaly.

Şeýle-de, göwreli zenanlar häzirki wagtda köp ýaýran dümewden goranmaly. Saý-sebäp bilen dümewiň ýokuşmagyna ýol beren halatynda oňa sagalmak, ondan saplanmak kyn bolýar. Bu bolsa çaga üçin örän zyýanlydyr. Şonuň üçin bu ýokanç keselden daşda durup, özüňizi goramaga çalşyň!

Mähriban eneler, immunitetiňizi ýokarlandyrmak üçin aladalanyp, ýurdumyzda öndürilýän, dürli witamine baý miweleri yzygiderli iýip, çagaňyzyň hem sagdyn ösmegine goşant goşuň! Ýokanç kesellerden goranmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak siziň öz eliňizdedir

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir