Häzirki wagtda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler alnyp barylýar. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Esasy bellemeli zat hem, Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen bagly howply keseliň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady.
Siz wirus barada bilmeli maglumatlaryňyz:
Koronawirusyň täze howply görnüşi ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde tapyldy.
Täze ýüze çykan howply keseli Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Koronawirus ýagny “COVID-19” diýip atlandyrýar. “COVID-19” – bu Koronawirus keseliniň gysgaltmasydyr. Bu gysgaltma “CO” – korona, VI – wirus, D – kesel diýen manyny aňladýar. Esasy alamatlary: Gyzdyrmak, üsgülewik, dem alyşda kynçylyk. Gorag maskasyny dakmak sizi keselden goramaýar. Muny diňe wirus ýokuşan adam başgalaryna geçirmezlik maksady bilen dakynyp biler!
Ýokanç kesellerden goranmak üçin:
Eller ýygy-ýygydan sabynlanyp durmaly, oksolin melheminden (mazyndan) peýdalanmaly. Otaglary wagtly-wagtynda şemalladyp, dermanlyk ýüzärlik tütedip durmaly. Witamine baý önümleri iýmeli.
Koronawirus keseli gysga wagtda 183 döwlete ýaýrady we köp adam pidalaryna getirdi. Häzirki wagtda dünýäde 258.470 adamda keseliň wirusy bardyr. (10.544 adam pidasy 20.03.2020, 21:15sagada çenli, maglumat çeşmesi: www.worldometers.info)
Türkmenistana howply wiruslaryň gelmezligi üçin zerur we ýeterlik möçberlerde işler alnyp barylýar
-
messibet
4 years ago
- "Saglygyň gadryn bilgin, hassa bolmasdan burun"
-
Nepes29
4 years ago
- nahili careler gorildi
messibet 4 years ago- Dogry edýäler. Karantina almaly. Adamçylykdyr. Birden ýokuşaýan ýagdaýynda gaty uly peýda gazanyp bolýa, barlag edip, test edip dursalar. Günorta Koreýa günde 15-20 müň adamyny test etdi. Kesel gelenden soň ylgamaly däl, gelmäkä taýýarlykly bolmaly. Käbir agzy ýelliler şol edilýän işleri görübem ters tarabyndan seredýä, bu işlere.
Şu Türkiýede gaty köpdür öýdýän. Sebäbi häli özbekler hakdaky habarda gabat geldim, türkden ýurtlaryna dönenlerden çykan eken. Afrika we beýleki Aziýa döwletlerine baran türklerdenem (Türkiýe bizde ýok diýýäkäde) çykyp ýördi. Beterinden saklasyn. Ýerine ýetirmeli işlerimizi edip, yhlas bilen daýansak, nesip bolsa sowlar geçer. Aslynda telewizor we internet bolmasa adamlar ünsem berer öýdemok. Habarlar diňe şol bolansoň adamlary panika salaýýa.
Kesel başlanda zombili kinolar ýadyma düşýädi, "Ot zakato, do rassweta", "Fakultet" ýaly užasly kinolar ýadyma düşüp gidýä.