Belarusyň ilçisi Aşgabatda elektrikli awtobuslary synagdan geçirmegi teklip etdi
Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow bilen Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostiniň arasyndaky duşuşykda dostlukly döwletiň awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlaryny, ýük ulaglaryny, peýdaly oba hojalyk tehnikalaryny, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we tekeleriň dürli görnüşlerini Türkmenistana, şol sanda Aşgabada getirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Belarus ilçihanasynyň resmi saýtynda ýazylyşyna görä, taraplar Belarusda öndürilen elektrikli awtobuslarynyň Aşgabatda synagdan geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Elektrikli awtobus ― bellenen ugur boýunça ýolagçylary gatnatmak üçin ulanylýan ulag. Onuň önümçiligine 2017-nji ýylda girişildi. Belarus Aşgabat şäherine olaryň üç görnüşini teklip edýär.
Belarusyň ilçisi Aşgabatda elektrikli awtobuslary synagdan geçirmegi teklip etdi
-
Jeksparro
4 years ago
- Öñ bir habarlarda samalýot zawodyny, mazyñ serwisini açjak boldular-da bir zatlar sebäp bolup yatyryldy öydyän...
Umman 4 years ago- Belarus dostlarmyz MAZ-yň serwisini hem açmakçy boledylar.