Gelip çykyş
1‑nji bap
1. Hudaý dünýäni we adamzady ýaradýar. 2. Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.
3. Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4. Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5. Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi. 6. Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7. Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8. Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9. Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 10. Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 11. Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 12. Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 13. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14. Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin. 15. Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 16. Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. 17-18. Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi. 19. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20. Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. 21. Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 22. Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. 23. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi..
24. Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 25. Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26. Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28. Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi. 29. Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. 30. Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ähli gök otlary iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 31. Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.
GELIP ÇYKYŞ (Töwrat)
-
Jeksparro
4 years ago
- @turkmen-talyp, hakykatlar iru-giç orta çykar bir gün. Şol üytgedilen yazgylary bu yerde-de görse bolyar (Meselem Huday 7-nji gün dynç aldy diyyar). Aslynda Huday name yadap dynç alyarmy?) Ine şular yaly säwlikleri ya-da gizlenen ayatlara düşündiriş seljerme niyeti bilen üstünde işlemeklige yol bolsun diyip açyaryn...
-
Jeksparro
4 years ago
- Şol bir wagtyñ özünde bu kitapdan, eger ol üytgedilenem bolsa gaty köp ylyma salgy alyp bolyar...
-
turkmen-talyp
4 years ago
- Allah Kuranda üytgedilen, gizlediler hakykatlar bn yalanlar garylan diyyär sen bolsa öwrenmeli diyyän. Biz musulman diyyäs öz Kitabynymyzy bilemzok. Sen bolsa Töwrat öwrenmeli diyyän. Kurany öwrensen bu zatlara yakynlashmarsyn.
-
Jeksparro
4 years ago
- @turkmen-talyp, öwrenmeli, üytgedilenem bolsa başga köp zatlaryñ ylmy çeşmelerini Şu kitapda tapsa bolyar. Injiliñem kuranyñam içinde öwrenmeli zatlar gaty kän diyyan. Üytgedilendigini menem bilyän. Yöne hazir bir ylmy iş yazmaly bolsa şulardan çeşmelenip bolyar diyyan!? Kurany öwrenmeli däl diyemoga men!
-
Jeksparro
4 years ago
- Nä şoñyaly düşünjäñ pesmay!?
-
turkmen-talyp
4 years ago
- Kuran öwren we Kurandan yaz. Öz nebislerine görä üytgedilenden nähili hakykat tapjak bolyan. Kuran üytgedilen däl, Muhammed saw öz nebsine görä yazylan Kitap däl, Kyyamata chenlem üytgemejegini we goraljagyny Allahyn Özi aydyar. Bärde ylmy zatlar bar diyen bolup üytgän zatlaram hakykat yaly öwüshgin beryänligine düshünenokmy? Türkmenlerin aglabasy entäk Kurany bilenok sen bolsa Töwrat ylmy zatlar diyip otursyn. Okayanda nähili düshünje binyad edyöninden ya habaryn yok yada bilmedilsirän bolyana menzeyar. Oyunjak zat däl ylmy diyen bolup.
-
Jeksparro
4 years ago
- @turkmen-talyp, Töwradyñ üytgedilen diyyäni içindäki agyr amallar üytgedilen. Galan zatlar şol durşyna dur, ine meselem taryhy-geografiki añlatmalar öz beyanyny Töwratdan, Injilden alyar. Gerek bolsa Gurhandan hem peydalanylýar, okayan adam şuñ üytgedilendigini bilmeyan bolsa özünden görsün!
Men din hakda diyemok. Umuman diyyän!
Allatagala Gurhanda diymändir Töwratdyr, Injili okamañ, gaytam onuñ pygamberlere inderilendigine sizem güwä geçiñ diyyär.
Galyberse-de Allatagala olardan peydalanmak üçin okamañ diymändir Gurhanda!
-
Jeksparro
4 years ago
- Gerek bolsa Gurhandanam yazyandyryn @turkmen-talyp,!
-
wagt
4 years ago
- @Jeksparro, nämä gerek Töwrady ýaýratmak? Özûmizde-de zat az däl ýaýratjak bolsak. Gerek adam tak tapyp bilýär bulary indi
-
wagt
4 years ago
- @turkmentalyp, men şu käbir musulmanlara düşünemok: käbirleri Töwrat, Injil üýtgedildi diyyäler, soñ ýene bir gün alýarlar-da, olardan pygamberimiziñ geljekdigi baradaky öñünden aýdylan habarlary gözleýärler... Nadanlyk dälmikä bu?
-
Jeksparro
4 years ago
- @wagt, ýaýratmak üçin däl-de üns bermek üçin yazdym, yayratjak bolsam dostluk.ru, kitapcy.ga saytlary bar. Şo tayyk gidip wagyz ederdim. Bärde maña akyllysyramañsana. Näme hakda tema açjagymy sizden soramaryn! Ok.
turkmen-talyp 4 years ago- Töwrat - Allahyn Musa aleyhissalama inderen Kitaby. Yöne yehudilere ony üythetdiler we dünyäleri üchin gizlediler. Töwratda in sonky Pygamberimizin geljegi barada habarlar bardy. Yöne olar ony gizlediler, yogsam ilki Pygamberimize iman etmelidiler gayta kapyr boldular. Shol sebäpden Kurany Kerim indi we yehudilerin eden zatlary hakynda köp hakykatlar bar. Biz ine musulmanlar sholary öwrenmeli we iman etmeli.