ŞAZADA SIDHASA BUDDANYÑ TARYHY (Jonatan Landau)
Budda hakynda türkmen okyjylary köp maglumatlary bilýändir diýsek, hakykatdan az-kem daş düşdügimiz bolsa gerek. Sebäbi Budda hakyndaky maglumatlar türkmen dilinde ýok diýen ýaly. Ýöne şu kitaby okan adam Buddanyñ ömri, işi, özüne eýerenlere wesýetleri bilen ýakyndan tanyşyp biler. Buddanyñ wesýetlerini kim üns berip okasa, kalbyna bir üýtgeşik ýagtylygyñ aralaşandygyny duýar. Elbetde, galany okyjynyñ özüne bagly.
HAÝYRLY HOŞ HABAR
Örän gadym zamanda, mundan kän ýyllar ozal Hindistanyñ demirgazygyndaky kiçi bir patyşalykda şeýle bir waka ýüze çykyp, soñra ol bütin dünýäni üýtgedip goýberdi. Şudhadana patyşanyñ aýaly melike Maýýa bir gün uka gidip, täsin bir düýş gördi. Hamana, asmandan bir ýaldyrawuk şöhle düşüp gelýärmişin. Ýene bir seretse, şöhlä duwlanyp ap--ak bir pil gelip, ahyr melikäniñ bedenine siñip gidipdir...
Şol pursat melike örän bagtyýar we hoşal bolup oýanypdyr. Derrew patyşanyñ huzuryna baryp, gören düýşüni oña aýdyp berdi. Soñ ikisi bu düýşüñ ýorgudyny köşkdäki danyşmentden soradylar:
Danyşment:
ㅡ Eý, siziñ alyjenabyñyz, bu örän haýyrly düýş! Munuñ ýorgudy bu turar ki, melike ogul görgeý we şazada beýik bir ynsan bolup ýetişgeý. Onuñ şerapaty-täsiri diñe bir size däl, ähli dünýä nesip etgeý ㅡ diýdi.
Düýşüñ ýorgudyny eşiden patyşanyñ we melikäniñ başlary göge ýetdi. Patyşa çensiz-çaksyz hoşal boldy. Sebäbi, ol gelejekde täji-tagtyny eýelejek akylly-başly perzendiniñ bolmagyny köpden bäri arzuw edýärdi, ine, indi bolsa, şol arzuwy amala aşyrýardy.
Şol wagtlar Hindistanda bir däp höküm sürýärdi, ýagny, aýy-güni doluşan hamyla aýal atasy öýüne barýardy. Şol ýerde hem perzent görüp, soñ öýüne gaýdýardy.
Aýy-güni doluşandygyny öñünden añan melike hem köşki-saraýy terk edip, kenizeklerini yzyna tirkäp, atasy öýüne tarap ýola düşdi. Ýöne uzak ýol geçmänkäler, melike saklanyp, dem-dynç almagy sorady. Onuñ tutgaýy tutdy.
Olar Lumbini diýip at alan gözel bir baga girdiler. Melike amatly ýer gözläp, her tarapa ýaltaklady.
Rawylaryñ rowaýat etmeklerine görä, bu üýtgeşik çaganyñ dünýä injigini duýan haýwanlar hem, agaçlar hem enä kömekleşdiler. Ullakan bir daragt öz pudagyny oña tarap egdi. Melike sag eli bilen şol şahadan ýapyşdy-da, bir agramyny şoña taşlady-da, aman-esen çagany dogurdy. Kenizekler derrew çagany dolap, ele aldylar. Täze doglan çaganyñ husny-jemaly, ýuwaşlygy olary haýran galdyrdy.
Göýä şol pursat tutuş dünýäni rahatlyk, parahatlyk, söýgi we sagadat gaplap alan ýalydy. Adamlar öz gam-teşwişlerini, gaýgy-aladalaryny unutdylar, urşanlar ㅡ ýaraşdylar. Mähir-muhabbet, ynsap-akybet duýgulary kalplary doldurdy. Käbir kişiler şol wagt gökde duýdansyz, garaşylmadyk ýerden älemgoşaryñ peýda bolanyny, başga-da ençeme ajaýyplyklaryñ ýüz berenini gördüler. Şonda patyşalykdaky akyldar adamlar bu haýyrly alamatlary biri-birine görkezip:
ㅡ Häzir älemde bir täsin waka bolana meñzeýär. Hol üýtgeşik alamatlara serediñ! Häzir dördünji aýyñ dolan senesi, dogrudan hem, şanly gün! ㅡ diýdiler.
Elbetde, melike Maýýanyñ özi ogul dograndan soñ, şatlygyñ bütin patyşalygy gurşap alanyndan bihabardy. Ol ýap-ýañy doglan çagasyny bagryna basyp, äriniñ huzuryna ㅡ köşki-saraýa dolandy.
ÖWLÜÝÄNIÑ KÖŞGE DOLANYŞY
Şudhadana patyşa aýalyny we kiçijik ogluny uly guwanç hem şatlyk, baýram bilen garşy aldy. Ähli patyşalykda şadyýan toý başlandy. Çar tarapdan dürli-dürli reñkli otlary asdylar. Bu, dogrudan hem, bagt we parahatlyk eýýamydy. Her ädimde söýgi, guwanç asmana çykdy. Ine, şu sebäpdenem, ata-ene ýañy bolan çagan''Sidhasa'' diýip at goýdular. Bu at ㅡ ýagşylyklar getiriji diýen many añladýar. Şonda danyşment çaga seredip:
ㅡ Eý, şahym, şazadanyñ dogluş alamatlary örän haýyrly görünýär. Ogluñyz ösüp-ýetişenden soñ, onuñ şan-şöhraty siziñkiden hem artyk bolgaý ㅡ diýdi.
Bu gepi eşidip, patyşanyñ guwanjy içine sygmady. Ol ''Eger danyşmendiñ aýdany dogry gelse, meniñ oglum şazada Sidhasa kiçijik bir patyşalyga däl, bir gün ähli dünýä hökümdar bolar, maña we meniñ öýüme sansyz şan-şöhrat getirer'' diýip oýlandy.
Şol günler ýañy doglan çagany görüp, mübäreklemek üçin köşke kän-kän adam geldi. Olaryñ arasynda Asita diýen bir garry hem bardy. Ol derwüş bolup, uzak bir tokaýda ýaşaýardy. Il arasynda ol ''Beýik Öwlüýä'' (Keramatly) diýen at alypdy. Asitanyñ tokaýy terk edip, köşge gelmegi, patyşadyr melikäni geñ galdyrdy.
Olar:
ㅡ Geleniñiz üçin tükeniksiz hoşaldyrys, eý, Beýik Öwlüýä! ㅡ diýip, ony uly hormat bilen garşyladylar.
ㅡ Merhemet edip, gelmegiñizden näme maksadyñyzyñ bardygyny aýdyñ. Biz çyn ýürekden siziñ hyzmatyñyzdadyrys.
Asita:
ㅡ Görkezen merhemetiñiz üçin köp sag boluñ! Men bu ýere uzak ýol geçip geldim. Sebäbi, ýakynda ajaýyp alamatlar gördüm. Ol alamatlaryñ sebäpkäri siziñ ýañy doglan ogluñyz. Ol beýik ruhany, bilimler eýesi bolup, bir gün ynsanlara ýagşylyk getirgeý. Men tutuş ömrümi ýagşylyk etmäge, bilim toplamaga sarp etdim. Bu gutly gadamly çagany öz gözüm bilen görmäge howlukdym ㅡ diýdi.
Patyşa bu gepi eşidenden soñ, howlugyp ýerinden turup şazadanyñ uklap ýatan otagyna tarap ýöneldi. Çagany seresaplylyk bilen göterip, Öwlüýäniñ alnyna getirdi. Keramatly Öwülýä hiç zat diýmän, çaga dowamly nazaryny dikdi. Soñra bir-iki ädim yza çekilip, göge gamgyn halda seretdi-de, dolup-daşyp, içi-içine aglap başlady.
Asitanyñ aglaýandygyny gören patyşa bilen melike gorka düşdüler. Olar gelejekde oglumyzyñ başyna bir bela inse gerek diýip oýlandylar. Patyşa gözýaş döküp, çöke düşüp perýat çekip:
ㅡ Eý, ulug Öwlüýä, siz nämüçin aglaýarsyñyz? Oglumyñ täleýinde nämeler gördüñiz? Siz hem, başga danyşmentler hem beýik ynsa, bilim eýesi bolar diýip aýdypdyñyz-la. Goý, şeýle bolsun, näme üçin ogluma seredip agladyñyz? Ýa onuñ ajaly tiz ýetjekmi? Ýa-da başga bir bagtsyzlyk ýüze çykjakmy? Ol meniñ ýalñyz perzendim, gözümiñ agy-garasy! Çagamyñ alnynda nämeler göründi? Merhemet edip, tizräk jogap beriñ, ýogsa, ýüregim darka ýarylar ㅡ diýdi.
Asita patyşa bilen melikä bakyp, olary mylaýymlyk bilen köşeşdirdi. Ol:
ㅡ Gaýgy-teşwiş çekmäñ. Men şazadanyñ palynda bir ýamanlyk görüp aglamadym. Ogluñyza seredip, onuñ gelejekde beýik ynsan bolup ýetişjekdigine doly ynandym. Sebäbi, üýtgeşik alamatlar. Onuñ barmaklarynyñ arasyndan nur dökülip dur. Bu şanly ykbal belgisidir. Eger ogluñyz köşkde galyp, patyşa bolsa, taryhda iñ beýik patyşa bolar. Ol uly köşk sahyby bolup, adamlara bagt, rahatlyk, azat durmuş bagyşlar. Eger-de ol patyşa bolmagy islemese, oña has beýigräk kysmat nesip eder. Ol beýik ussat bolup ýetişer. Adamlara mähir-muhabbetli durmuş ýoluny öwreder. Dünýädäki jebri-sütemleri görüp, köşki terk eder we gaýgy-gama çäk goýmak ýoluny döreder. Ol özüni diñlän her bir kimsä ders okap, düşünje berer. Ýok, eziz şahym we melikäm, men çaga üçin aglamok. Men ömrüm boýy hakykat ýoluny ㅡ gaýgy-gamlara çäk goýmak ýoluny yzladym. Bu gün, ine, maña şol ýoly görkeziji, gelejekde maña halypa boljak çagany görüp durun. Emma ol ösüp-ulalýança, men bu dünýäden geçip giderin. Ine, şuny oýlap, gama batdym, agladym. Ýöne siz hiç hili alada galmañ, Siz bagtyýar ata-ene. Şunuñ ýaly çagañyzyñ bardygy üçin söýüniñ ㅡ diýdi.
Asita bu sözleri aýdyp, çagajyga soñky gezek delminip nazar taşlady, soñam ýuwaş gadam basyp, köşkden çykyp gitdi.
Patyşa ony ugradyp, soñ oglunyñ ýanyna dolandy. Ol çagasyna hiç-hili howp-hataryñ abanmajagyna ynanyp guwandy. Guwanjy içine sygmady. ''Sidhasa ýa beýik patyşa bolar ýa-da beýik ussat mugallym bolup ýetişer'' diýip, Öwlüýä taryplady diýip begendi. Ol öz ýanyndan: ''Oglum patyşa bolsa, ýagşy bolardy. Rehimli we gudratly oglum bar diýip, daşyndan guwanar ýörerdim. Goý, ýaşy geçip, garrandan soñ Asita ýaly derwüş ㅡ Öwlüýä bolubersin'' diýip, patyşa Şudhadana ogluny elinde göterip, onuñ gelejekde şan-şöhratly,rehimdar hökümdar bolmagyny arzuwlaýardy.
Jonatan Landau
Terjime edenler: Atamyrat ATABAÝEW, Döwletmyrat KERIMOW
(dowamy bar)
ŞAZADA SIDHASA BUDDANYÑ TARYHY (Jonatan Landau)-1
-
Jeksparro
4 years ago
- @turkmen-talyp, menem şol 124 müñ pygamberleriñ arasynda bu buddanyñ ady geçenokdygyny bilýärin. Ýöne awtor näme üçin ''Budda pygamber'' diyipdir. Belki yagşyzadalyk häsiýetlerini pygamberlik derejede görüp diyen bolmagam ahmal...
-
turkmen-talyp
4 years ago
- Pygamber bn yagshyzada duybinden bashga zatlar. Pygamber däle pygamber diymek gaty howply zat. Pygamber Allahyn ilchisi, dogry yoly görkeziji. Asyl biz pygamberleri gowy tanamaly. Gynansagam pygamberimiz saw barada köp zat bilemzok. Budda bolsa pygamber diylip yör.
-
Jeksparro
4 years ago
- Bu awtoryñ ýa terjimeçiniñ günäsi bolup durýar @turkmen-talyp,!
-
Jeksparro
4 years ago
- Terjimeçileriñ ýalñyşy bolup biler sebäbi ors dilinde terjime edilen '' «Принц Сиддхартха. История Будды», Джонатана Ландау '' (Şazada Soddharta. Buddanyñ taryhy'' diýen sözler bilen düşündiripdir. Diýseñ diýmeseñ terjimeçileriñ günäsi bu!
-
Jeksparro
4 years ago
- @turkmen-talyp, señ we beýleki agzalaryñ islegleri boyunça temañ ady awtorlardan birugsat bolsa-da üýtgedildi.
turkmen-talyp 4 years ago- Budda pygamber dälä. 124 mün pygamber gechen. Pygamber diymek Allahdan wahy üsti bn hökümler alan ynsanlar. Dine Kuranda we hadysda pygamber diylip beyan edilenler pygamberdirler. Ana sholary öwrenmeli, Buddany däl.