Topaz gala arheologiýa ýadygärligi Sarahs oazisiniň demirgazyk böleginde, häzirki Sarahs şäherçesiniň 15 km demirgazyk–gündogarynda, Sarahs–Mary gara ýolunyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Ýadygärlik ösen orta asyr döwrüne degişli kuwwatly köşkden we töwereginde oturymly obadan ybarat bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan I müňýyllykda, şol töwerekde ýerleşýän häzirki Oýukly depe merkez bolup, onuň töwereginde birnäçe oturymly obalar bolupdyr. Ýerli ilatyň aýtmaklaryna görä, “topaz” – daş diýmegi aňladýar. Bu depede her hili reňkli daşlar tapylypdyr we şondan hem onuň Topaz gala ady gelip çykmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Türkmen sözlügine seredenimizde “topaz” sözi daşdan başga-da, iri şahly mallaryň aşygyny hem-de el degirmeniniň aşaky okuny aňladýar.
Arheologiýa gazuw – agtaryş işleri Topaz galada 2019-njy ýylda birinji gezek Polşanyň Warşawa uniwersitetiniň arheology, professor M.Wagneriň ýolbaşçylygynda geçirildi. Topaz gala Ýaz II döwrüne we irki demir asyrlara degişlidir. Ol ölçegleri 55-75 metr bolan, beýikligi 3,17 metre ýetýän depedir. Depäniň daş-töwereginde ir döwürlerde giň garymyň bolanlygy onuň yzlaryndan bildirýär. 2011-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Ýaz II döwrüne degişli ot ybadathanalarynyň galyndylary we irki orta asyra degişli tapyndylar ýüze çykaryldy. Arheologlara Ýaz II döwründe merhumy jaýlaýyş dessurlarynyň käbir äheňlerini anyklamak başartdy. Topaz galada ylmy barlaglaryň dowamynda alymlar ylmyň soňky gazananlaryny üstünlikli ulanmagy başardylar. Türkmen-Polýak arheologik ekspedisiýasynyň agzasy, professor Kriştof Mişiýewiç G-858 kysymly magnitometr bilen ýadygärliklerde elektron geomagnit barlaglaryny geçirdi. Olaryň netijesinde depäniň elektron topografik çyzgysy we geljekki gazuw işleriniň meýilnamasy düzüldi. Şeýle-de ybadathananyň entek tapylmadyk iki sütüniniň çak edilýän ýeri anyklandy. Gazuw işleri wagtynda biziň eýýamymyzdan öňki VIII-VII asyrlara degişli soky daşynyň bölegi, çalgy daşy, süňk monjugynyň galyndylary, sapanyň daşdan oky we irki yslam döwrüne degişli tamdyr, kül atylýan keramiki gap, bürünç teňňe, dürli görnüşdäki keramiki gaplar, öý haýwanlarynyň süňkleri, tamdyryň golaýyndan 10-dan gowrak ýanan bugdaý däneleri tapyldy we häzirki wagtda olar seljerilýär. Topaz galadaky tapyndylar Diýarymyzyň umumy dünýä ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklaryndaky taryhy kökleriniň müňýyllyklara uzap gidýändigini aýdyň subut edýär. Meselem, bu ýerden tapylan bürünçden ýasalan kemer ilgençeginiň Gündogar Gürjüstandan tapylan taryhy tapyndylaryň Ýaz II döwrüne degişli bürünç şaý-sepler hazynasyndaky zatlara meňzeşligi bar. Şol wagta degişli iki sany ýumurtga şekilli daş, birnäçe daş monjuklary, soky daşynyň bölegi Özbegistandaky Bendihan ýadygärliginden tapylan tapyndylara çalymdaş. Topaz galada üsti açylan gönüburç otaglar Ulugdepe, Ýazdepe (Türkmenistan) we Nuşijan (Eýran) ýadygärlikleriniň orta asyr gatlaklarynda ýüze çykarylan jaýlar bilen kybapdaş. Bu meňzeşlikler tötänden bolman, eýsem, Diýarymyzyň irki döwürlerde hem dünýä gatnaşyklaryndan çetde durmandygyny görkezýär.
mertogly 4 years ago- Sag bol dost. Mekdep kitaplarynda maglumat berilmedik gadymy otyrymly obalar,shaherler,galalar barada yene maglumat bersene PDF kitabyny yerlesdirsen hasam gowy okuwa tayynlanyanlar ucin gerekli bular