Türkmenler we Demirgazyk Afrika halkary
Biz dürli halklaryñ medeniýetleriniñ arasynda bellibir meñzeşlikleriniñ bolmagy hiç wagt olaryñ garyndaşlygyna şaýatlyk etmeýändigini bilýäris. Olar ýa ýakyn jemgyýetçilik-ykdysady gurluşy, ýa tebigy howa şertleri ýa-da adam añynyñ belli kanunalaýyklyklary bilen bolup biler.
Emma bizde Türkmenistan we Demirgazyk Afrikanyñ, hususan-da Müsüriñ arasynda gadymy döwürden bäri etnomedeni gatnaşyklaryñ bardygyna şaýatlyk edýän jedelsiz deliller bar. Muña türkmenleriñ antropologik sypatynyñ (keşbiniñ) özi şaýatlyk edip biler. Ol ýewropeoid jynsynyñ zakaspiý görnüşiniñ orta ýer deñiz dolihpsefal (uzynkelle) tipi hökmünde kesgitlenýär. Antropologiýasy boýunça türkmenleriñ Orta Aziýa halklary bilen meñzeşligi alymlaryñ öñünde heniz özüniñ çözgüdine garaşýan meseläni goýýar.
1926-njy ýylda professor N. Brýullow-Şaskolskaýa amyderýanyñ kenaryndaky türkmenleriñ medeniýetini öwrenip, Türkmenistan ''umumy ylmy nukdaýnazardan çuñ gyzyklanma döredýär'', sebäbi bu territoriýa ㅡ medeniýetiñ iñ wajyp ýeleriniñ biridir, onda gadymy Assiriýa, Pars, Hytaý we beýleki gadymy medeniýetleriniñ gözbaşlary ýüze çykarylýar diýip bellemegi tötänleýin däldir(1).
Sungaty öwreniji Ç. Esenowyñ ''Gurjak oýny ㅡ hasyllylyk kultunyñ tansy'' diýen işi örän gyzyklydyr. Onda awtor ýañy-ýakynda-da türkmenlerde bolan ''gurjak oýny'' kult tansyny Gündogar ýurtlarynyñ has gadymy däp-dessurlary bilen deñeşdirýär. Onda-da, Ç. Esenow öz sözlerine görä, onuñ 1985-nji ýylda Lebap welaýatynda toplan meýdan materiallaryny, diñe gündogar mifleri we ritual misteriýalary bilen deñeşdirilende, düşündirmek bolýar. Ol ''has gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýanyñ, Hytaýyñ, Hindistanyñ arasynda Gündogarda we Alynky Aziýa hem Müsür bilen Günbatarda güýçli medeni alyş-çalyş bolupdyr, şunuñ netijesinde bu medeniýetleriñ aýratyn elementleri Orta Aziýa halklarynyñ folklorynda saklanyp galan bolmagy ahmal'' diýip aýratyn belleýär(2).
Türkmenleriñ kult aýdymlary, tanslary, sazy barada aýdanynda, Ç. Esenow türkmen-müsür medeni gatnaşyklarynyñ üstünde durup geçýär. Türkmen sazyny iñ gowy bilýän W. M. Belýaýewa salgylanyp, ol, türkmen dutaryna meñzeş iki taraply çirtilip çalynýan saz gurallary, müsür baralýewleri boýunça netije çykarylanda, Müsüriñ we Türkmenistanyñ ýaşaýjylarynyñ arasynda b.e.ö. IIIㅡII müñýyllyklarda has giñ ýaýrapdyr.
''Türkmenleriñ we müsürlileriñ kult aýdymlarynyñ usullarynda hem meñzeşlik duýulýar ㅡ diýip, Ç. Esenow ýazýar. Mysal üçin, aýdym aýdylanda, aýdymçynyñ elini gulagyna, ýañagyna we boýnuna goýup, ýeñiljek basmak bilen sesi titremekleri ...Türkmeniñ däp bolan dessurynda şeýle usul zenanlaryñ we gyzlaryñ ''läle'' aýdymlarynda duşýar, ol ''läle kak'' diýen halk adalgasy bilen anyklanylýar(3).
Müsürlileriñ we türkmenleriñ magiki tanslarynyñ plastikasynda (hereketinde) hem ýüze çykýar. Hususan-da, müsürlileriñ adam jaýlanandaky tansy (''çapak'') diñe aýallar tarapyndan ''agy aýdymlarynyñ deprekleriñ kakylyp, el çapmak bilen sazlaşygynda'' ýerine ýetirilýär.
''Misrian'' (Balkan welaýaty) we ''Müsür'' (Lebap welaýatyndaky şäherçe) toponimlerine üns bereliñ. Olarda Ýepgitiñ türkmençe ady Müsür bilen many gatnaşygy bar. Türkmeniñ improwizirlenen göýdüm (karlik) adamyñ gatnaşmagyndaky ''gurjak oýny'' tansy hem müsürlileriñ jadyly (magik) tansyny ýa-da salýar. Mysal üçin, Senusert dinastiýasynyñ XII faraonynyñ köşk adamy Sinuheta ýazan hatynda şeýle diýilýär ''Seniñ mazaryñ gapysynda karlikleriñ tansy bolar''. Müsüriñ mifologiýasynda karlik diýip şertli Şeýtan (Iblis) atlandyrylýar we ol öý ojagynyñ, aýallaryñ we çagalaryñ goragçysy bolupdyr(4).
1985-nji ýylda arheolog H. Ýusubow Uzboýyñ sag kenaryndaky (Demirgazyk-Günbatar Türkmenistan) mazarlyklaryñ birinden müsür faýansyndan ýasalan, Iblisiñ sakally müsür hudaýy şekillendirilen şelpe (beýikligi 3,5 sm) tapypdyr. H. Ýusupowyñ belleýşi ýaly, ''Şeýle figuralar Müsür taryhynyñ ähli döwürleri üçin häsiýetli bolupdyr''. Beýleki ýerlerden tapylan müsür hudaýjyklarynda guýrugyñ bolmazlygy (diñe birinde kiçijik ösüntgi bar), şol wagtda ''uzboý'' heýkeljiginiñ uly we togalagrak guýrugynyñ bolmagy gyzyklydyr(5).
Türkmeniñ zergärçilik sungaty hem müsürlileriñ mifologiýasyndaka meñzeş şekillere eýedir. Rus zoology W.S. Zaletaýew 1979-njy ýylda käbir türkmen dagdanlarynyñ (aýallaryñ döşe dakylýan bezeg şaýlary ㅡ dogalary) Türkmenistanda ähli ýerde duşýan tomzaklaryñ (skarabeýleriñ) anyk nusgasy (kopiýasy) bolup durýar diýip ýazýar. Emma Müsürde bu tomzak hormat goýulan keramatly mör-möjek hasaplanypdyr. Skarabeýiñ şekilleri b.e.öñ III - II müñýyllykda Müsürde giñden ýaýrapdyr we onuñ keşbi Gün kultuna meñzeş görlüpdir. W. S. Zaletaýewiñ pikirine görä, ''Türkmenistanyñ dagdan-skarabeýleri müsürlileriñki bilen deñeşdirilende, örän çylşyrymly we dürli-dürlüdir''(6).
Umuman, türkmen dagdanlarynyñ ''haýwan äheñleri'', şeýle-de gurbagalaryñ, ha££yklaryñ, pyşdyllaryñ, tomzaklaryñ şekili bolan haly nagyşlary gadymy Müsürde giñden meşhur bolan mifologik äheñleri bilen meñzeşdirler.
Munuñ hemmesi ýene-de bir gezek türkmen medeniýetini diñe Merkezi Aziýanyñ çäginde üzñelikde öwrenmegiñ bolmaýandygyny görkezýär.
Ylymda tutuş gadymy döwrüñ dowamynda Merkezi Aziýadan Orta we Ýakyn Gündogara we tersine, etnoslaryñ köpçülikleýin göçmekleri bolup geçendigi baradaky pikir birnäçe gezek aýdylypdy. Eýýäm antik döwürde halklar özleriniñ gelip çykyşlary barada jedel edipdirler. Rim taryhçysy Pompeý Trog skifler ㅡ türkmenleriñ ata-babalary barada gürrüñ berende, şeýle ýazypdyr: ''Skif taýpasy elmydama gadymy hasaplanypdyr, emma skifler bilen müsürlileriñ arasynda uzak wagtlap gelip çykyşlarynyñ gadymylygy barada jedel bolupdyr... skifler müsürlilerden üstün çykypdyrlar we elmydama has gadymy halk bolupdyrlar''. Merkezi Aziýanyñ söweşjeñ halklary hemişe gadymy gündogar ýurtlarynda peýda bolupdyrlar we ol ýerde öz patyşalyklaryny döredipdirler. Has gadymy döwürlerde Türkmenistanyñ çäginde ýaşaýan etnoslaryñ ynamly günbatara hereket edip, Müsüre ýetendikleri bellidir. Hut Türkmenistanyñ gadymy halklary Ýewropany we Aziýany aýratyn tohum at bilen tanyşdyrypdyr. Akademik W. O. Witt ýöneligine ahalteke atlary ㅡ bu Assiriýanyñ, Müsüriñ we Elladanyñ beýik ussatlarynyñ çeken suratlarynda müdimileşdirilen Orta Aziýanyñ ajaýyp atydyr'' diýip ýazypdyr(7).
Müsürde hatda has gadymy ''skif'' etnosy ''tahoryñ'' ady hem bellige alnandyr. Onuñ ady häzir ''togar'' (''duker'', ''tüwer'') türkmen etnoniminde bar. Ramses III (b.e.ö. 1200 ㅡ 1168 ýý.) belli ýazgysynda etnonim ''tohar'' ''takkeri'' görnüşinde duşýar. Gündogarşynas N. Henningiñ pikirine görä, hut toharlar b.e.ö. III müñýyllykda gadymy gündogar zulum ediji döwlet gurluşyny syndyryjylar bolupdyrlar(8).
B.e.ö. I müñýyllygyñ ortasyndaky çeşmelerde eýýäm Merkezi Aziýa etnoslarynyñ Müsüre barmaklary görkezilýär. B.e.ö. V asyrda ahemedileriñ Elefantin nil adasynda (Gündogar Müsür) ýerleşen garnizonynyñ düzüminde Dargamanyñ ýolbaşçylygyndaky Horezm goşunynyb bolandygy görkezilýär(9).
Skif-sak esgerleri Müsüriñ gämi ekipa£ynyñ düzüminde gulluk edipdirler. Olaryñ terrakota heýkelleri bu ýurtda häzir hem duşýar. B.e.ö. IV asyrda parfiýaly Amminaspyñ Müsüriñ hökümdary bolandygy hem bellidir(10).
Parfiýa täjirleri täze eranyñ ilkinji asyrlaryna çenli diýen ýaly Müsüre aziýa harytlaryny eltipdirler we ''faraonlaryñ ýurdunda'' tutuş gildiýalary emele getiripdirler(11).
Orta asyrlarda ýagdaý düýbünden üýtgeýär. VII asyrdan başlap, oguz-türkmenlerinden, gypjaklardan we hazarlardan bolan türki harby serkerdeleri Müsürde esasy hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Ähli ýokary harby we harby-edara wezipeleri olaryñ eline geçipdir(12).
856-njy ýylda halyf al-Muatasim Müsüriñ hökümdary edip, türkmen serkerdesi al-Fatha ibn Hakany belläpdir, emma ol halyfy gorap, tiz wagtda wepat bolupdyr.
866-njy ýylda Müsüriñ emeldary edip türkmen serkerdesi Ahmed ibn Tulun bellenilýär, onuñ kakasy Tulun bolsa birnäçe ýyllap Merwde ýaşan halyf al-Mamuna gulluga durupdyr. Ahmet ibn Tulun Müsüriñ paýtagty Fustat şäherine 866-njy ýylyñ 15-nji sentýabrynda gelipdir. Täze hökümdar uly iş geçiripdir: tejribeli (professional) goşun döredýär, göwrümli suwaryş (irrigasiýa) işlerini geçirilýär, oba hojalygy ösdürýär, söwdany dürli ýollar bilen goldaýar, Fustatyñ demirgazygynda täze şäher gurýar, onda garnizony ýerleşdirýär, häzirki güne çenli saklanan baş metjidi gurdurýar, Bagdad halyflarynyñ köşklerine añyrda dur diýdirýän ajaýyp köşkleri gurdurýar, döwlet salgytlaryny azaldýar. Ahmed ibn Tufan öz şaýyny zikgeläp başlaýar we halyfyñ adynyñ ýanynda öz adyny goýup başlaýar. Müsür senenamaçylary onuñ dolandyran döwrüni ''Müsür taryhynyñ altyn asyry'' diýip atlandyrypdyrlar(13).
873-nji ýylda Ahmed ibn Tulun ilkinji hassahanany esaslandyrýar. Onda aýallaryñ we erkekleriñ hammamlary bolupdyr. Hassahana diñe ilatyñ ýoksullar gatlagy üçin niýetlenipdir. Hassalar öz geýimlerini we pullaryny dolandyryja beripdirler, hassahanadan çykanlaryndan soñ bolsa, towuk we çörek alypdyrlar. Hassahanada ruhy keselliler (akyllaryndan azaşanlar) üçin ýörite bölüm bolupdyr. Bu lukmançylyk edarasynyñ hajatlary üçin ýylda 60 müñ dinar goýberilipdir. Köşk metjidinde dermanhana bolupdyr, onda lukman her anna güni kesellileri mugtuna bejeripdir(14).
Ahmet ibn Tulun öz döwletinde Müsüri, Siriýany we Palestinany birleşdiripdir. Öz şöhratynyñ çür depesindekä, 884-nji ýylda ol ýogalýar, emiriñ orny onuñ ýigrimi ýaşly ogly Humaraweýhe (884-896-njy ýý.) geçipdir. Bagdad halyfy, Ahmediñ ölüminden peýdalanyp, öz goşunyny Müsüre sürýär, emma derbi-dagyn edilýär, ondan soñ al-Muwaffak resmi taýdan Müsürde we Siriýada Tulunylaryñ häkimini kanunlaşdyrýar, eýýäm soñky halyf Humaraweýhiñ gyzyna öýlenýär.
Al-Makriziniñ şaýatlyk etmegine görä, Humaraweýh ägirt uly at çapyşyklaryny geçiripdir: ''Çapyşyklar halkyñ arasynda baýramçylyk hasap edilipdir''(15). Ol örän owadan haýwanat bagyny döredipdir, onda her bir haýwanly kapasanyñ ýanynda howdan gurludyr. A. Mes şeýle ýazypdyr: ''Tulunidde Humaraweýh döwründe bu müsür däbi türküleriñ güllere bolan hyjuwy bilen bilelikde ony musulman hökümdarlarynyñ arasynda bagçylyk boýunça iñ uly hünärmene öwrüpdir. Kakasynyñ okuw meýdanynda ol gülleriñ we agaçlaryñ ähli bolup biljek görnüşlerini ekmegi buýrupdyr. Ol ýerde seýrek duşýan sapylan ösümlikler bolupdyr, mysal üçin, badam erik agajyna sapylypdyr; bägülleriñ dürli görnüşleri, gyzyl, gögümtil we sary lotos bolupdyr. Gülleri şekilleriñ we sözleriñ ýazylyşy görnüşde ekipdirler, bagbanlar elleri gaýçyly hiç bir ýaprak beýlekilerden aýratynlykda çykyp durmaz ýaly, alada etmeli bolupdyrlar. Howuzlar, suw çüwdürimleri, emeli çeşmeler we öñden bar bolan antik müsür bagbançylyk stilindäki pawilionlar, seýil baga has hem görk beripdir''(16).
895-nji ýylda Siriýa bolan ýöriş wagtynda Humaraweýh öldürilýär. Häkimlik gezekli-gezegine onuñ ogullary Abul-Asakir Jeýşa (895-896-njy ýý.) we Haruna (896-904-nji ýý.) geçipdir. Emma beýik hökümdaryñ kiçi ýaşly ogullary döwleti dolandyrmaga ukyply bolmandyrlar, olaryñ ikisi hem ýaş wagtlary öldürilýär. Gysga wagtyk tagta Humaraweýhiñ dogany Şeýban ibn Ahmet (904-905-nji ýý.) geçýär, emma ol halyf al-Muktafiniñ guran döwletini halas edip bilmeýär(17).
Otuz ýylyñ dowamynda Müsür we Siriýa bagdat halyfyñ golastynda bolýar. Ol tä Müsürde häkimiýet başyna 935-nji ýylda Muhammet Ihşid gelýänçä, emeldarlary öz islegine görä belläpdir. Muhammediñ kakasy Tugj Merkezi Aziýanyñ oguzlaryndan bolupdyr(18).
Ibn Tugj güýçli goşuny täzeden döretmegi başarýar we öz döwletine Siriýanyñ merkezi we günorta böleklerini birleşdirýär. Ol apbasy halyfy bilen dostluk gatnaşygyny saklapdyr we häkimiýet başyna geçmek isleýän Fatimidleriñ güýçli garşydaşy bolupdyr. 936-njy ýylda ol fatimid goşunyny ýeñýär we ony Magrypdan çykarýar.
Ihşidler hem edil Tulunidler ýaly, akylly-başly syýasaty alyp barypdyrlar. Olar edara diwanhanasynda özgertme geçiripdirler, onuñ çykdajylaryny has azaldypdyrlar, Müsür musulmanlar tarapyndan basylyp alnanyndan soñ, ilkinji gezek, raýat emeldarlaryna hak töläp başlapdyrlar, suwaryş (irrigasiýa) ulgamyñ ösmegine we batgalyklary guratmaga ýeterlik üns beripdirler. 946-njy ýylda Muhammet Ihşid ýogalandan soñ, Müsürde tagta onuñ iki sany kiçi ýaşly ogly geçýär, emma häkim ministr-nubiý Kafuryñ elinde jemlenipdir, ol ýogalandan soñ, 966-njy ýylda Ihşidler öz güýçlerini ýitiripdirler(19).
Basym Müsürde häkimi Fatymylar ㅡ Pygamberiñ gyzynyñ nebereleri basyp alýarlar we 969-njy ýylda Kahir (Kair) şäheriniñ düýbüni tutýarlar. XI asyryñ ikinji çärýeginde Ýakyn Gündogara türkmen-seljuk goşunynyñ çozmagy musulman dünýäsiniñ etnik kartasyny üýtgedýär.
Emma türkmenler Müsüri basyp almandyrlar. Türkmen-seljuk döwletiniñ gündogaryndaky syýasy we harby wakalar biraz wagt türki hanlaryny Demiragyk Afrikanyñ baý ýerlerini basyp almakdan ünsüni sowupdyr. Arheologik materiallar we ýazuw çeşçmeleriniñ maglumatlary Müsür hem Seljuk imperiýasynyñ ilatly ýerleri bilen gyzgalañly söwda we medeni alyş-çalşyñ bolandygyna şaýatlyk edýär(20).
1171-nji ýylda Müsürdäki fatymy halyfy öz goşunlarynda mamlüklary (''ýoluganlary'') ㅡ ýesir düşen oguzlary, gypjaklary, alanlary, peçenegleri giñden ulanan Eýýubylaryñ dinastiýasy tarapyndan syndyrylýar. Köneürgenç şasy Jelalleddin 1231-nji ýylda Zakawkazýede ýogalandan soñ, onuñ mongol basypalyjylaryna garşy duran batyr esgerleri söweşip Kawkazdan Müsüre çenli barypdyrlar we Eýýubylara gulluga durupdyrlar. Hut şolaryñ kömegi bilen Mälik Salyh Eýýuby 1244-nji ýylda Ierusalimi basyp alýarlar we tizden Müsüre Siriýany birleşdirýär. Türkmen atlylarynyñ güýji bilen Eýýubylar öz güýçlerini ýokary galdyrypdyrlar. Şol wagtda Siriýanyñ we Müsüriñ taryhy annallarynda (ýyl ýazgylarynda) emir Muizz Izzeddin Aýbeg et-Turkmanyñ ady peýda bolýar. Aýbeg Türkmeniñ horezm goşunynyñ düzüminde gelen bolmagy ahmaldyr. Emma welin, ''Soltan az-Zahir Beýbarsyñ durmuş beýany'' atly orta asyr arap halk romanyna laýyklykda, Aýbeg Mosulyñ (Yrakda) hökümdary bolupdyr we hatda Müsüre harby ýöriş hem edipdir, emma agyr keselden soñra goşuny bilen Müsür soltanyna gulluk etmäge geçmegi makul bilipdir. Mälik salyh Aýbeg döwründe Müsüriñ iñ abraýly emirleriniñ biri bolupdyr. Oña soltan barka oturmak rugsat edilipdir we hatda onuñ üçin aýratyn köşk hem berlipdir(21).
Haçanda 1248-nji ýylda fransuz koroly Lýudowik IX (1226-1270-nji ýý.) haç göterijiler bilen bilelikde Müsüriñ ýerine baranynda, Aýbeg ýewropaly rysarlary derbi-dagyn etmäge işjeñ gatnaşypdyr. Diñe bir 12 müñ haç göterijiler däl, eýsem Lýudowigiñ özi, korolewa Maragarita we korolyñ dogany Alfons hem ýesir düşüpdirler.
1250-nji ýylyñ ýazynda Mälik Salyh ýogalýar we onuñ aýaly ㅡ türkmen zenany Şajarat at-Durr Eýýubylaryñ köp sanly wekili dinastiýanyñ häkimini bermek islemän, türkmen we gypjak mamlük esgerleriniñ goldamagy bilen özüni Müsüriñ hökümdary diýip yglan edýär. Şeýlelikde, ''faraonlaryñ ýurdunda'' köp ýüzýyllyklaryñ dowamynda mamlük soltanlarynyñ häkimiýeti bolýar. Döwletiñ atabegi (ýagny goşunyñ baş serkerdesi) diýip emir Aýbeg ykrar edilýär.
Täze Atabeg soltanyñ Kala Jabala köşgüne gelýär we öz wezipesine girişýär. Aýbeg haç götürijileri doly ýok edýär we çozmak gorkusyny aýyrýar. Şajarat at-Turruñ buýrugy bilen ýesir düşen fransuzlaryñ boşadylmagy uly waka bolupdyr. 40 müñ tylla dinar töläp, Fransuz öz korolyny, onuñ garyndaşlaryny we rysarlaryny Müsürden alyp gidýär. Haçanda soñky haç göterijiler döwletiñ çäginden çykanynda, Müsürde toý başlanýar.
Şol wagtda, bagdat halyfy Gündogar musulmanlaryny soltan zenanynyñ garşysyna küşgürýär we ondan Eýýubylara tagty gaýdyp bermegi talap edýär. Musulman döwletini zenanyñ dolandyrýandygyna gahar edip, halyf müsürlileriñ mertebesini peseldip, eger olaryñ ýurdunda erkek adam tapylmasa, Müsüre erkek adamy ibermegi söz berýär.
Emma mamlükler şeýle edýärler. Aýbeg Şajarat at-Durra öýlenýär. 1250-nji ýylyñ 31-nji iýulynda ol hökümdaryñ borçlaryny öz üstünden aýyrýar. Ähli türkmen hökümdarlary we mamlükler, olaryñ arasynda geljekgi beýik soltan Beýbars hem bolupdyr, Aýbegi Müsüriñ soltany diýip yglan edýärler. Emirler we han-begler Aýbeg Türkmeniñ öñünde iki hatara düzülip, baýdaklaryny açypdyrlar. Olar oña soltanyñ geýimlerini geýdirip, ata mündürdipdirler. Surnaýlar çalnyp, deprekler kakylypdyr. Aýbeg öz egindeşleriniñ öñünden geçeninden soñ, her bir emir oña wepadarlyk kasamyny içipdir. 1250-nji ýylyñ awgustynyñ başynda ''Al-malik al-muizz Aýbeg at-Turkmen (Şöhratlandyrýan hökümdar Aýbeg Türkmen'') ady bilen tagta geçipdir (22).
(dowamy bar)
Jeksparro 4 years ago- Türkmenler we demirgazyk Afrika halklary - 2
Ol halyfa özüniñ Müsürde tagta geçendigi barada hat üsti bilen habar beripdir. Onuñ şahsy mamlükleri oña ''muizzi'' diýip atlandyryp başlapdyrlar we öz hökümdarlaryny her tarapdan goldapdyrlar. Emma halyf tarapyndan küşgürilýän Müsüriñ ilaty tagtda Eýýubylaryñ neberesiniñ oturmagyny talap edip başlapdyrlar. Mamlük emirleri eglişik edipdirler we tagta 8 ýaşly Ýemenli Mälik Aşraf Muzaffareddin Musany oturdypdyrlar. Türk professory B. Uçok bu barada şeýle ýazýar: ''Müsürde täsin ýagdaý emele gelýär: soltanyñ tagtyny birbada iki adam eýeleýär ㅡ eýýuby Mälik Aşraf we mamlük-türkmen Izz-ad-din Aýbeg. Bu hökümdarlaryñ atlary bilen teññeler zikgelenýär, olar bilelikde anna hutbasynda ýatlanylypdyr. Bu diarhiýada Mälik Aşraf diñe nominal hökümdar boludyr, döwlet işlerini bolsa Aýbegiñ diñe özi çözüpdir''(23).
Eýýubylar Müsüri ýitirendiklerine düşünipdiler. Şonuñ üçin, olaryñ bir wekili ýurdy gaýtaryp almak üçin fransuzlar bilen ylalaşyk baglanyşypdyr we öz köp sanly garyndaşlaryny çagyrypdyr. Äpet goşun Müsüre tarap süýşüpdir. 1252-nji ýylyñ 19-njy ýanwarynda Kairiñ eteginde uly söweş bolupdyr. Siriýa goşunlary mamlükleri gysyp, eýýäm şäher derwezelerine ýakyn barypdyrlar diýen ýaly. Emma soltan Aýbegiñ we emir Oktaýyñ şahsy gahrymançylygy netijesinde, olar garşydaşlarynyñ birnäçe iri harby serkerdelerini ýesir alýarlar we ýok edýärler, mamlükler ruhy taýdan galkynýarlar. Olar aýgytly çozuşa başlaýarlar we siriýalylary derbi-dagyn edýärler. Aýbeg Türkmen Kaire uly ýeñiş bilen giripdir. Şol döwürden başlap, ähli buýruklarda we şaýlarda diñe onuñ ady görkezilip başlanypdyr(24).
Ilkinji mamlük soltany öz dinastiýasyny Bahry diýip atlandyrypdyr, sebäbi mamlük kazarmalary Niliñ adalarynyñ birinde ýerleşipdir (Bahr - 《Uly derýa》).
1257-nji ýylda Aýbeg ýogalandan soñ, tagty iki ýyllap onuñ ogly Mansur Nureddin Aly eýeläpdir, 1259-njy ýylda bolsa tagta Muzaffar Seýfeddin Gutuz geçýär. Ol 1260-njy ýylda Mesopotamiýanyñ golaýynda mongol goşunyny derbi-dagyn edipdir.
Şol ýylda mamlük tagtyna mamlükleriñ Müsürde dolandyran wagtynyñ bütin taryhyndaky iñ bir görnüklo soltanlarynyñ biri tagta geçýär we türki halklaryna 300 ýylyñ dowamynda diýen ýaly şäriksiz häkimi üpjün edýär. Bu beýik hökümdaryñ terjimehalynda has anygrak durup geçmek gerek. Onuñ doly ady: az-Zahir (aýdyñ), gorkmazak ýolbars, dünýäni basyp alan Rukneddin Beýbars ibn Abdylla al-Bunduktari as-Salihi an-Najmi al-Eýubi at-Týurki (1260-1277-nji ýý. hökümdarlyk eden ýyllary) ㅡ Misriñ (Müsüriñ), Şamyñ (Siriýanyñ) we Hijazyñ soltany. Bu hakyky ady Beýbars (''barslaryñ baştutany'') bolan soltanyñ başga-da derejeleri (titullary) bolupdyr ㅡ ''iki halyfyñ işlerini dolandyryjy'', ''Abbasylar halyfatynyñ öwüsginini gaýtaryp beriji'', ''ähli musulmanlaryñ emiriniñ deñ mirasdary'' we beýlekiler.
Soltan Beýbars ㅡ köp sanly türkmen esgerleriniñ biri. Ol XIII asyrda ýaş wagty Ýewraziýa sähralyklarynda mongollar tarapyndan tutulýar we gul edilip satylýar. Arap taryhçysy al-Aýniniñ belleýşi ýaly, ýesir alnan oguzlar we gypjaklar ''Siriýa we Müsür ýerlerine äkidilipdir''.
Damask bazarynda 14 ýaşly Beýbarsy (1225-nji ýylda dogulýar) türkmen emiri Aýtegin al-Bunduktar (näme üçin Beýbars al-Buntuktar diýip atlandyrylýandygynyñ sebäbi satyn alýar we ýetginjegi mamlükleriñ goşunyna goşýar. Ýörite harby taýýarlygy geçen Beýbars öz şahsy zehininiñ netijesinde, derrew öñe saýlanýar we söweş meýdanynda görlüp-eşidilmedik batyrlyk görkezýär. Mansur döwründe haç göterijiler bilen söweşde 25 ýaşly Beýbars Fransiýanyñ korolyny ýesir alyp, eýýäm özüni zehinli serkerde hökmünde görkezýär(25).
Beýbars gadymy we bir wagt hazarýaka sähralyklarynda agalyk eden oguz urugy bolan burjogludan gelip çykypdyr. Rus ýylýazgylary bu urugy Burçewiler barada aýdylanda bolsa, oguz we gypjak gadymy ýadygärlikleri öwreniji S. A. Pletnýowa olaryñ gypjaklar däldigini ýörite belleýär. Kaýf, taryh, dokuzoba, burjogly ýaly taýpalary uly oguz-türkmen birleşiginiñ düzümine giripdirler. XI asyryñ ahyrynda haçanda Ýewraziýa sähralyklaryndaky oguz ýerlerine gypjaklar dökülende, oguz taýpalary gelmişekler bilen birleşikdeş hökmünde birleşipdirler we taýpalaryñ täze gypjak birleşmesiniñ çep (günbatar) ganatyny emele getiripdirler. Beýbarsyñ burjogly urugyndan gelip çykmagy soltanyñ döwürdeşleri we soñky müsür taryhçyary tarapyndan anyk bellenilýär. Belli bolşy ýaly, mamlükleriñ taryhyna we anyk soltan Beýbarsyñ hökümdarlygyna öz işlerini Ibn Uasil (1207ㅡ1297), Ibn Şaddad (1217-1285), Ibn Abduzahir (1223-1292), Beýbars ad-Daudar (1325-nji ýylda ýogalýar), an-Nuaýri (1331-nji ýylda ýogalýar), Ibn Aýbeg ad-Daudari (XIV asyryñ birinji ýarymy), Ibn Tañryberdi (1311-nji ýylda dogulýar), Al-Makrizi (1356-1441), al-Ýunini (XIV a.),Al-Aýni (1361-1451), Ibn Iýas (1448-1524) we beýlekiler bagyşlapdyrlar. Käbir awtorlar gelip çykyşlary boýunça türkmen bolupdyrlar. Biz mamlükleriñ goşunynyñ düzüminde köp sanly türkmenlere garyndaş bolan gypjak we alan esgerleriniñ bolandygyny inkär etmeýäris, emma mamlükleriñ esasy düzümini ähli ilkinji mamlük soltanlaryndan çykan oguz türkmenler düzüpdir.
Haçanda 1260-njy ýylda soltan Beýbars döwleti dolandyrmagy öz eline alanda, onuñ ýanyna Kaire Hulaga hanyñ ilçileri gelipdirler we soltandan mongol ilhanlarynyñ häkimini ykrar etmegi talap edipdirler. Az-Zahir Beýbars mamlük goşunynyñ başynda ýörişe girýär we Ketbuga naýonyñ ýolbaşçylygyndaky mongollary derbi-dagyn edýär. Mongollar beýle aýgytly ýeñlişi heniz görmändiler. Öz adyny şöhrata besläp, Beýbars ýeñiş gazanýan goşunyny haç göterijilere tarap äkidýär we olaryñ çozuşyny togtadýar. Arap dilli we pars dilli awtorlar haýran galmak bilen ''Daulat at-türk'', ýagny tüküleriñ döwleti barada ýazypdyrlar. An-Nuaýriniñ maglumatlaryna görä, ''şol bir daulat at-türki ilkibada Müsür ýerinde döredi, soñra Şam, Aleppo welaýatlaryna we Ýewfrat derýasyna çenli ýaýrapdyr. Ortaýer deñiz galalaryny özüne boýun egdirip,ol Rumuñ araçäklerine barypdyr. Oña Ýemen we Hijaz giripdir''(26).
Beýbarsa Kaire bagdad halyflarynyñ abbasylar dinastiýasynyñ bir agzasyny äkitmäge ýetişýär (maşgalynyñ hemmesi diýen ýaly ilhanlar tarapyndan jezalandyrylýar) we ony al-Mustansir ady bilen täze halyf diýip yglan edýär. Öz gezeginde, Beýbars resmi taýdan täze ''musulmanlaryñ hökümdary'' diýen täze ady we ''yslam ýurtlaryna we basyp alan ýerlerine eýelik etmäge'' hukuk alýar.
Mongollar tarapyndan basylyp alnan ýerlerden Müsüre dürli tarapdan oguz we gypjak esgerleri gelipdirler hem-de beýik yslam döwletiniñ baýdagynyñ astynda durupdyrlar.
Soltanyñ özi Bagdady mongollar basyp alandan soñ, täze howpsuz ýollary gözleýän Italiýanyñ we Ispaniýanyñ täjirleri bilen söwda ylalaşyklaryny baglanyşmak bilen meşgullanypdyr. Beýbars döwründe esasy söwda ýoly Hindistanda, Uzak Gündogardan we Afrikadan Ýewropa Müsüriñ üstünden geçipdir. Kairde dünýäniñ ähli künjünden täjirleriñ gildiýalary döredilipdir. Soltanlyk ähli söwdany gözegçilikde saklapdyr, aralykda durup ummasyz girdeji we gümrük salgydyny alypdyr.
Bu delilleriñ ählisine esaslanyp, alym I. M. Filştinskiý şeýle ýazýar: ''Beýbars, gürrüñsiz, zehinli döwlet ýolbaşçysy we batyr serkerde bolupdyr. Onuñ döwründe gysga wagtlyk bolsa-da asyrlar boýy dowam eden bulagaýçylyklardan we içki uruşlardan soñ, Müsürde we Siriýada tertip-düzgün peýda bolýar. Ekerançylyk we söwda baradaky aladalary bilen, ol ýurduñ maddy hal-ýagdaýyny ýokary galdyrmagy başarýar... ýaşaýjylaryna oñşuk ederli ýaşaýyş bilen üpjün edipdir. Onuñ harby ýeñişleri hem beýik bolupdyr ㅡ ol haç göterijileri togtatmagy başarýar, olary erbet ýeñlişe sezewar edýär, mongollaryñ Müsüre çozmagynyñ öñüni alýar, sebäbi ol, Bagdatda bolup geçen wakalardan görnüşi ýaly, hakykatdan hem ýurt üçin erbet bolardy''(27).
Ýurduñ döwlet diliniñ türkmen dili bolandygyny bellemek gerek, soltanyñ özi arap dilini hem bilipdir. Ibn Uasil özüniñ ''Mafraj al-kurub fi ahbar beni aýub'' diýen işinde şeýle ýazýar: ''Beýbars ''şyhlaryñ şyhy'' derejeli Şarfeddini, Mansuryñ ilçisini kabul edende, soltanyñ ýanynda agzeki terjime edýän emir Fariseddin Aktaý bolupdyr. Duşuşyk (audensiýa) tamamlanandan soñ, Beýbars şyha: Meniñ terjimeçiniñ üsti bilen gepleşmegim siziñ göwnüñize degen däldir-dä. Men ýöne bu ýerde oturan hormatly emirleriñ (arap dilini bilmeýän) şol bada işiñ özenine düşünmeklerini isledim diýipdir''(28).
Soltan işjeñ daşary syýasaty geçiripdir. Hususanda, haçanda ol Altyn Ordanyñ hany Berke Batyýyñ ogly yslamy kabul edende, oña gutlag hatyny ýazypdyr, sebäbi Beýbars yslam ýurtlarynyñ soltany bolupdyr. 1262-nji ýylda az-Zahir Beýbars Gyzyl Ordanyñ ilçilerini kabul edýär, olara süýji sözleri aýdyp, gymmatbaha sowgatlar bilen yzlaryna gaýtarypdyr. XIV asyrda müsür senenamaçysynyñ sözlerine görä, soltan ''Berkä sowgat üçin dürli owadan zatlary taýýarladýar, olar: Affanyñ ogly [halyf] Osman tarapyndan göçürilen keramatly kitap, dürli reñkli ýassyklar we namazlyk [namaz okamak üçin] halylar; wenesiýa matalary we lewent köýnekleri; deriden bassyrylyp edilen gön halylar; gazma nagyşly kalajur gylyçlary; altyn çaýylan serdesseler; frankiý şlemleri we altyn çaýylan sowutlar; örtükli fonarlar; şemdanlar; gutuly mehanizmler [organlar], plakirowka diregli goşa çyralar; horezm eýerleri; namazlyklar; uýanlar ㅡ bularyñ hemmesi altyn we kümüş bilen bezelen; halkaly ýaýlar, top okuny atmak we nebit taşlamak üçin ýaýlar; gamyş naýzalar we naýzajyklar (drotikler); ýaşiklerdäki ýaý oklary; zmeýewik mineralyndan edilen gazanlar; altyn çaýylan zynjyrlardaky gyzyl çaýylan lampadalar; gara hyzmatkärler: erkekleri we aýallary ㅡ aşpezleri; ýyndam arap atlaryny we nubiý düýelerini; ýyndam ýük ýüklenýän haýwanlar; maýmynlar, totuguşlar we beýleki dürli zatlar''. Arap taryhçysy al-Mufaddal sowgatlaryñ içinde ýene-de £iraf, müsür eşekleri, hytaý gap-gaçlary, aleksandriý geýimleri, altyn bilen nagyşlanan eşikler we beýlekileriñ bardygyny hem belleýär. Bularyñ hemmesi Berkede uly täsir galdyrýar(29).
1246-njy ýylda Beýbars türkmen-seljuk soltany Rukneddin we Berkäniñ arasynda araçy bolupdyr hem-de soñkynyñ Wizantiýa imperiýasyna goşun ibermegini isläpdirler, sebäbi ol ýerde aldaw bilen tutulan Seljuk Izeddin Keýhusrow ýesirlikde jebir çekýärdi(30).
Soltan Beýbars özi hakynda diñe bir türkmenleriñ däl, eýsem, Müsüriñ we Siriýanyñ halklarynyñ arasynda hem ýagşy at goýupdyr. Ine, ol barada bu tanymal hökümdaryñ keşbini beýan eden we häsiýetiniñ aýratynlyklaryny bellige alan onuñ döwürdeşleri hem-de has soñky musulman awtorlary şeýle ýazypdyrlar.
Ibn Abduzahir: ''Soltan indiki çadyra girdi we ol ýerden eşigini çalşyryp çykýar. Gara gijedäki Aý ýaly ýalpyldap peýda bolýar. Kellesinde altyn bilen nagyşlanan gara selle. Egninde mawy-gök reñkli altyn ýakaly sowut. Bir gylyç onuñ guşagynda, beýlekilerini onuñ yzyndan ýarag göterijileri göterip gelýärler. Olaryñ arasynda iki sany uly tugra (ştandart), iki sany uly ýaý, galkan we beýleki nyşanlar bardy. Soltanyñ ýanyna gara esbaply we gara ýapynjanyñ astyndaky gyr aty eltdiler''.
Ibn Yýas: ''Ýeñilmez mälik Beýbars batyr we güýçli bolupdyr, mynasyp we deñi-taýy bolmadyk şöhratdan peýdalanypdyr, özüniñ soltan adyna doly gabat gelipdir, uçursyz akylly we döwlet işlerinden hem meselelerinden habarly bolupdyr. Bu beýik patyşa bolupdyr, onuñ öñünde gündogar we hristian wezirleri dyz epipdirler. Ol bir ýerde oturmagy halamandyr, onuñ Şam-Dimaşkada we Halapda ugurlary we kabulhanalary bolupdyr. Ol, köplenç, ýörişlere gidipdir, öz adyny gahrymançylyklar bilen alypdyr we söweş meýdanynda ol deñsiz-taýsyz batyrgaýlyk görkezipdir. Gyş bolsun, tomus bolsun atdan düşmändir. Batyrgaýlygynyñ we edermenliginiñ nyşany hökmünde onuñ tamgasynda (gerbinde) ýolbars şekillendirilipdir. . . Beýbars syratly, uzyn boýly, ak ýüzli we tegelek sakally bolupdyr. Sakalynda bir ak gyly hem görüp bolmandyr. Onuñ ýörişleri döwründe halk hökman oña bolan gyzgyn söýgüsini we goldawyny beýan edipdir. Şerigatyñ polat gylyjy bolan Beýbars alymlara we dindarlara uly hormat goýupdyr, adamlara rehimdar bolup, maddy kömek edipdir''.
Ibn Aýbeg ad-Daudari: ''Ajaýyp şöhratly hökümdar Beýbars batyr ýürekli bolup, duşmanlarda gorky döredipdir. Onuñ strategiýasy we taktikasy köpdürlülige baý, syýasaty ㅡ hemmelere ýaramly, hereketleri ㅡ gözel bolupdyr, söweşlerde goşunyñ öñünde durupdyr we hiç haçan gizlenmändir''.
Al-Ani: ''Basybalyjy patyşanyñ ýüzi hyrsyz bolupdyr. Sesi gök gümmürdisi ýaly bolupdyr. Onuñ sypatynda beýikligini görkezýän we oña ygtyýarsyz hormaty ýüze çykarýan zat bardy. Onuñ boýy ortadan uzynrak bolupdyr. Rehimsiz, batyr, seresaply, işjeñ, erjel, gorky duýgusy ýok ㅡ ine, ol şeýle adam bolupdyr. Soltanlygyñ işine, yslamyñ we dindarlaryñ ýeñişlerine, döwlet düzgünleriniñ gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine köp üns beripdir''(31).
Eýýäm XVI asyryñ başynda Beýbars hakynda arap epiki rowaýatlary peýda bolup başlapdyr. Ol hakyndaky bu halk romany hatda XIX asyryñ soñunda hem meşhur bolupdyr. Müsür daýhanlary her gün diýen ýaly Beýbarsyñ başdan geçirmeleri barada okapdyrlar ýa-da diñläpdirler.
Epiki däpler boýunça soltan haýsydyr bir aýratyn alamatlara eýe bolupdyr. Halk romanynyñ başynda eýýuby soltany wezirine mamlükleri satyn buýurýar we olaryñ biriniñ hökman ''. . . güýçli we akylly, ýatdan Gurhany bilýän we ýüzi mähirli bolup, iki gaşynyñ arasynda mama dişän ýer we ýolbarsyñky ýaly ýygyrt bolmaly. Ady bolsa Mahmyt bolmaly diýipdir''. Halk onuñ gelip çykyşyny patyşanyñky edipdir. Beýbars diñe bir mamlük bolmandyr-da ''. . . Jamaka patyşasynyñ ㅡ Horezmiñ we Derbendiñ hökümdarynyñ'' ogly bolupdyr.
Romanda Beýbars gowy gylykly musulmanlaryñ goragçysy bolupdyr. Ol ogurlugy we serhoşlygy halamandyr, atasy we enesi hakynda alada edipdir, musulmanlaryñ duşmanlary ㅡ mongollar we haç göterijiler bilen göreşipdir, daýhanlary emeldarlyñ azgynlygyndan gorapdyr. Halk onuñ harby edermenligine we döwletlu adalatly dolandyryşyna guwanypdyr. Mysal üçin, romanda soltan Latakiýanyñ hökümdaryna şeýle maslahat berýär: ''Haýsy ýurtdan gelendiklerine seretmezden, täjirleri gysma, tersine, söwda barada alada et. Şäheri adalatly hem akylly dolandyr we deñiz ýollaryny galtamanlardan, garakçylardan gora''(32).
Soltan Beýbars araplaryñ we ähli türküleriñ ýüreginde orta asyryñ iñ bir adalatly musulman hökümdary hökmünde galypdyr. Şu günlerem Kairde ''az-Zahir'' atly kwartal saklanyp galypdyr. Ol öz adyny soltan Beýbarsyñ guran adybir metjidinden alyp gaýdypdyr...
Mamlükleriñ kuwwatyny türkmen-osman soltany Selim I (1512 - 1520-nji ýý.) gaçyrýar, emma ol döwletiñ esasy gurluşyny ýok etmeýär, olara 1517-nji ýylda diñe wasallygy dakýar(33).
Osman soltany özüniñ ummasyz imperiýasyna Demirgazyk Afrikanyñ köp ýurtlaryny birleşdiripdir, olaryñ içinde Liwiýa, Tunis we Al£ir bolupdyr. 1798-nji ýylda Demirgazyk Amerika Napoleon Bonapart çozýar, mamlük esgerleri bilen aýgytly söweşlerden soñ, oña Kaire girmek başardýar. 1801-nji ýylda iñlis-türk harby ekspedisiýasy Müsüre düşýär we fransuz goşunlaryny boýun egmäge mejbur edýär. 1802-nji ýylda Angliýanyñ, Fransiýanyñ we Türkiýäniñ arasynda gol çekilen Amýen şertnamasyna laýyklykda, osman soltanyñ Müsüriñ üstünden seretmegi garaşsyz diýip resmi ykrar edilýär we mamlükleriñ hökümdarlygy Stambuldan bellenilýän patyşanyñ hökümdarlygy bilen çalşyrylýar(34).
XIX asyryñ başyna çenli diýen ýaly Müsür we Demirgazyk Afrikanyñ beýleki käbir ýerleri Türkmen-osman döwletiniñ düzüminde galypdyr. Soñrak, haçanda Müsür Angliýanyñ prtektoratyna düşünde, 1882-nji ýylda hökümetiñ premýeri Mahmud al-Buradi (1868-1932 ýý.) ㅡ türki halklarynyñ wekili bolupdyr.
Biz doly esasda Türkmenistan bilen Demirgazyk Afrikanyñ arasynda Müsüriñ esasy hyzmaty ýerine ýetirendigini, etniki we medeni häsiýetli (gadymy döwürde-de, orta asyrlarda-da) gatnaşyklaryñ bolandygy barada aýtmaga doly esasyñ bardygyny aýdyp bileris.
Öwez Gündogdyýew
Edebiýat
1. Gündogdyýew Ö. Türkmenistan we Müsür // Diýar. ㅡ Aşgabat, 2005. ㅡ No:1-S.28.
2. Esenow Ç. D. Gurd£ak aýny ㅡ plýaska kulta plodorodiýa //kulturnyýe sennosti. ㅡ Me£dun.ýe£egodnik. ㅡ Spb. 1995. ㅡ S.43.
3. Şol ýerde. ㅡ S.44.
4. Gundogdyýew O. Turkmenistan i Ýegipet // Neýtralnyý Turkmenistan ㅡ 11.02.2002.
5. Ýusupow H. Drewnosti Uzboýa ㅡ Aşhabad, 1986. ㅡ S.56.
6. Zaletaýew W. S. Drewniýe i nowyýe dorogi Turkmenii. ㅡ M., 1979. ㅡ S.103.
7. Witt W. O. Loşadi Pazyrykskiý kurganow//Sowetskaýa arhelogiýa. ㅡ M., L., 1952. ㅡ No:16.ㅡ S.174
8. Gundogdyýew. O. A. Etnogenetiçeskiýe i lingwinstiçeskaýa swýazi drewnih toharow (dahow) i turkmen // Diller dünýäsi.ㅡAşhabad, 1994. ㅡ No: 2. ㅡ S.42ㅡ45.
9. Stawiskiý B. Ýa. Me£du Pamirom i Kaspiýem (Srednýaýa Aziýa w drewnosti). M., 1966. - S.52.
10. Gafurow B. G. Tad£iki. ㅡ Duşanbe. 1989. ㅡ Kn.1. - S.105.
11. Masson M. E. Narody i ovlasti ýu£noý çasti Turkmenistana w sostawe Parfýanskogo gosudarstwa//Trudy ÝuTAKE. ㅡ Aşhabad, 1955. ㅡ T. V. - S.35.
12. Pewzner S. B. Ob odnoý gruppe arabskoý znati w Ýegipte w VII ㅡ IX ww.//Srednewekowyý Wostok. Istoriýa. Kultura. Istoçnikowedeniýe. ㅡ M., 1980 ㅡ S.223.
13. Filştinskiý I. M. Iatoriýa arabow i halifata (750 ㅡ 1517 gg). ㅡ M., 1999.-S.169.
14. Mes A. Musulmanskiý Renessans. - M., 1996.
15. Filştinskiý I. M. Görkezilen iş. ㅡ S.170-171.
16. Mes A. Görkezilen iş. ㅡ S.371.
17. Şol yerde. ㅡ S.353.
18. Kurbanow A. Bekstwo turkmen Tuluni//Wozro£deniýe. ㅡ aşhabad, 2004. No:12. - S.20-21.
19. Stenli Len-pul. Musulmanskiýe dinastii. ㅡ Moskwa ㅡ Taşkent ㅡ Bişkek, 1996. ㅡ S. 356.
20. Fliştinskiý I. M. Görkezilen iş. - S.227-228.
21. Skenlon D£. Zametka o fatimidsko ㅡ seld£ukskoý torgowle //Musulmanskiý mir. 950-1150.-M., 1981.-S.282.
22. £izneopisaniýe sultana az ㅡ Zahira Beýbarsa / Per.s arab. W. Kirpiçenko. ㅡ M., 1975-S.37.
23. Uçok B. £enşiny - prawitelnisy w musulmanskih gosudarstwah/Per. s. Tures. Z.M. Buniýatowa. ㅡ m., 1982.-S.44-48.
24. Şol ýerde. ㅡ S. 49.
25. Gundogdyýew O. Aýbeg Turkmen //Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 4.10.1999.
26. Gundogdyýew O. ''Besstraşnyý lew'' sultan Beýbars // Neýtralnyý Turkmenistan. - 26.04.2006.
27. Şol ýerde
28. Filştinskiý I. Narodnyý roman o sultane az ㅡ Zahire Beýabrse // £izneopisaniýe sultana ...S.-11-12.
29. Gundogdyýew O. ''Besstraşnyý lew'' sultan Beýbars ...
30. Grekow B. D. Ýakubowskiý A. Ýu. Zolotaýa Orda i ee padeniýe ㅡ M., 1998. S.67-68.
31. Gundogdyýew O. Sultan Beýbars // neýtralnyý Turkmenistan 23.10.1997.
32. Sit. po: Gundogdyýew O. ''Besstraşnyý lew'' sultan Beýbars ...
33. Filştinskiý I. Narodnyý roman ...S.14.
34. Gundogdyýew O. A. mamlýuki i ýanyçary // Standart, hil we howpsuzlyk. ㅡ Aşgabat, 2000. - ''1.-S.12.
35. Kinross L. Rasswet i upadok Osmanakoý imperii. ㅡ M.,1998
''Türkmenler we dünýä halklary''
Öwez Gündogdyýew