Ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarysmy?
Dogrusy, sürüjileriň ählisi diýen ýaly özleri bilmezden ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarlar. Geliň iň köp bozulýan düzgünler bilen tanyş bolalyň.
Nobatdan daşary öwrüm etmek
Biziň ählimiz hem howlukmaç adamlar. Biziň ählimiz hem howlugyp, nobata garaşmaga wagtymyz ýok. Ýolda hem edil şolar ýaly. Hemmeleri seresaplylyk bilen sag tarapyndan aýlanyp geçip birinji bolup öwrüm edip bolýan wagty, hemmeler bilen bile çap hatarda öwrüme garaşyp durmak nämä gerek? Bu ýagdaýda ýol hereketiniň birbada ençeme düzgüniniň bozulýandygy bizi aladalandyrmaýar. Muňa derek biz hemmelerden öňürti ýetişdik.
Ine şular ýaly sürüjiler zerarly hem ýoluň iň dar ýerinde bolgusyz ýol-ulag hadysalary bolup geçýär, maşynlar ulag akymyny bekleýär, ýol dykynlaryny döredýär.
Gyzyl çyra
«Gyzylda» geçip gitmek ýeňil iş däl. Çünki bu kada serhoş halda ulagy dolandyrmak bilen deň derejede görülýän düzgün bozma hasaplanylýar. Galyberse-de, bu düzgün bozma üçin örän berk temmi çäresi göz öňünde tutulýar, hatda sürüjilik şahadatnamasyndan hem mahrum bolup bolýar. Sürüjileriň käbirleri ýol yşygyň gyzyl çyrasyny bilkastlaýyn äsgermeýärler. «Hiç kim ýok, ahyryn!» diýip, öz ýanlaryndan pikir edýärler.
Mundan başga-da, ýol yşygyň gapdala öwrüm görkezijisiniň öçük wagtynda öwrülmek hem sürüjileriň arasynda ýörgünlidir. Ýöne bu düzgün bozmanyň hem gyzyl çyrada geçen bilen deň görülýändigini köpler bilmeýän bolmagy ahmal.
Aralyk saklamazlyk
Dartgynly ulag akymy bolan iri şäherlerde aralyk saklamazlyk eýýäm ençeme wagtdan bäri adaty kada öwrüldi.
Emma bu hili düzgün bozma üçin kesgitli jerime göz öňünde tutulandyr. Iş ýüzünde welin sürüjilere bu hili düzgün bozma üçin jerime berilmeýär diýen ýaly. Sürüjileriň aglabasy bolsa, aralyk saklamagyň ýol hereketiniň kadalarynyň binýatlyk talaplarynyň biridiginden asla habarsyzdyrlar.
Ýewropada aralygyň saklamazlygy üçin ýörite adalga girizilendir — «teýlgeýting» (iňl. – tailgating). Bu örän gödek düzgün bozma hasaplanylýar. Mysal üçin, Germaniýada munuň üçin 400 ýewro jerime we 3 aýlyk sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilýär. Çünki olar aralygyň saklanylmazlygynyň agyr ýol ulag hadysasyna eltip bilýändigine oňat düşünýärler. Aýratyn hem, eger-de yzdan gelýän ýük awtoulagy bolup, öňden gelýän bolsa ýeňil awtoulag bolsa.
Ulagy bu hili dolandyrmak beýleki sürüjileri gaharlandyryp biler. Olar «ýelmeşip» sürýän sürüjilere duýdansyz togtamak arkaly ders bermek isleýärler. Ýöne gowusy muny etmezlik. Çünki yzdan gelýäniň dessine togtap ýetişjekdigine kepil ýok. Eger-de gyssanýan bolsaňyz, gapdal yşyklary ýakyp, ozmak isleýändigiňizi haýal barýan ulaga mälim ediň. Ýa-da bolmasa, howlukman, öňüňizden barýan ulagy uzagraga goýberiň. Ahyrsoňy ýol dykynynda hemmeler garaşýar ahyryn.
Tizlik kadalarynyň bozulmagy
Goşmaça nyşanlaryň ýok ýerinde ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda, ilatly nokatlarda aňrybaş rugsat edilen tizlik näçe? 60 km/sagatmy? A biz adatça näçe tizlik bilen hereket edýäris? 70-80 km/sagatmy? Näme üçin? Çünki tizlik kadalarynyň 10 km/sag bozulmagy üçin jerime salynmaýar. Şonuň üçin hem bu kada bozulýar.
Ýöne ýol heläkçilikleri gönüden-göni tizlik zerarly däl-de, daşky şertlere we ýol örtügine baglylykda bolup geçýär. awtobanlarda ýa-da şäherara ýollarda 80 km/sag bolar, ýöne şäher içinde pyýadalar, welosipedliler ýa-da haýal ýöreýän awtobuslar hereket edýär ahyryn. Galyberse-de, tizlik näçe ýokary bolsa, şonça-da sürüji çatrykdan çykýan beýleki ulag serişdesini giç görýär.
Nädogry parkowka
Bu maşyny düzgünleri gödek bozup, gadagan edilen ýerlerde goýýanlara degişlidir. Mysal üçin, «kör öwrümde» maşynyňy goýmak — özi hem, daş töwerekdäkiler garşydaş ýola çykap aýlanyp geçer ýaly edip goýmak düýbünden gadagandyr. Ýa-da bolmasa, käbirleri ulagyny öýüň girelgesinde, derwezäniň agzynda goýup, hatda kagyzjykda telefon belgisini hem goýmaýarlar. Ýa-da bolmasa pyýada geçelgelerde ulag serişdeleri goýulyp, pyýadalaryň hereketine päsgelçilik döredilýär. Çagalar meýdançalarynda ulaglaryny goýup, howp döredýärler.
Pyýadalardyr beýleki ulaglar üçin bökdençlik döredip, olaryň gahar-gazabyna duçar bolmak islemeseňiz, ýaltanman, ulagyňyzy hiç kime päsgel bermejek ýerde goýuň. Goý, ol öýüňizden birnäçe minut uzakda bolsa bolsun. Pyýada gezelenç hem zyýanly däl ahyry.
Artykmaçlyk kadalarynyň bozulmagy
Bu barada aýdara zat köp. Jemläp aýdylanda, biziň ählimiz bu kadany bozýarys. «STOP» çyzygy bizi şol çyzykda togtamaga borçlandyrýan bolanda näme? Ýa-da T görnüşli çatrykda sagdan gelýän awtoulaga ýol bermeli diýlip kadalarda aýdylanda näme? Ýa-da zolagyňyz üýtgedeniňde beýleki ulaglara ýol berip, gapdal yşyklaryňy ýakmaly diýlip aýdylanda näme?
Bu aýdylan zatlardan özüňizde gabat geleni boldumy? Eger «hawa» bolsa, onda özüňizde başlamaly. Ýöne eger siz hakykatdan hem ýol hereketleriniň düzgünlerini asla ownuk zatlarda hem bozmaýan bolsaňyz, onda, birinjiden, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Ikinjiden, ýollarymyzyň howpsuzlygy ugrunda bize ýardam ediň we bu makalany dostlaryňyz bilen paýlaşyň.
Hamitbek Tajimuradow 4 years ago- Салам адрес нири? 64503558 хабарлашай