Dolan aýyñ döwleti


Tulunylar nesilşalygynyň irki döwürleri barada köp zat bilinmeýär. Diňe hanedana at beren Tulun begiň Merkezi Aziýanyň hökümdarlarynyň köşginde gulluk eden oguz esgeridigi bilinýär. Ol IX asyryň 20-nji ýyllarynda  köşkde özüni edermen esger hökmünde tanadypdyr. Gullugyna saklygy we gözsüz batyrlygy üçin ony halyf al-Mamuna (813-833) sowgat beripdirler. Dünýädäki musulman nesilşalyklarynyň gysgaça şejeresini döreden iňlis alymy E.Bosword Tulun begiň ady bilen baglanşykly täsin pikiri oňe sürýär. Onuň tassyklamagyna görä, «tulun» sözi türkmen diliniň «dolan aý» sözüniň arapça ýoýulmasydyr. Bagdatda gulluk edýän döwründe onuň adynyň bir bölegi bolan «Dolan» arapça «Tulun» görnüşünde ulanylyp, dürli taryhy çeşmelerde we XIX -XX asyrlaryň ylmy edebiýatynda onuň «Tulun» ady ymykly ornaşypdyr. Tulun beg halyflaryň köşgünde uly wezipeleri eýeläpdir. 854-nji ýylda Tulun beg aradan çykandan soň ogly Ahmet Tulun onuň ornuna geçýär. Bagdatly halyflar döwletiň bütin taryhynda Müsüre ägirt uly ähmiýet beripdirler. Sebabi Müsür ykdysady taýdan ösendi, harby-syýasy taýdan bolsa, iňňän  möhüm ýerde ýerleşýärdi. IX asyrda ol imperiýanyň iň günbatar mülküne öwrüldi. Çünki halyflaryň Demirgazyk Afrikadaky mülkleri elden gidipdi. Şol sebäpden hem döwletiň günbatar serhetlerini berkitmek üçin Müsüre örän başarjaň adamlary emir edip belleýärdiler. Halyf Mütewekkiliň (847-861) döwründe Ahmet Tulun birnäçe jogapkärli wezipelerde işläpdir. 868-nji ýylda bolsa halyf Mutazz (866-869) ony Müsüriň emiri edip belleýär. Ähli häkimiýeti öz eline alyp, Ahmet Tulun şol ýyl Müsüriň özbaşdaklygyny yglan edýär. Bu waka  ýurduň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi Müsür faraonlaryň zamanyndan bäri geçen 1000 ýylyň dowamynda ilkinji gezek özüniň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolupdy.Öňler Wizantiýanyň düzüminde bolan Müsür ülkesiniň merkezi Aleksandriýa şäheridi. 639-njy ýylda arap serkerdesi Amr al-As Müsüri eýeläp, ýurduň köne paýtagty Aleksandriýada galmak isleýär. Emma ikinji çaryýar, halyf Omar (634-644) oňa Müsür dikmeliginiň täze merkezini gurmagy buýurýar. Şeýlelikde, 641-nji ýylda Amr Fustat şäherini esaslandyrypdyr. 750-nji ýylda omeýýalar neslinden bolan halyflar Müsürden kowlandan soň, bagdatly dikmesi Salyh Fustadyň golaýynda al-Asakir şäheriniň düýbüni tutýar. Soň al-Asakir Fustat bilen birleşip uly şäher emele gelýär. Özbaşdaklyk gazanandan soň, Müsüriň taryhynda gurujy hökümdar hökmünde şöhratlanan Ahmet Tulun, 870-nji ýylda halyfyň dikmeleriniň oturýan ýeri bolan Fustatyň gapdalynda garaşsyz Müsüriň täze paýtagtyny – Kataý şäheriniň düýüni tutýar. Öň Müsürde Amr tarapyndan gurlan metjit bar eken. Emma juma namazynda Amryň esgerleriniň hemmesi bu metjide ýerleşmeýär ekenler. Şonuň üçin hem Ahmet Tulun täze paýtagtyň düýbüni tutanda, öňi bilen kaşaň metjit bina edipdir. Indi Ahmet Tulunyň  esgerleriniň 20 müňusi bir wagtda bu metjitde namaza durupdyrlar. Müsüriň ymaratçylyk sungatynda «Tulunylaryň ýa-da Tulun ogly Ahmediň metjidi» diýip at alan bu meşhur bina häzir hem bar. Metjidiň daşynda soňra Kataý şäheri emele gelipdir. Hökümdar şäheriň daşyna beýik gala, onuň aňyrsyndan bolsa gorag guşaklygyny gurdurypdyr. 878-nji ýylda Ahmet Tulun Siriýany hem Müsüre birikdirýär. Şeýlelikde, Ýakyn Gündogarda kuwwatly türkmen döwleti döreýär. Ahmet Tulun Müsüriň garaşsyzlygyny yglan etse-de, Bagdat bilen arasyny üzmändir. Müsürden, Siriýadan we Palestinadan gelýän salgydyň bir bölegini ol Bagdada ugradypdyr we juma namazynda halyfyň adyna hutba okadypdyr. Ahmet Tulunyň dolandyran ýyllarynda Müsür çalt depginler bilen ösüpdir. Raýätlardan ýygnalýan salgydyň köp bölegi Müsürde galýardy. Hazynanyň serişdeleri oba-hojalygyny, söwdany, senetçiligi we gurluşygy ösdürmäge sarp edilipdir. Bu döwürde medeniýet ösüpdir we ylmyň dürli ugurlary boýunça işler alnyp barylypdyr. Bu işlere hökümdaryň hut özi howandarlyk edýärdi.   Ahmet Tulun aradan çykandan soň Müsür tagty onuň edenli ogly Abul Jaýş Humarawaýha (884-896) miras galýar. Ol Tulunylariň döwletiniň serhetlerini has-da giňeldipdir we döwletiň düzümine Wizantiýanyň elinden alnan Sisiliýa adasy, şeýle hem Mesopotamiýa hem goşulypdyr. Netijede tulunylar döwleti sebitde iň kuwwatly ýurda öwrülýär. Ol Bagdat halyflygy, Karmatlaryň döwleti, Demirgazyk Afrikadaky Idrisiler, Aglablar döwletleri we Wizantiýa imperiýasy bilen bäsleşipdir. 895-njy ýylda Humarawaýh aradan çykandan soň, ýurdy onuň  ogullary Jeýş Abul Asahir (895-896) we Harun (896-904) dolandyrypdyr. Humarawayhyň ogullarynyň dolandyran ýyllarynda tulunylar döwleti gowşapdyr. Harun beg 904-nji ýylda aradan çykýar we häkimiýet onuň kämillik ýaşyna ýetmedik ogly Şeýbana (904-905) miras galýar. Harunyň dolandyran döwründe 903-nji ýylda tulunylar karmatlardan ýeňlipdirler. Bu ýagdaýdan bagdatly halyflar haýal etmän peýdalanýarlar we 905-nji ýylda halyf Muktafi (902-908) Müsüre garşy ägirt uly guryýer we harby-deňiz güýçlerini sürýär we Kataý basylyp alynýar. Tulunylar döwletiniň ýykylmagyna täze hökümdaryň ýaşlygy, arap wezir-wekilleriniň hazyna ogurlygy, Niliň suwunyň peselmegi, ýerlerdäki dikmeleriň özara uruşlary we goşundaky bölünşikler sebäp bolupdyr. Tulunylaryň dolandyryşy barada öz döwründe ençeme taryhy eserler  döredilip, olaryň türkmen we yslam taryhyny öwrenmekde örän uly ylmy ähmiýeti bardyr. Tulunylar barada taryhy eser döreden alymlaryň ilkinjisi Ýusup ibn ad-Daýa («Enekäniň ogly») hasap edilýär. Tulunylar hakyndaky maglumatlar onuň «Kitab ahbar al–atibba» («Tebipler hakynda hekaýatlar kitaby») eserinde jemlenipdir. Bu kitaby ýazmakda ol Ahmet Tulunyň şahsy tebibi Ywraýym ibn Alynyň gürüňlerinden peýdalanypdyr. Üstesine-de, ad-Daýa döwlet işgäri bolandygy üçin tulunylar barada döwlet diwanynyň maglumatlaryny hem ulanypdyr. Bu taryhçynyň eserindäki maglumatlary ibn Haukal, Ýakut ibn al-Kifti, Ibn Abu Usaýbiýe ýaly arap ýazarlary öz işlerinde peýdalanypdyrlar. Tulunylar barada jikme-jik iş ýazan taryhçy ad-Daýanyň ogly Ahmet ibn Ýusup ad-Daýa (868/874-942/952) hasap edilýär. Onuň doly ady Abujapar Ahmet ibn Ýusup ibn Ywraýym al Mysrydyr. Ad-Daýa lakamyny ol kakasyndan miras alypdyr. Ahmet ibn Ýusup tulunylar köşgünde ýokary wezipeleri eýeläpdir. Onuň «Katib al-Tulun» («Tulynylar nesişalygynyň kätibi») derejesi bar eken. Ýakudyň ýzmagyna görä, Ahmet ibn Ýusup tulynylar barada üç  sany  kitap  ýazypdyr.    Ol kitaplar   «Sirat Ahmet ibn Tulun» («Tulun ogly Ahmediň ömürbeýany»), «Sirat Abul Jaýş Humarawaýh» («Abul Jayş Humarawaýhyň ömürbeýany»), we «Sirat Harun ibn Abul Jaýş wa ahbar gilman bani Tulun» («Abul Jaýşyň ogly Harunyň ömürbeýany we tulynylaryň nökerleri barada habarlar») diýlip atlandyrylýar.Ýazaryň bu işlerini giçki döwrüň taryhçylary Ibn Seyit, al-Makrizi, Ýakut, şeýle hem memluklar döwrüniň meşhur türkmen taryhçysy Ibn Taňryberdi giňişleýin peýdalanypdyrlar. Ahmet ibn Ýusubyň üç işi  umumy görnüşde «Jami sirat ibn Tulun» we «Jami as sirat at-Tuluniýýa» atlary bilen hem agzalýar. Ibn Seýidiň işlerindäki tulunylar bilen baglanşykly maglumatlary 1954-nji ýylda müsürli alym Şöwki Daýf Kaýirde neşir edipdir.Ahmet ibn Ýusup Ahmet Tuluna beýik şahsyýet, döwlet işgäri,serkerde we hökümdar hökmünde belent sarpa goýýar. Eserde Müsüriň ykdysady ýagdaýy, döwletiň dolandyryş we maliýe edarasynyň işi, hökümdaryň goşuny we ýerlerdäki dikmeleri bilen gatnaşyklary barada gymmatly  maglumatlar berilýär. Ahmet Tulun baradaky maglumatlary taryhçy 26 sany adamyň gürrüňlerinden alypdyr. Olaryň arasynda Ahmet Tulunyň köşk adamlary, hyzmatkärleri, serkerdeleri, çaparlary bar eken. Bu adamlaryň köpüsi  gelip çykyşy boýunça türkmen bolupdyr. Ahmet ibn Ýusubyň gürrüňdeş bolan adamlarynyň arasynda hökümdaryň doganoglan agalary hem bar eken. Bu gürrünleri ýazar Ahmet beg ölenden soň, onuň ogly Humarawaýhyň dolandyran ýyllarynda ýazyp alypdyr. Tulunylar barada eser ýazanlaryň ýene biri al-Balawy hasap edilýär. Onuň işi «Kitab sirat al-Tulun» («Tulunylar nesilşalygynyň taryhy») diýlip atlandyrylýar. Bu eser  ýeke-täk nusgada saklanyp galyp, ol 1935-nji ýylda Damaskyň «az-Zahariýe» kitaphanasynda ýüze çykarylypdyr. Bu nusga 1939-njy ýylda Muhammet Gurt Aly tarapyndan Siriýada neşir edilipdir. Eser tulunylar nesilşalygyna bagyşlanan bolsa-da, ondaky gürrüňler esasan Ahmet Tulunyň özi hakyndadyr. Al-Balawy eseriň girişinde bu işi Müsüriň tanymal adamlarynyň biriniň howandarlyk etmeginde ýazandygyny belleýär, ýöne «howandaryň» adyny görkezmändir. Al-Balawynyn ýazmagyna görä, şol adam Ahmet ibn Ýusubyň tulynylar baradaky eserini okandygyny, ýöne ondan göwnüniň suw içmändigini aýdypdyr. Al-Balawynyň eseriniň X asyryň ikinji  ýarymynda ýazylandygyny göz öňünde tutsak, ady näbelli «howandar» tulunylar neslinden ya-da ihçidler döwrüniň belli şahsyýetleriniň biri bolmaly. Sebäbi eser tulunylar begligi ýykylandan 50 ýyl geçenden soň ýazylypdyr. Bu işiň ähmiýetine alym K.A. Boýko uly baha berýär: «Al-Balawy tarapyndan döredilen Tulun oglunyň ömürbeýany bu ajaýyp hökümdaryň dolandyran ýyllarynyň taryhyna we Müsüriň taryhynyň IX asyrynyň ikinji ýarymyna degişli iň irki çeşmeleriň hataryna degişlidir». Al-Balawynyň eserindäki gürrüňler hökümdaryň kakasy Tulunyň gelip çykyşy bilen baglanşykly hekaýatdan başlanýar. Şundan soň ýazaryň ähli ünsi eseriň baş gahrymany Ahmet Tulunyň şahsyýetinde jemlenýär. Ýazar Ahmet begiň Müsüriň syýasy durmuşynda peýda bolşundan başlap, tä ol aradan çykýança ömür ýoluny jikme-jik yzarlaýar. Al-Balawy nesilşalygy esaslandyran başarjaň we zehinli hökümdaryň çylşyrymly we gapma-garşylykly keşbini görkezip bilipdir. Onuň endiklerini, hüý-häsiýetlerini we dünýägaraýyşyny beýan etmek bilen Ahmet Tulunyň gowy häsiýetlerine uly üns beripdir, onuň ýowuzlyklaryny aklaýar. Eserde Ahmet Tulun edenli hökümdar, inçe diplomat, başarjaň serkerde, zehinli gurujy we tanymal deňizçi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ahmet Tulunyň şahsyýetiniň çöwre tarapy hökmünde taryhçy onuň ogullarynyň biri al-Abbasy mysal hökmünde görkezýär. Al-Balawynyň ýazmagyna görä, Al-Abbasyň şahsy keşbi nesiller üçin diýseň öwrenerliklidir. Ol döwlet işlerinden başy çykmaýan, emelsiz nalajedeýin, barypýatan tüpbozan  bolupdyr. Ol kakasynyň garşysyna topalaň turuzýar, ýöne derbi-dagyn edilip, ryswa bolýar. Işiň ähmiýetli taraplarynyň biri-de, tulunylaryň ömürbeýany  bütin Ýakyn Gündogaryň taryhy bilen baglylykda beýan edilýär. Onda Müsüriň, Halyflygyň we Wizantiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary görkezilýär. Eserdäki wakalar Ahmet  Tulunyň syrkawlamagy we aradan çykmagy, onuň nesihatlary, baýlyklary we jaýlanyşy bilen tamamlanýar. Al-Balawiniň işi tulunylar häkimiýet başyndan gideninden köp wagt geçip, Müsüriň ykdysadyýetinde we syýasatynda  çöküşler başlandan we häli-şindi bolýan topalaňlar merkezi häkimiýeti gowşadandan soň ýazylypdyr. Şonuň üçin hem ýazaryň pikiriçe, Müsüre Ahmet Tulun ýaly ýurdy düzgüne salyp, topalaňlary ýatyryp biljek güýçli şahsyýet zerur bolupdyr. Şeýle şahsyýetiň üstünlikli döwlet işi, ýazaryň pikirine görä, ýerli hökümdarlar üçin nusgalyk tejribe mekdebi bolup biljekdi. Al-Balawy bu işi ýazmak üçin Ahmet Tulun tarapyndan döredilen hökümet edarasyndan - «diwan al-inşadan» alnan resminamalary we hatlary giňişleýin ulanypdyr. Al-Balawiniň berýän maglumatlaryna görä, Ahmet Tulun şahsy kätibine özüniň dürli adamlar bilen gürrüňdeşligini, gürrüňdeşligiň nirede we kim bilen geçirilýändigine garamazdan, ähli gürrüňleri dolulygyna ýazdyrýar eken. Eger-de kätip şu düzgüni bozaýsa, ona haýal etmän çäre görlüpdir. Tulynylar barada eser ýazan taryhçylaryň biri-de, Abu Omar Muhammet ibn Ýusup ibn Ýakup ibn Hafs at –Tujibi al-Kindi al-Mysrydyr (897-961). Onuň dürli hili atlandyrylýan «Kitab al-Umara» («Emirler hakynda kitap») eseri saklanyp galypdyr. Bu eserde Müsüriň VII-X asyrlardaky emirleri bilen bir hatarda Tuluny we Ihçidi emirleri barada-da gymmatly maglumatlar berilýär. Al-Kindi beýan edýän wakalaryny dürli şahyrlara degişli goşgy setirleri bilen hem bezäpdir. Şol goşgylar  Ahmet Tuluna, onuň ogly Humarawaýha bagyşlanyp arap şahyrlary tarapyndan ýazylan öwgüli, şeýle hem tulunylar nesilşalygynyň ýykylmagyna gynanç bildirilip, göz ýaş edilip ýazylan şygyrlardyr. Ýazaryň işindäki maglumatlar  VII asyryn ortalaryndan gaýdyp, Muhammet Ihçidiň ölümine çenli (946) ýetirilip goýulypdyr. Al-Kindiniň eseriniň nusgalary Akkadaky (Palestina) Ahmet paşanyň (XI asyryň göçürmesi), Gylyç Aly paşanyň (XII a.), Mustapa ependiniň (XVI asyryň başlarynyň göçürmesi), Esat ependiniň (XVI asyryň ahyrlary) kitaphanalarynda, şeýle hem Angliýanyň Britan mirashanasynda saklanýar.  Gynançly ýeri, bu eseriň dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki bu güne çenli saklanyp gelýändigine garamazdan, ol biz üçin elýeterli däldir.

Jumadurdy ANNAORAZOW,taryh ylymlarynyñ kandidaty.



www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir