Adam 7. Aşyklyk


Aşyklyk menzili adamyň içki ruhy gymmatlyklarynyň içinde aýratyn orun tutýar. Yşka düşmek, aşyklyk beýik öwrülişikdir. Yşk ýöne bir ruhy-fiziologik ahwalat däldir. Yşk hatda ýöne bir ruhy-ahlak dereje hem däldir. Biziň milli ruhyýetimiziň we milli aňyýetimiziň gymmatlygy, ata-babalarymyzyň ruhy-aň gazanany hökmünde yşk ruhy-mistiki hadysadyr. «Mistika» sözüni men bu ýerde tüýs rasional manyda ulanýaryn. Mistika – ýaşaýşyň ruhy syrlarynyň adam kalby üçin açyklaşmagydyr. Şu jähetden mistika kalbyň melanholiýasydyr. Şunda-da onuň ähli artykmaçlyklary aýan bolýar. Melanholiýa – heserlenmedir. Heserlenme adam kalbynyň kanagatlanmazlygyndan gelip çykýar. Gürrüň haýsydyr bir durmuşy halatlar däl-de, adam aňynyň we kalbynyň ýaşaýşa ruhy-pelsepe gatnaşygy barasyndadyr. Adam paýhasy tebigy dünýäniň çäginden daşdaky bir ruhy hadysa hökmünde ýüze çykan gününden bäri adam dünýäniň düýbüne ýetmek hyjuwyna eýe bolupdyr. Muny iki dünýäniň biri-birini tapyşmak meýli diýip atlandyrsa bolar. Ruhy dünýä özbaşdak giňişlik hökmünde kemala geleninden ikinji giňişlik bilen barabarlaşmak işine başlapdyr. Şondan bäri hem ruhuň kä barlyşmak, käte-de aýrylyşmak hereketinden onuň ösüş dialektikasy emele gelýär.Aslynda mistika ýa-da irfan paýhasyň iň inçe ýoludyr. Dünýä akyl ýetirmegiň üç hili ýoly bardyr:birinjisi – akyl arkaly düşünmek;ikinjisi – duýgular arkaly aňlamak;üçünjisi – bolsa kalp arkaly akyl ýetirmekdir.Bularyň başky ikisiniň mümkinçilikleri çäksiz däldir. Olaryň hersiniň öz kemçilikleri bar. Akyl diňe pikiri, subutnamalaryň berýän hakykatyny ykrar edýär. Emma dünýä, barlyk pikirdir subutnama ýaly serişdeler bilen ýetip bolardan has çylşyrymly hadysadyr. Elbetde, pikir aldamaýar, emma barlyk bilen akylyň çylşyrymlylyk we çuňňurlyk barabarlygy asla deň däldir. Howaýy akyl adam intellektiniň dilidir. Barlygyň dili ondan tapawutly hem has köp jähetli bolup, barlygyň zybanyndan çykýan ähli hakykatlary akylyň dilinde aňladyp bolmaýar. Galyberse-de, akylyň yzyna düşülmegi adamy dünýä bilen bigänelige getirýär. Juda geň galdyryjy zat – paradoks, ýöne akyl ýeke özi gidende, ahyrsoňy nebsiň elindäki gurala öwrülýär, munuň soňy dünýäni peýda görmek meýdanyna öwürýär, akylyň döreden gurallary arkaly adam ýaşaýşyň özüni weýran edip başlaýar.Duýgy bolsa şowakördür hem aldawçydyr. Ten duýgularynyň dünýäniň düýbüne ýetmek hyjuwy salgymyň yzyndan ýetmek meýlini ýada salýar. Duýgularyň bikemallygy olara daýanýan akylyň hem biweçligine getirýär.Bu hili çykgynsyzlykdan adam paýhasyny mistiki aňlaýyş alyp çykýar. Mistiki aňlaýşyň baş serişdesi – kalpdyr.Kalp – hersi aýry-aýrylykda bikemal hem birtaraplaýyn bolan akyldyr duýgynyň bitewüleşmegidir. Akyl hemişe giňişligiň, duýgy bolsa wagtyň düýbüne ýetmek isleýär. Diňe kalpda wagt-giňişlik bitewüligine ýetmek mümkinçiligi peýda bolýar.Akyl şahsyýetlik ölçeglerinden mahrumdyr. Şonuň üçinem ol adama biparh garaýar, şonuň üçinem ol adama sowuklyk bolup görünýär. Akyl diňe obýektiwlik bilen iş salyşýar. Munuň tersine, duýgy diňe öz içki meýiljiklerine maýyl bolup galýar, netijede hakykat barlygy onuň çäklerinden aňyrda galýar.Diňe kalpda içki-daşky bitewüligine ýetip bolýar. Mistika yşk arkaly wagt-giňişlik, içki-daşky, akyl-duýgy, barlyk-gaýyplyk bitewüligini dikeldýär. Şonuň üçinem düşünmegiň, aň etmegiň, dünýä hakykatyna barmagyň ýeke-täk dogry ýoly mistiki aňlaýyşdyr. Mistika hakyky däl, soňy boş göwünýüwürtmeleriň toplumy däldir. Mistikanyň aň ýetirişiň netijeli usulyna öwrülmegi üçin ýeterlik rasionallaşmagy gerekdir.XX asyrda döräp, adamzadyň ruhy ösüşiniň uly hadysasy bolan Günbatar ekzistensializmi mistikanyň rasionallaşmagynyň hadysasydyr. Ekzistensiýa ýa-da türkmençe aýdylanda, heserlenme, hüýlenme dünýäniň hem ruhuň çäklerinden parran geçmäge kalba köp mümkinçilikleri döredýär.Mistikanyň esasy meselesi yşk meselesidir. Yşk aňlatmasynda barlygyň bitewülik jäheti bar. Adatça, yşk söýgi, söýgi bolsa diňe ýaşaýşyň meselesi diýip düşünilýär. Munuň ylahy däl, durmuşy jähetdäki birtaraplaýynlykdygyna düşünmek üçin irfanyň ahyrky maksady meselesine ýüzlenmeli.Irfanyň ahyrky maksady – şahsy ruhy bakylygy gazanmakdyr. Şahsy ruhy bakylyga ýetmek üçin ýolunda duran esasy böwediň – ölümiň nämedigine göz ýetirmek gerek. Diýmek, yşkyň esasy jäheti dirilik däl-de, ölümdir. Beşeri söýgi ýa-da beden söýgüsi diňe ýaşaýyş, dirilik jähetine meşguldyr. Beden söýgüsi jandara mahsus bolan beden instinktleriň dowamydyr. Hususan-da, aýdaly, şöhwetde jandaryň esasy fiziologiki islegi bolan iýmek, özüne siňdirmek meýli dowamyny tapýar. Argyşmak arkaly iki bedeniň biri-birini iýmek islegi adamda gaýybana görnüşde amal edilýär.Elbetde, gaýybana – ýagny, gönümel, beden derejesinde däl-de, duýgy, duýgularyňy kanagatlandyrmak derejesinde amal edilýär. Kanagat tapan bedenler ýene biri-birinden gaçganaklamak bilen bolýar. Sebäbi ähli maddy-tebigy ýüze çykmalary ýaly, duýga berçikmek häsiýetlidir. Duýgynyň kanagatlandyrylmagy birhili ruhy boşluk we ökünçpisint duýgynyň döremegi bilen tamam bolýar. Sebäbi ruhy kanagatlanma duýgy kanagatlanmasynyň tebigy netijesidir. Paýhasly adam diňe şonda özüniň tebigatyň elindäki oýunjak, serişde bolandygyna düşünip galýar.Kalbyň serişdesi – ruhy ahwalatlardyr we ruhy howalalyklardyr. Yşk dirilik bilen ölümiň, ömür bilen ölümiň bitewi jähetde göz öňüne getirilmegidir. Yşk öz höwrüňi «iýmek» hereketi däl-de, ölümi aradan aýyrmak, höwrüňi «basyp almak» hereketi däl-de, ölümi ýeňip geçmek hereketi hökmünde häsiýetlenýär. Bu hereket kalbyň ahwalatydyr. Kalp ruhy heserlenme ýoly bolan ýaşaýşyň mistiki syrlylygynyň üstüni açýar, ýaşaýyş gözelliklerine aralaşýar. Diňe ýaşaýşa şeýle düýpli göz ýetirmek tebigy ölümiň ruhy öwezini berip bilýär.Yşk – ölüme göz ýetirmek ukybydyr, ýaşaýşa o tarapdan, ölüm tarapdan göz ýetirmek ukybydyr. Aşyklyk ölümiň nämedigini bilip, ýaşaýşa akyl ýetirmekdir. Beýle ukyp diňe ylahy aşyklyga ýetdirýändir.Beşeri yşk ölümiň o tarapyna çykmaklygy däl-de, diňe ömür-ölüm çäginiň içindäki amallara dahylly bolup galmakdyr. Duýgy derejesindäki söýgüde adam öz höwrüne şöhwetini kanagatlandyrmagyň serişdesi hökmünde garaýar. Munda maksat höwrüňi «iýmekdir». Adamyň nazy-nygmatlary iýip, öz tagam alyş duýgysyny berjaý edişi ýaly, beden bedene gowşanda, «iýmek» işi jynsy jähetde amal edilýär. Hut şonuň üçinem biziň nusgawy edebiýatymyzda, aşyk şahyr magşugynyň beden gözelliklerini «alma-nar», «şirin-şeker», «pisse» ýaly iýmit düşünjeleri bilen suratlandyrýandyr. Eýse bägül, gül ýaly suratlaram ýene bir duýgy – ys alyş diýilýän ten duýgusynyň möwjüni aňladýar ahyryn.Ylahy aşyklyk ten duýgularyndan ýokary göterilmekdir. Munda magşuk şöhwet serişdesi däl-de, özbaşdak şahsyýet hökmünde islenilýär. Beýle islegiň şerti düşnüklidir. Çünki aşygyň özi, ilki bilen, ruhy-ahlak şahsyýet derejesine ýetýär, şonuň üçinem ol magşugynyňam şahsyýet bolmagyny isleýär.Irfanda yşk, ýagny aşyklyk – magşuklyk gatnaşyklary diňe iki sany ynsanyň arasyndaky gatnaşyk däldir. Ol adam bilen dünýäniň arasyndaky ruhy gatnaşykdyr.Adam külli ýaşaýşy şahsyýetleşdirýär we dünýäge öz magşugy hökmünde garaýar. Şu hili aşyklyk heserlenmesi dünýä ýaşaýşynyň syrlaryna we gözelliklerine, ýaşaýşyň mährine we bakylygyna bolan maýyllyga getirýär. Aşyklyk menzilinde adamda durmuşyň ruhy howalalykdan mahrum adatylygy, endikliligi syrylyp, adamyň kalby beýik ýaşaýşyň ilkibaşky terligine, eldegmedikligine dahylly bolýar. Adam durmuşda «ölüp», ýaşaýyşda direlýär, adam adatylykda ölüp, gudratlylykda we keramatlylykda gaýtadan dogulýar. Biziň nusgawy sopularymyzyň ölüp-direlmek garaýyşlary-da şundan gelip çykýandyr. Adam tebigatyň we güzeranyň sapyndaky gury sanlygynda «ölüp», ruhuň jemendesiniň hatarynda şahsyýet bolup dogulýar. Beýik akyldarlarymyzyň «dünýä syry», «beýik pikir» diýýänleri-de hiç hili rasional syrlylyk däldir. Olar akylyň däl, ýaşaýyş gudratynyň, bakylyk gudratynyň syrlarydyr. Bu syrlara ýol kalbyň üstünden geçip gidýär.Nusgawy edebiýatymyzdaky gözi ýaşly, bagry girýan aşyk ylahy pelsepe yşgynyň wekilidir. Ol özüniň panylygyna, ýaşaýşyň bakylygyna göz ýetirmekden ýaňa gözýaş dökýär. Bakylyga diňe bakylyga ýetip taý, höwür bolup bolýar. Panylyk bakylyga mynasyp däl, panylyk bakylyga barabar däl. Şonuň üçinem ol aşyk bakylyk nyşany bolan Allanyň köýünde ýaşaýar.Alla – külli ýaşaýşyň bakylyk hem gözellik moduslarynyň o tarapdan görülmegidir we suratlandyrylmagydyr. Oňa ymtylmak adamda birgiden serhaly, intellektual, ruhy, estetiki, hatda psihofiziologik özgertmeleri ýüze çykaryp, bütinleý başga bir derejedäki şahsyýeti kemal edýär. Onda ýaşaýşa başga bir, özboluşly ruhy-kalp gatnaşygy, hylwaty gatnaşyk kemala gelýär. Ol ýaşaýşa mähir berýär, şonuň üçinem tutuş barlyk oňa mähribandyr. Bu mähir onuň jisminden däl, kalbyndan inýär. Älem tutuşlygyna onuň mähriban öýi, barça dünýäler onuň watany, barça eýýamlar onuň ömrüne öwrülýär. Ýekeje şahsyýet wagt hem giňişlik taýdan bütin äleme barabarlyk derejesine ýetýär. Munuň özi ekzistensial-mistiki kalbyň eýe bolany adamyň hakyky ruhubelentligidir. Ol daşyny gurşap alan görünýän-u-görünmeýän ululy-kiçili barlyklara gaýybana – ruhy jähetde öwrülip bilýär. Onuň üçin ähli barlyklar – jansyz-u-janly barlyklar ezizdir, mähribandyr, çünki olar onuň özüdir. Ol özüni olaryň her biriniň durmuşy (ontologik) çäklerinde goýmaga, aňynda olara orun tapmaga ukyplydyr. Şonuň üçinem oňa ýaşaýyşda bigäne, ýat, nämähriban hiç bir zat ýokdur. Ol panylykdan bakylyga geçen kişidir.Biziň nusgawy aşyklarymyzyň dilinde häsiýetli, agramly aňlatmalar bar. Olar «döneýin, aýlanaýyn» diýen sözlerdir. Aýlanmak – magşugyňy mukaddeslik hökmünde ykrar etmekdir. Muňa başgaça «togap etmek» diýilýär. Ata-babalarymyz mukaddes ýerleriň daşyndan aýlanyp, togap edipdirler. «Dönmek» hem şo manydadyr. Mukaddes «Awestada» dünýädäki 12 mukaddes ýurduň ady agzalýar.Emma «dönmek» sözüniň ikinji bir manysy-da bardyr. Bu many söýgüli barlygyna öwrülmegi, siňip gitmegi aňladýar. Ýaşaýşa aşyk bolmak külli barlygyň ähli taraplaryna tänip gitmekdir, her bir närsä dönüp bilmek ukybydyr.Ýaşaýyş hut yşkda öz bitewüligini amal edýär. Emma başga bir jynsa duýgy bildirmek entek jandar höwrüne duýgy bildirmäge ukyplydyr. Bu ýaşaýşyň diňe ten islegi derejesidir. Diňe adama berlen ruhy-ahlak we ruhy derejelerde aşyklyk menziliniň aýratynlyklary bardyr. Aşyklygyň ruhy-ahlak derejesinde adam öz magşugyny ýa-da öz aşygyny öz-gymmatlykly şahsyýet hökmünde görýär. Şu-da hakyky ynsan söýgüsidir. Şahsyýet ornunda görmek – almaga mähetdellik däl, bermäge taýynlykdyr. Özüňe harç etmek däl, özüňi sarp etmäge taýynlykdyr. Baglap goýmak islegi däl, baglanmak töwekgelligidir. Onuň saňa degişliliginden däl, eýse onuň hiç bir zada, kişä degişsizliginden lezzet almakdyr. Eýelemek mümkinçiliginden däl, eýse onuň hiç bir zat tarapyndan eýelenmezden ýaşamak mümkinçiligini ykrar etmekden lezzet almakdyr. Çyn aşyklygyň sarp etmek, eýelemek, degişli etmek, baglamak gatnaşyklary bilen hiç hili umumylygy ýokdur.Çyn aşyk ömrüniň sarp bolmagyndan, barlygyny ajalyň eýelemeginden, özüniň ýokluga degişli bolmagyndan gorkmaýar. Çünki ol bu hili göz ýetirme, aň etme gatnaşyklaryndan ýokary galandyr. Şonuň üçinem ýaşaýşyň çägindäki, gün-güzeran içindäki zatlar-ha däl, ol çäkden we içden aňyrkylygy aňladýan ölümden hem gorkmaýar. Onuň kalby dokdur, onuň gözleri-de dokdur.Gorky diňe birinji – tebigy dogluşa mahsusdyr, aşyk bolsa ikinji – ruhy dogluşyň adamydyr.Adamyň aşyklyk menzilini edinendigi onuň ýaşaýşynda-da, onuň ölüminde-de aýan bolýandyr. Bu menzildäki ýaşaýyş duşmansyz ýaşaýyşdyr. Duşmanly bolmak üçin daşyndan gelýän garşylyk, garşy durmaklyk, içinden gelýän ýigrenç zerurdyr. Bular aşykda ýok, bolubam bilmejek närselerdir. Mežnuny ýatlalyň. Mežnunyň ýolunda garşylyk bar, böwet bar, Mežnunda garşydaş bar, emma onda duşman ýokdur. Çünki onda ýigrenç ýokdur. Duşman daşynda garşylyk sebäpli däl-de, içindäki ýigrenç sebäpli döreýär. Hut ýigrenç garşydaşyňy duşmana öwürýär. Bu dünýä bize dost hem, duşman hem bermeýär, olary özümiz edinýäris. Ine, Nowfylyň esgerleri Mežnuna Leýlini alyp bermek üçin söweş edip, gan dökýärkä, Mežnun söweş meýdanynda garşydaş duşman tarapyň ýaraly esgerlerine em edip ýör.Ýa-da Mežnun çölde aw edip ýören awçylaryň elinden öz zadyny berip, jeren owlagyny halas edýär. Awçylardan Mežnunyň uly tapawudy bar: ol bu dünýä aw awlamaga-da, aw bolmaga-da gelmändir. Ol yşkda ýaşamak hem yşkda ölmek üçin gelipdir.Adamzadyň belli bir toplumy bolan awçylar gün-güzeranyň ýaşaýjysy, dünýäniň ýaşaýjysy, ýa awlanmaly, ýa aw bolmaly. Mežnun ruhuň ýaşaýjysy. Ol sözüň ruhy manysynda söýmeli hem söýülmeli şahsyýet.Dünýä haçan kämil bolar? Haçan-da mežnunlar, aşyklar adamlaryň arasyndan gaçyp çykyp, çöl-sährada ýaşamaly bolman, durmuşyň özi aşyklyk mekanyna öwrülende, şonda dünýä gözel bolar.Ölüm haçan adalatly hem rahatly bolar? Haçan-da adam ölmezden öň aşyklyk menzilini görende adalatly hem rahat bolar. Aşyga ölümde-de duşman ýokdur. Şonuň üçinem Isa pygamberiň, Hallajyň, Nesiminiň ölümi aşyklyk nusgasydyr. Isa hezretleri özüni haja çüýlän adamlara rehim etmegi Alladan diläpdir. Eýse wagşy haýwanlardan ar almak ynsaplykmydyr?! Mansur özüne ölüm jezasyny berýänlere gülüp bakypdyr. Çünki «Bular maňa däl, meniň gabygyma – göwräme jeza berýärler» diýip, ol aýdypdyr. Nesimi bolsa jellatlara ýüregi awamak bilen seredipdir.Aşyk kişide duşman bolmaz. Ol pany ýaşaýşa ýa-da ýaşaýyş panylygyna häsiýetli bolan gapma-garşylyklardan – dost-duşman, ölüm-ömür, söýgi-ýigrenç we ýeneki gapma-garşylyklardan, aslynda wagt-giňişlik çatyşygyndan ýokary galan şahsyýetdir.Bularyň bary-da dogry welin, şu ýerde biziň ruhy ölçeglerimizde bolup geçen möhüm bir öwrülişigi nygtamak zerurdyr. Nusgawy aşyklykda baş gymmatlyk dünýä ýaşaýşynyň çäklerinden aňyrda ýerleşipdir. Şonuň üçinem nusgawy pelsepäniň dilini simwolika kemala getirýär. Mežnun garşydaş esgerleri gowy görýär, sebäbi olar Leýliniň tarapyndan gelen, Mežnun jeren balasyny gowy görýär, sebäbi onuň gözleri oňa Leýliniň gözlerini ýatladýar. Mansur jellatlara ýylgyryp bakýar, sebäbi onuň «meni» başga bir barlykda orun alypdyr. Diýmek, nusgawy aňymyzda yşgyň obýekti göze görünýän barlyklaryň aňyrsyndadyr. Bakylyk hem ata-babalarymyz tarapyndan şol ýere – başga-başga barlyklara çykyp gitmek diýip düşünilipdir.Biziň aşyklygymyz munuň tersine däl, emma bu hili gymmatlyk kesgitleýiş ölçeglerinden başga zatlara daýanýandyr. Edil ozalkysy ýaly, aşyklyk – munuň özi şahsyýetiň bitewüleşmegidir, ýöne nirädir bir ýere çykyp gitmek däl-de, dünýä ruhy – aň taýdan barabarlaşmak üçin bitewüleşmekdir, dünýä o tarapdan gaýyp gelmek üçin bu tarapdan aýrybaşgalaşmakdyr. Magşuk çäklerden bärdedir. Sözüň hakyky manysyndaky aşyklyk bitewüdir, tutuşdyr. Şol bir wagtda-da ikitaraplaýyndyr. Munuň üçin adama aşyk bolmak külli ýaşaýşa aşyklyga çenli ösüp ýetişmelidir.Dünýäniň gözellikleriniň tagamyny bilen adam magşuk gözellikleriniň-de hakyky syrlaryna ýetip biler. Ýogsa söýgi jynsyň – tebigatyň, güzeranyň hem durmuşyň çägindäki zat bolup galar. Tebigat, güzeran hem durmuş çäklilikdir, ýaşaýyş hem barlyk – çäksizdir. Başkylar – panydyr, soňkular bakylykdyr. Gyza bolan söýgi tutuş ýaşaýşa, dirilige bolan ruhy ymtylmanyň bir ugry, anyklaşygy bolanda hakyky yşkdyr. Çünki diňe şonda ol eýýäm aňlanylan söýgüdir, aňlanylan ruhy başarnykdyr. Şonda yşkdaky obýekt-subýekt gatnaşyklary başga hile geçýär: munda obýekt bakydyr – çünki ol älem ýaşaýşydyr, munda sen hem – aşyk, hem bakysyň, çünki sen külli ýaşaýşyň syrlaryna hem gözelliklerine dönüp gidersiň.Aşyklyk menzilinde bakylyk panylyklaryň mukdar jemi däldir. Bakylyk howaýylyk däldir.Bakylyk her bir panylyk pursadynyň täze hile geçmegidir. Bakylyk diňe kalpda we diňe kalp arkaly mümkindir. Biziň köne dessanlarymyzda, aşyk bile magşuk biri-biriniň didaryny gören halatynda, beýhuş bolup ýykylýarlar. Aşyklyk menzilinde ýetilýän bakylyk – kalbyň ýaşaýyş gözelligini görüp beýhuş bolmagydyr. Çünki şonda ol öz wagt-giňişlik çäginden çykýar. Älemleriň çuňlugyna hem giňligine ýetýär.Bakylyga ýetmek üçin ýeke pursat ýeterlikdir. Bu pursat kalbyňy haýran edýär, şonda sen bu dünýä gelip, ömür sürüp, iň uly bagta – ýaşaýşa dahyllylyk bagtyna eýe bolandygyňa düşünip galýarsyň.Tebigat, güzeran hem durmuş adamyň aýagyndan ýapyşyp, ony aşak çekýär. Tebigat – ten ýaşaýşyna, güzeran – jan ýaşaýşyna, durmuş bolsa gury san ýaşaýşyna tarap çekýär. Adamyň mundan ýokary galyp, hakyky Adam bolmagy üçin barlyga ymtylmagy gerekdir. Bu gereklik aşyklyk menzilinde ruhy taýdan belli-külli amal bolýar. Adam şonda külli ýaşaýşyň depesine çykyp, şol ýerden ruhy gözleri bilen älemiň nurly hem nursuz alyslyklaryna bakýar.Aşyklyk dert hökmünde görkezilipdir. Bu dogrudyr. Emma munuň dogrulygyna dogry düşünmek gerek. Aşyklygyň derdi ruhuň kämilleşmek ýolundaky dert-azaplardyr. Aşyklykda adam özüniň heýkeltaraşydyr, özüniň zergäridir. Aşyklyk menzili sungat menzilidir. Sungat diýmek bolsa özüňi döretmek diýmekdir. Döretmek, ilki bilen, öz artykmaçlyklaryňy, gerekmezlikleriňi aýyrmak, soňam gerekli sypatlary edinmekdir. Hut melanholiýa diýilýäni-de özüni kämilleşdirmek zerurlygyny jana-jan zerurlyk hökmünde aňasty duýmakdan döreýändir. Aşyklyk hetdine, aşyklyk menziline gadam goýup, adam bakylyk owazlaryny eşidýär.Indi oňa kämillik elýetmez bir zat däldir. Aslynda kämilligiň deslapky şertiniň özi-de aşyklyk ukybydyr.

Osman Öde



www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir