Gorkunç öñden görüji porhanlar 2020-nji ýyl hakda nämeleri habar berýärler!?

2020-nji Täze ýyl Syçan ýyly

Täze ýylyñ gelmegine bu gün erte-de sanlyja günler galdy. 2020-nji ýylyñyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2020-nji ýyl ýurdumyz, maşgalamyz we hemmämiz üçin bagtly, şatlykly we üstünlikleriñ amala aşýan ýyly bolsun!
Halal ojaklarda örñän türkmen halkymyñ bereketi nur çaýyp, rysgally, bereketli, hasylly, önümli ýyllaryñ birine öwrülsin.
Gara öýleriñiz gurulanda Ak öý bolup saraý tutsun. Maşgala ojagynda örñäp kemala gelen ogullar-gyzlar ene-atalaryna rakyply, okuwlarynda, işlerinde üstünlik gazanyp, söýen ýarlaryna wepaly bolup köpelip-örñesinler.
Türkmen halkymyzyñ müçenamasyna görä indiki ýyl (2020) syçan ýyly gelýär.
Her ýylyñ nähili boljakdygyny şol haýwanlaryñ häsiýetlerine, özlerini alyp baryşlaryna görä boljakdygy barada il içinde aýdylýan gürrüñler bar.
Rowaýatlara görä ýagşyzada Budda dünýäniñ haýwanlaryny çagyranda ilkinji bolup Syçan sygyryñ arkasyna münüpdir. Sygyr birinji bolup gelýär eken bolmasa. Buddanyñ ýanyna golaýlan sygyryñ arkasyndan böküp düşen Syçan ilkinji bolup baran hasap edilipdir.
Türkmenlerimiz on iki müçäniñ başynda:
Ýyl başy syçan, sygyr,
Bars, towşan, luw, ýylan..
ㅡ diýip syçany ilkinjileriñ hatarynda goýup aýdýandyrlar.
2020-nji ýylyñ Syçan ýyly hemme zadyñ başlangyjy hökmünde görýärler.
Indiki ýyl 2020-nji ýylyñ birinji Ýanwary hepdäniñ üçünji gününe, ýagny Çarşenbeden başlanýar. Eger ýylyñ başy Çarşenbeden başlanýan bolsa gadymy döwürlerde şeýle ynanç-yrymlary baglanyşdyrypdyrlar. Bu hakda Arazbaý Öräýewiñ Täleýnama kitabynda hem aýdylýar: ''Halk arasynda wehim döreýär, uly biynjalyk bolýar. Uruşlaryñ, duşmançylygyñ köp bolmagy adamlary irizýär. Ýagyn kadaly bolýar, köp ekinleri ir sowuk urýar, çarwalarda we ýaş çagalaryñ arasynda ölüm-ýitim köp bolýar. Deñizlerde hem uruş köp bolýar. Däne arzanlaýar. Gök köp gümmürdeýär, bal gymmatlaýar, hurma oñat gülleýär, kendir, pagta köp bolýar, turpuñ, soganyñ hasyly kem bolýar'' diýýär. Bu aýdylanlar ýöne bir howaýy gürrüñlermi ýa yrymlarmy? Ýa-da hakykata golaý ýorumlamalaryñ birimi? Meñ pikirimçe bu aýdylan ýorumlar ýüz göterim dogry gelmese-de bolaýjak ýorumlar bolsa gerek.
Öz ýorumlary bilen adygan we dünýäde aýdanlary hakykata dogry gelen Nostradamus we bilgiç zenanlar Wanga we Selenge dagylaryñ bu hakda garaýyşlary nähili?
Geliñ hemmämiz birlikde olaryñ aýdanlaryny üns berip diñläliñ. Niýetim özüni palçy diýip atlandyranlaryñ sözlerine ynandyrmak däl-de bir-az bolsa-da synyñyzy çekmekden ybarat.
Olaryñ içinde Miçel Nostradamus özüniñ dörtleme goşgularynda, Wanganyñ we Selenganyñ aýdan syrly gepleri habar berilýär.
Ýer ýüzünde Syýasy, ykdysadyýet, ekonomika tarapyndan adamzadyñ etmejek pyssy-pujurlyklary ýa-da etmejek haýyrly işleri ýok bolsa gerek!
Terror güýçlerine baş goşulmaýar diýmeseñ häzir dünýäde bir ýüz ýigrimi üç ýyllap söweşmän ýaşap gelýändigimizi görmelidiris. Ýagdaý şeýle bolansoñ köpler 2020-nji ýylda geljek apatlar hakda öñden görüp bilenoklar.
''Ertir irden dünýeden öterin'' diýip wepat bolan Nostradamus 2020-nji ýyly hakda şeýle öñden görüjiligi habar berýär:
- Älemden gelen bir jisim Ýer ýüzi bilen çakyşar we uly heläkçilik emele geler.
- Nükleýir heläkçilik ýa-d terror planetany haraba döndürer''.
Nostradamus Aziýada Orta-gündogar asylly Mehdiniñ (Mäti) orta çykjakdygyny we Ýer ýüzüniñ 2020-nji ýyllarda Altyn eýýama 2020-nji ýyllarda giriljekdigini hem habar beripdi.
- 2020-nji ýylda atum atylmagy bilen Rimiñ (Rom) asty-üsti weýran bolar.
- Uly bir ýakyjy dagdan (wulkanik) partlamalar emele geler. Ýer ýüzi bäş san içinde bir sapar sarsylar we alty müñe golaý adam dünýeden öter.
- Üçünji jahan urşy sebäpli kritikal gytlyk geler. Söweş Ýewropada başlanyp Bütin dünýä ýaýrar we ýigrimi ýedi ýyllap dowam eder.
Günbatardaky (ABŞ) döwletiñ günbatarynda uly ýer titreme emele geler we bu titreme ýer ýüzüne heläkçiligi getirer.
- Bir ýurtda düzgün pozular we geljegiñ habar berilmez ýagdaýy emele geljek.
- Katolik ybadathanasynyñ lideri öler.
- Terrorçylyk, garakçylyk 2020-nji ýylyñ iñ uly problemmasy bolar.
- Ülkelerde ýaragly çaknyşyklar dörär.
- Strategik güýç bilen Hytaý dünýäniñ täsin güýjine öwrüler.
- Italiýada emele gelen sebäplere görä Ýewropa uly krizisi başdan geçirer.
Günbatardaky döwletde (ABŞ) radikalizm ýagdaýlar sebäpli uly üýtgeşmeler bolup geçer.
- Lukmançylykda gazanylan üstünlikler sebäpli adam ömri uzak ýaşar.
- Çaga edinmek isleýänler, hökümetlerden kanuny rugsadyny alarlar.
- Dil düşünişmezligi aradan aýrylar.
- Demirgazyk kiçi döwlet (D.g. Koreýa) Günortadaky kiçi döwlete (g.o. Koreýa) birleşer.
- Gün energiýa panellarynyñ ulanylşy ýaýrap başlar.
- Äleme syýahatçylyk başlanar.
- Saýry gelmişekler (UFO) adamzat bilen ýakyn gatnaşyga geçerler.
- Howanyñ hapalygy artar.
- Russiýa we Ukraýina arasyndaky çaknyşmalar tamamlanar.
- Orta gündogar ýurtlar bombalar bilen ýykylar.
- Ýunanystan, Horwartiýa, Pertekiziýa, Ispaniýa, Gollandiýa, Germaniýa we Fransiýada tokaý ýangynlygy bolup geçer.
- Ýewropa we Günbatar (ABŞ) döwleti göçülşige sezewar bolar.
- Osmanlyda (Türkiýede) 7 ýa-da 7,4 ululygynda ýer sarsyrlar.
- Birkeşen korollykda (Angliýa) zenan Elizabet öler we ýerine bir karol tagta geçer.
Russiýa bilen Günbatardaky (ABŞ) döwletiñ baştutanlarynyñ (Putin bilen Tramp) arasyndaky kynçylyklar dowam eder.
Russiýanyñ karoly (Putin) dildüwüşiklige sezewar bolar, ýöne sakçylary tarapyndan halas ediler. Günbataryñ karoly (Tramp) gizlin syrkawlyga sezewar bolar. Maşgalasy bilen birlikde çaknyşyk heläkçiligine uçrar''.
Ine şu habarlar Nostradamusyñ dörtlüklerinde ýa-da goşgularynda ýazylan.
Indi bolsa porhan Wanga näme diýýär:
- Russiýanyñ baştutany Wladimire gizlin dildüwişiklik garaşýar. Bu bolsa goragçylaryñ içindäki bir haýyn tarapyndan paş ediler. Bu belanyñ hötdesinden gelip-gelmejegi belli däl ýöne Wladimir hüşgär bolmaly.
- Russiýa meteorit çaknyşygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.
- Amerikanyñ baştutany (Tramp) syrkawlar we eşitmek ukybyndan el çeker. Aýratynam Amerikanyñ baştutanynyñ beýnisinde käbir funksiýon kynçylyklar dörär.
- Ýewropanyñ bitewiligi 2020-nji ýylda tamamlanar. Ýewropanyñ ekonomiýasy gitdigiçe çöker. Trambaýlar gün yşygy bilen işläp başlar.
- Dünýä ýüzi bir az hem bolsa rahatlyga gowuşar.
- Päkistan, Hindistan, Ýaponiýa, Indoneziýa we Hytaýyñ bir bölegini sunami sili harap eder.
- Terrorçylyk güýçleri we ýer sarsgynlyklary köpeler. Uly we kuwwatly ajdarha adamzadyb depesinden iner. Üç sany döwi birleşip dünýäni dolandyrar. Şol wagtlar ellerinde gyzyl pully adamlar peýda bolar. Aýratynam köp nolly sanlar adamzada höküm eder''
Wanganyñ bu aýdanlary Hytaýyñ täze dünýä çykmagy bilen dünýäniñ döwi sypatly dolandyryjysy boljakdygy äşgärdir. Sebäbi Hytaýyñ symboly ajdarhadyr. Üç sany döwi dolandyryjylar bolsa ABŞ, Russiýa, Hytaý ýa-da Hindistan, Russiýa, Hytaý ýa-da Türkiýe, Russiýa, Hytaý ýurtlarydyr. Gyzyl pullar bolsa kän uzakdaky salgy däl. Hytaýyñ 100 ýuan banknody, Russiýanyñ 5000 rublynyñ gyzyl banknotlardygy bellidir.
Wanganyñ 2020-nji ýyl hakdaky aýdanlary şu ýokardakylardan ybaratdyr.
Indi bolsa porhan zenan Selenganyñ aýdanlaryna üns bereliñ!
Selenga Orta Aziýa asylly Şaman, porhanydyr. Onuñ eldekeý açyk sary reñkli ýylany bar.
Nostradamus we Wanga ýaly aýdanlary dogra laýyk gelýän üçünji porhandyr.
Ol geljegi gysga sözler bilen sms habaryny bermäge synanyşagan zenandyr. Gürrüñi başga ýana aýlap oturman geliñ gowsy Selenganyñ 2020-nji ýylda nämeleriñ boljakdygy bilen tanyş bolalyñ:
- Heläkçilik bulutlary hiç aýrylmaz.
- Ýakynda üçleriñ birleşigi bolar.
- Birleşik tamamlananda döwletler biribiriniñ aýyplaryny gözläp başlarlar.
- Şol ýurt iki deñiz arasyndan geçip Gressiýa we Türkiýa garşy ýola çykar.
- Türkiýe bilen söweş bolmaz.
- Grekler ýüzmäni gowy görýär.
- Amerika çökýär, çekik gözliler astyny oýýarlar, iwanlar gurnaýarlar, demirgazyk günorta aýrylar bürgüt ýolbarsyñ agzynda.
- Ýer ýüzünde pul sistemasynda üýtgeşiklikler orta çykar.
Täsin güýçler üýtgär, gurjagy (kukla) oýnatýanlar üýtgewsizligine galar.
- Ýedi depe şeýle bir hallan atar welin, kenarýaka şäherlerini suw basar.
- Her kim zähmet çekmezden çörek tapmaz.
- Pul gazanmak ugry üýtgär.
- Käbir kuwwatlylar ýok bolup, käbir pul gazanýanlar öñki hatarlarda ýer alarlar.
Mart we Iýun aýlarynda Türkiýede üýtgeşmeler bolup geçer.
- Saýlaw bolar, sebäbi ekonomik ýagdaýlar çözgüt soraýar.
- Ýylyñ soñlarynda Hytaý Hindistan bilen ylalaşyk gazanar, bu olaryñ peýdasyna bolar.
- Fener ýene goçlary keserler.
- Fatyh paçaýy halas bolar, tagt üýtgär.
- ABŞ-nyñ täze baştutany, türkleri halamaz.
- Çemçe bilen berilen, Susak bilen alynar.
- Ýygnalan ýagyş üçin ýyldyryma ýer ýok.
- Gizlin habarçylaryñ çaknyşyklary dowam eder.
- Guş gribiniñ, doñuz gribi nämejik bolup geçjek salgymyñ ýanynda.
- Siriýadaky Mehmet öýüne dolanyp barar.
- Siriýalylaryñ ýarysy watandaş bolup galarlar.
- Süleýman şa öñki ýerine dolanyp barar.




Peýdalanylan edebiýatlar:

1. Arazbaý Öräýew. Täleýnama.
2. Tüm zamanların kahini Nostradamus. Yüz yılın son kehanetleri. Güncelleştirilmiş yeni baskı.
3. Renan Seçkin. Hitlerin ve KGB'nin peşinden koştugu kahin vanga.

Internet maglumaty hökmünde peýdalanylan salgy:
1. https://www.aklingolgesi.com

Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir