Azat Dönmezow ― «Ýylyň parlak ýyldyzy»!
Şu gün «Türkmen owazy» teleradioýaýlynyň binasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2019» bäsleşiginiň jemleji tapgyry geçirildi. Oňa aýdym-saz muşdaklary tarapyndan iň kän ses berlen 10 aýdymçy gatnaşdy.
Bäsleşik SMS ses berlişigi arkaly geçirilýär. Munuň üçin «Türkmen owazy» teleýaýlymy we «Owaz» radioýaýlymy tarapyndan aýdym-saz muşdaklaryna SMS ugradylmaly belgi ýatladyldy. Gelen SMS-leriň netijesinde 10 aýdymçy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Baýramçylyk ruhunda geçen jemleýji tapgyrda Begler Nurberdiýew «Aldy janym», Azat Oramadow «Gözleriňe garasam», Gülälek Gulmyradowa «Söý meni!», Rahman Hudaýberdiýew «Humaýym», Täşli Tulegenow «Bibiniň», Begenç Çaryýew «Türkmen gözeli», Azat Dönmezow «Diňle, Aýym!», Şamyrat Hojagulyýew «Mähribanym», Göwher Hajymyradowa «Bagt guşum», Eldar Ahmedow «Aýnam» atly aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Aýdym-saz sungatynyň ýaş wekilleri bilen Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Jemal Saparowa, Parahat Amandurdyýew, Gülşat Gurdowa, Suhan Orazberdiýew, Kakadurdy Täjimow, Toýguly Jepbarow ýaly halypa aýdymçylar jemleýji tapgyra synçy bolup gatnaşdylar.
Ine-de, aýgytlaýjy pursat gelýär. «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2019» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edilýär. Tamamlanyp barýan ýylda bu ada aýdymçy Azat Dönmezow mynasyp boldy.
Ýeňijä gymmat bahaly baýrak we bäsleşigiň göçme kubogy gowşuryldy.
Indi birnäçe ýyldan bäri geçirilýän bäsleşikde Begmyrat Annamyradow, Jahan Tagyýewa, Atajan Berdiýew, Liliýa Çürçaga, Nurýagdy Rejebow, Ahmet Atajanow, Anna Jepbarow ýaly aýdymçylar dürli ýyllarda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bolmagy başarypdylar. Indi bolsa olaryň hataryna Azat Dönmezow hem goşuldy.
Azat Dönmezow ― «Ýylyň parlak ýyldyzy»!
-
messibet
5 years ago
- Anekdotlar bilenem meşhurdyr bu aýdymçy 😊😊😊
Jeksparro 5 years ago- Leýli Ökdirowa opera aydymlaryny gowy ýerine ýetirýär. ''Ala gözli ak maralym nirede sen'' diýip aýdýan aýdymy, ''Garlawaç'' diýip aydymam bolmaly. Men-ä şony diñleýärin! Gowy aýdýar.