Nohurlar hakynda

Nohurlaryñ gelip çykyşy hakyndaky maglumatlaryñ köpüsi rowaýatlardan, aýdylýan kyssalardan ybarat bolup taryhy maglumatlara daýanýan ylmy maglumatlar bolsa azlyk edýär diýen ýalydyr.
Nohurlaryñ ýaşaýan ýerlerine il içinde aýdylmagyna görä ''Garry nohur'' diýip atlandyrylýar.
Meñ özüm 2007-nji ýylda şol ýere baryp görmeklik nesip etdi. Paýtagtymyzyñ ''wasmoý'' diýilýän raýonynda Nohura gatnaýan ulaglar dañ bilen ugraýar eken. Şol ulaglaryñ birine münüp ýola çykdym. Ruhabatdan, Gökdepeden, Baharlydan aşyp şondan geçibem daga tarap gidýän ýola aralaşdyk. Köpetdagynyñ gerşine çyrpynyp gidýän köçelerden aşyp az-ýöräp köp ýöräp barýan ulagymyz Nohuryñ öwrümli ýollarynda kä säginip kä tizlenip dagyñ ýokarsyna tarap gidip barýardy.
Bu ýerleriñ gözelligini dil bilen aýdyp düşündirer ýaly däldi. Bagy-bossanlyk dag baýyrlarynyñ aralygynda-da görünip durdy.
Dagyñ depesine çykyberen ulagymyz indi günorta tarap ugruny üýtgetdi. Dagyñ üstünde ajaýyp suw howdany ýaly ýata köl bardy. Ine birhaýukdan Nohur obasynyñ lemmer-lemmer jaýlarynyñ üçekleri görünip başlady. Ulagdan düşüp bir darajyk köçäniñ ugry bilen ýöräp başladym. Bir seretsem alty-ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk howlusyndan çykyp bir howla girip gitdi. Onuñ egninde diñe balagy bardy, eşigi welin ýokdy. Kellesinde bolsa ak eýran tahýasy bardy. Belkäm tomus bolany üçin egnine eşik geýesi gelen däldir-dä. Dogry, meñ baran wagtym howa jokrama yssyrakdy. Bu ýerdäki adamlaryñ köpüsi tahýa geýýärler.
Seredip otursam ýañky oglanjyk dükana girip giden eken. Soñra yzyndan baryp menem iýer-içer ýaly zat satyn aldym. Obanyñ çeträginde depäñ üstünde salynan uzyn jaýlar hem bardy. Jaýlaryñ uza boýuna oñat edip salynan uzyn penjireler göze kaklyşyp durdy. Bu ýerdäki ýaşaýjylar esasan leýli saç ýaly saýaly baglary ekýär ekenler.
Bäşinji günler obanyñ adamlary köplük bolup juma namazyny okamaga gidýärler. Boýy uzyn jaýdan edilen metjit bardy. Adamlar şol ýerde namaz okap doga-dileg edip gidýärler. Beýleki obalara garanyñda metjide adamlaryñ gürlüginden ýaña aýak basara ýer ýok diýdirerdi.
Köçeleriñ käbirine aswalt düşelen bolsa-da çeträkde galan ýaşaýyş jaýlaryna barýan köçeler toprakdandy.
Jaý gurluşynda esasanam dagyñ - daşlary kerpiçe derek ulanylýar eken. Muny jaýlaryñ daşky görnüşinde hem görmek bolýardy. Syh-syh çykyp duran dagyñ daşlaryny şeýle ussatlyk bilen sünnäläp salypdyrlar welin tarypyny aýdar ýaly däl.
Bu ýerde ýaz aýlarynda, tomus aýlarynda ataýrylar ýaly mör-möjekler köpelip başlaýar eken.
ㅡ Daglaryñ depesine ýürek edip çykar ýaly däl, ýolbars bar - diýýärler. Emma muny meni gorkuzmak üçin aýtdylarmy ýa daga çykmazlyk üçin aýtdylarmy muny men bilemok!
Şol daglaryñ birinde ozallar Jennete gidilýän gizlin gowak bar diýip nohurlar gürrüñ berýärler.
Norhurlar hakda Soltanşa Atanyýazow özüniñ ''Şejere'' atly eserinde şeýle diýýär: ''Köpetdagyň Nohur diýen gözel we suwly jülgesinde ýaşaýan ekerançy taýpalaryň biri bolan nohurlylara olaryň ýurdunyň ady dakylypdyr: “Nohur jülgesinde ýaşaýanlar”, “nohurlylar”. Nohur sözi aslynda araplardan (ýa mongollardan) pars diline geçen söz bolup, ol “derýa”, “akym ugry”, “suwly ýer” diýen manylary aňladýar. Nohur jülgesinde-de çeşme köp'' diýip belläp geçýär.
Nohurlar hakda alym Myrat Illiýew hem özüniñ ''Türk tarihinde şecere gelenegi türkmen çecereleri örnegi'' atly eserinde şeýle maglumatlary galdyrypdyr: ''Alililer ýaly ilat (köpçüligine) eýe bolan ýene bir Türkmen taýpasynyñ biri hem Nohurlydyr. XIX asyrda kiçi toparlara eýe bolan Nohur, Nuhur taýpasy Günorta Türkmenistanyñ daglyk etraplary bolan Köpetdagynyñ eteklerinde oturýarlar. Olar rus basybalyjylaryna çenli Tekeleriñ we Eýran geografiýasyndaky liderleriniñ çozuşlaryna sezewar bolupdyrlar(Ekber N. Nejep - Ahmet Annaberdiýew, Hazar añyrsyndaky Türkmenler, 254).
Magtymguly we Çuwalbagşy ýaly halk ozanyny çykaran bu taýpanyñ köpüsi Kaka we Daşoguz iliniñ Ýylanly we Lenin şäherlerinde, Türkmenabatda (Çärjew) we Owganystanda ýaşaýarlar. Aslynda bu taýpa Orta-Uzboý etraplarynda orta çykypdyrlar. Soñra 1578-nji ýylda bu etraplarda suwsuzlyk höküm sürip Daşoguz, Türkmenabat, Buhara şäherlerine göçüpdirler. Olara Gylyçnyýarbaý derýasynyñ kenarlarynda hem oturupdyrlar. Has soñra olaryñ täze ýurduna hem Alilioý hem-dü Magtymoý diýip at berlipdir (http//www.webhatti.com/tarih/62821-turkmenistan-tarihi.html)(20.08.2008)''.
Ine şu maglumatlaryñ özleri hem çuññur öwrenilmeli ylmy-gözlegi talap edýär.
Nohur obasy türkmen ýurdunyñ Köpetdagynda ýerleşen Nohur türkmenleridir.
Nohurly türkmenler beýleki türkmen taýpalary ýaly ors basybalyjylarynyñ we eýranly basybalyjylarynyñ garşysyna ata çykyp aldym-berdimli göreşler alyp barypdyrlar. Olaryñ arasynda teke türkmenleriniñ hem deñ-derejede duşmana garşy uruşlar alyp barandyklary hakda taryhy gürrüñler bar. Eýran dikmelerine ýesir düşselerem öz göbek-gany daman ýeri bolan Türkmen dagyny, Nohur obasyny ýatlap, arzuw edip, ruhdan düşmedik nohurlylaryñ atalary hakda birnäçe rowaýatlar bardyr. Olaryñ arasynda esasy meşhurlary jynly, al-arwahly rowaýatlardan ybarat.
Gaýtmazymyñ öñ ýanyndaky günlerde bolsa men obanyñ günortasynda ýene-de ýokarlygyna uzap gidýän dagyñ gerşine çykyp gördüm. Şol ýerde bir az oturup bu ýerleriniñ ajaýyp howasyndan asuda dem aldym.
Soñra Nohur obasyndan ulaglaryñ birine münüp yzyma dolandym.
Nohurlar hakda gürrüñ açylanda: ''Esasanam olar biri-birlerine kömek edýärler. Biri-birleri bilen çalt düşünişýärler'' diýen gürrüñ bar. Bu aýdylanlaryñ nä derejede dogrudygyna bilemok welin şula ýönekeý ýapa degmeýän gürrüñlermikä diýýärin. Sebäbi meñ özüme kömegi degen nohurly ynsanlar hakda aýtmaga gürrüñ kän.Şol maña nepi degen nohurlylar hiç haçan meñ milletimi, asyl gelip çykyşymy bilmezden haýyrly işlerini gysganmadylar. Olaryñ özleri umuman ajaýyp adamlar. Şonuñ üçinem gepi tireparazlyga urduryp oturmagyñ hajaty ýok. Biri-birlerine nepi degýän, kömek edýän adamlar her bir tirede-taýpada bardyr-la. Esasy zat adam bolmak gerek. Adam bolsañ hemmeler bilenem dil tapyşyp düşünişse bolardy.
Nohurlaryñ aýdyp bermeklerine görä öz aralarynda geçen XVIII asyryñ soñlarynda XIX asyryñ başlarynda ýaşap geçen Muhammetguly Atabaý ogly diýip dünýewi alym ýaşapdyr. Ol türkmenleriñ okuwly-sowatly bolmagyny isläpdir. Obanyñ mollalarynyñ güýçli garşylygyna sezewar bolan Muhammet Atabaý ogly öz ýolundan dänmändir.
Muhammetguly Atabaý oglunyñ gara, togalak goýun gözleri bar eken. Burnunyñ aşagynda bolsa agzynyñ üstüni tutup duran murty bolupdyr. Agzy bilen äñiniñ aralygy kiçeñräk bolup bugdaý reñki, orta boýy bar eken. Köplenç ýakaly ors köýneklerini geýip üstünden don atyp kellesine nohur telpegini geýmegi gowy görýär eken.
Muhammetguly Atabaý ogly 1916-njy ýylyñ 2-nji martynda dünýeden ötüpdir.
Nohurlaryñ käbirleri ony buýsanç bilen ýatlaýarlar.
Nohurlylaryñ öýünde myhman bolsañ bir çäýnekde, ýa termezde çaý demläp getirýändirler. Şol çaýa ''Adam oty'' diýip at berýärler. Bu hakda nohurlylaryñ özleri has gowy bilýändir.
Şol çaýy içip görseñ rahatlanyp, ýadawlygyñ aýrylýar. Şähdiñ açylýar. Olaryñ şu hili çaýlary hakda köp adamlar bilenok.
Indi bolsa Nohurly türkmenleriñ gelip çykyşy hakda kelam agyz aýdyp bereýin.
Nohurlaryñ käbirleriniñ aýtmagyna görä Gadymy döwürlerde bu dagyñ depesinde Nuh pygamberiñ gämisi saklanypdyr. Nohur ady hem Noh, Nuh ady bilen baglanyşykly hasaplaýarlar. Şol döwürlerden bäri hem bu ýerleriñ ýerli ilaty şol ady öz obalaryna dakypdyrlar.
H. Muhyýewiñ 1959-njy ýyldaky görkezen şejeresine görä Nohurly iki sany esasy şahadan emele gelipdir. Olaryñ biri ''Nohurly'' beýlekisi bolsa ''Zertli''.
Nohurlydan ㅡ 1. Jagyljugul, 2. Bahar, 3. Abdyrahman, 4. Öwezgeldi, 5. Erbap, 6. Hoja, 7. Ýüzbaşy, 8. Guşhana, 9. Ýüzbegi, 10. Eşek, 11. Sygyr, 12. Yşhata, 13. Mälik, 14. Denjik.
Jagyljugyldan iki şaha bölünýär. Olaryñ biri 1. Parraş, ikinjisi bolsa Köse.
Ýüzbaşydan hem iki şaha aýrylýar. Olaryñ biri Annagurban, beýlekisi Öwezýezbaşy.
Ýüzbegiden hem iki şaha aýrylypdyr: Biri Ýüzbegi, beýlekisi Garadaşly.
Indi bolsa Zertliniñ şejeresini aýdyp bereýin. Zertliden 8 şaha ýaýrapdyr. 1. Hojanyýaz, 2. Ogry, 3. Kör, 4. Hojanepes, 5. Aýy, 6. Çaryk, 7. Hywaly, 8. Kazy.
Indi bolsa Hojanyýazdan iki sany şahanyñ atlaryny aýdyp bereýin: 1. Adybaý, 2. Ussanedir.
Ogrydan 3 şaha ýaýrapdyr: 1. Ogry, 2. Beg, 3. Kel.
Indi bolsa Aýynyñ şahasy: 1. Aýy, 2. Bebir.
Çarykdan hem 3 şaha ýaýrapdyr: Sepguly, Seýitguly, Muhammetguly.
Ine şundan soñra G. P. Wasilýewiñ şejeresine görä Nohurlylara XI asyrdan XVIII çenli goşulan oturumly uruglaryñ atlaryny agzap geçipdir. G. P. Wasilýew bu şejeräni 1954-nji ýylda ýazyp alypdyr.
Nohurlylara XI asyra çenli goşulan şeýleräk oturumly uruglar bolupdyr.
Olar: 1. Mälik, 2. Ärbaş, 3. Denjik, 4. Sygyr, 5. Jagyljogul. Jagyljoguldan üç şaha aýrylýar. 1. Köse, 2. Parraş. 3. Jagyljugul.
Diýmek H. Muhyýewiñ şejeresindäki gabat gelýän bu bäş uruglar XI asyra çenli aralykda Nohurlylara goşulan uruglar eken.
Jagyljugylyñ şahasyndaky goşulan Jagyljugul we beýleki uruglara goşulmadyk birnäçe uruglary H. Muhyýewiñ şejeresine goşulmandygyny G. P. Wasilýewiñ şejeresinde görse bolýar.
XI asyrdan XVIII asyra çenli goşulan uruglar 1. Ýüzbegi, 2. Ýüzbaşy, 3. Öwezgeldi, 4. Bahar, 5. Abdyrahman, 6. Hoja, 7. Yşhata, 8. Guşhana, 9. Eşek. Şu ýerde Yşhatadan iki şaha Jüýje we Guduz döräpdir.
Soñra Eşekden Küýzegär döräpdir.
Indi XVIII asyrda Zertlä goşulan uruglar hakynda: 1. Ogry, 2.Ker, 3. Kör, 4. Hojanyýaz, 5. Hywaly, 6. Aýy, 7. Çaryh, 8. Kazy.
Indi bolsa Ogrynyñ şejeresi: 1. Ogry, 2. Beg, 3. Kel.
Kelden bir şaha gaýdýar, olam: Hojanepes.
Çaryhdan hem bir şaha, olam: Guduz.
Ine Nohurlylar hakda bar bilýänjelerimi siz bilen paýlaşdym. Belkäm meñ bu ýazanlarym bilen ylalaşmazlygyñyzam mümkin. Niýetim bir uly tiräni çürkemek däl-de bilenjelerimi size ýetirmekden ybaratdy.



Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir