«Porşe» kompaniýasy 1983-nji ýylda ulag senagatynda meşhurlyk gazandyrjak tehniki mümkinçilige eýe bolan ulag bilen işe girişýär.

Müşderilerinden gelýän ähli belliklere we pikirlere üns berýän kompaniýa ulagyň öndürilmeginden 2 aý geçensoň, her kimi geň galdyrjak arz-şikaýat ýüze çykýar.

Müşderi öz nägileligini şeýle bildirýär:

«Men Denni Trotman.

Nýu-Jerside ýaşaýaryn. Aýalym we çagalarym bilen her gün agşam kino görmezden öň, 1 aý mundan ozal alan Porşe kysymly ulagym bilen şäheriň ortasyndaky söwda merkezine buzgaýmak almaga gidýärin.

Geň tarapy, haçan şokoladly ýa-da miweli buzgaýmak alyp gelsem, ulagym işlänok. Emma wanilinlisini alan wagtym arkaýynlyk bilen işleýär. Muny bir-iki gezek barlap gördüm, her gezegem şonuň ýaly boldy.

Kömegiňiz üçin şu wagtdan sag boluň!»

Beýle ýagdaý dörände, birnäçe kompaniýa hata ünsem bermän zyňyp goýbererdi. Ýöne «Porşe» kompaniýasynyň ýolbaşçylary şol ýere inžener ugradýarlar-da, sebäbini anyklaýança şol ýerde galmagyny tabşyrýarlar.

Ertesi gün inžener Nýu-Jersä baryp, jenap Trotman bilen duşuşýar. Şol gün agşamdan başlap her gün gijara inžener bilen jenap Trotman buzgaýmak almak üçin söwda merkezine barýarlar.

Hakykatdan-da, şokoladly ýa-da miweli buzgaýmak alan wagtlary ulag işlemeýär, wanilinli buzgaýmak alan wagtlary bolsa mesele çykanok. Inžener birbada bu bolýan zatlara geň galýar, emma hakykatda munuň ylmy taýdan bir sebäbiniň bolmalydygyna ynanýar. 1 aýlap her gün jenap Trotman bilen söwda merkezine gatnan inžener ahyry meseläni çözýär.

Täze kysymly «Porşe» ulaglarynda peýdalanylýan sowadyş sistemasy ulag öçürilenden soň işläp başlaýar we motor belli bir ýylylyga ýetýänçä ony doňdurýar. Iň köp satylýan buzgaýmak wanilinlisi bolany üçin, onuň satylýan ýerinde adam kän bolýar. Jenap Trotman nobata durup buzgaýmagyny alýança geçýän wagt motoryň sowamagy üçin ýeterlik bolýar.

Emma şokoladly ýa-da miweli buzgaýmagyň öňünde juda az adam nobata durýandygy üçin, buzgaýmagy alyp, derrew ulagyna münýär. Motor doňandygy sebäpli hem ulag işlemeýär. Inžener jemlän maglumatlaryny kompaniýa ugradýar.

Satuwa goýberilen ulaglar yzyna ýygnalyp, üstünde täzeden işlenýär we müşderilere täze görnüşi berilýär.

Müşderilere we olaryň meselelerine ähmiýet berýändikleri üçin, hem-ä müşderiler hem-de kompaniýa utuş gazanýar. Müşderilerimizi hemişe ünsli diňläliň! Ýüze çykan her bir meseläniň netijesinde öndürýän önümlerimizde hem-de hödürleýän hyzmatlarymyzda bize hökman bir öňegidişlik garaşýandyr.

Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir