1.Kompýuteriň, hasaplaýyş serişdeleriniň taryhy
32000 ýyl mundan ozal dünýä halklary, şol sanda Türkmenistanyň çägindäki halklar
hem san sanamakda haýwanlaryň süňklerini, pil cüňklerini we her hili daşlary
ulanypdyrlar, mysal üçin Altyn depe, Namazgan depe ýaly ýadygärliklerde
şeýle daşlar tapyldy.
5400 ýyl mundan ozal ýakyn gündigarda ýrakda ýaşan gadymy türkmen kowumlary
Sümerler (edebiýatlarda olara Şümerler diýilýär) we müsürliler uly sanlary
belgilemek üçin her hili piktogrammalary-şekilleri ulanyp başlapdyrlar.
4600 ýyl mundan öň Çin(Hytaý) ýurdynda Abak hasaplaýyş guraly ilat ýazuwy üçin
peýdalanylypdyr.
2300 ýyl mundan öň Euclid(rusçasy - Ewkilid) grekleriň matematika baradaky ähli
bilimlerini Elementler atly kitabynda jemläpdir, ol kitapdaky bilimler ondan
soňky 2000 ýylyň dowamynda adamzat peýdalanyp geldi.
2260 ýyl mundan ozal Günorta Amerikada döwlet guran Maýa halky san
sanamagyň noly goşmak bilen 20-lik matematiki san ulgamyny ösdüripdirler.
1500-nji ýylda Italiýanyň meşhur alymy we oýlap tapyjysy Leonardo da Vinci
Mehaniki kalkulýatory oýlap tapypdy.
1614-nji ýylda John Napier natural logarifmleriň beýanyny ýazdy, hem-de ol
Napieriň süňki ady bilen belli bolan logarifmik çyzgyjyň deslapky görnüşini
ýasady.
1621-nji ýylda William Oughfred logarifmik çyzgyjy oýlap tapýar, ol soňky 350
ýylyň dowamynda üýtgesiz ulanylyp gelindi.
1642-nji ýylda alym Blaise Pascal Pascaline atly ilkinji mehaniki kalkulýatory oýlap
tapýar. Onda gol tutary bilen sanlary goşup, aýryp bolýardy.
1670-nji alym Gottfried Leibniz Blaise Pascalyň Pascaline mehaniki
arifmometrinde köpeltmek, bölmek we kök almak ýaly amallary ýerine
ýetirmegi başarar ýaly edip ýasaýar.
1679-njy ýylda Gottfried Leibniz ikilik san ulgamdaky arifmetikany ösdürýär.
1822-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy Charles Babbage uly mehaniki kalkulýator
bolan Difference Engine(Tapawutly maşyny) maşynyny oýlap tapýar, ol uly
sanlary goşup aýryp bilýärdi.
1830-njy ýylda Charles Babbage Analytical Engine(Analitik maşyny) maşynynyň
çyzgylaryny çyzyp, ony tamamlap bilmän aradan çykýar.
1890-njy ýylda Herman Hollerith Amerikanyň Ilat ýazuw edarasy üçin elektrik
ulgamly maglumat tablisalaryny döredýär, netijede 8 ýyla çekýän Ilat ýazuwy
iki ýylda tamamlanýar.
1896-njy ýylda Herman Hollerith Tabulating Machine Company kompaniýasyny
döredýär we öz tabulýatorlaryny önderip başlaýar we soňurak ol International
Business Machines(IBM) atly halkara kompaniýasyna öwrülýär.
1902-1905-nji Albert Einstein(rusçasy Albert Eýnşteýn) Baglylyk
Nazaryýetini(rusçasy teoriýa Otnositelnosti) işläp taýýarlady. Ol bu işini
Şweýsaryýanyň Zurich Universitiniň adyndan dissertasiýa görnüşinde çap
etdirýär.

Tehnologiýa, Technoman tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir