Ajaýyp setirleriň müňlerçesini, «Sebatul-ajyzyn» atly kämil eseri miras galdyran Sopy Allaýar türkmeniň ylahy dünýäsiniň taryhynda Hoja Ahmet Ýasawydan, Jelaleddin Rumydan, Ýunus Emreden, Wepaýydan soň iň uly şahsyýetleriň biridir. «Sebatul – ajyzyn» eseriniň şerhi bolan «Risale-i-Aziza» atly kitabynda Ýalçagyl ogly Täjeddin Sopy Allaýaryň ömri dogrusynda-da giňişleýin durup geçipdir.
Samarkandyň Müňlän (Müňler) diýen obasynda Temirýar atly bir takwa, salyh kişi bar eken. Onuň asly we nesli nogaý halkyndan bolupdyr. Bir gün onuň ogly bolupdyr, adyna bolsa Allaýar goýupdyrlar. Allaýar başlangyç bilimini Samarkantda alýar. Kakasy ogluny on iki ýaşyny dolduranda Buhara getirip, bir medresä salýar. Allaýar medresede on bäş ýyllap ylym, bilim öwrenýär. Ol ýigrimi bäş ýaşyna baranda, Buhara patyşasy ony Buharanyň paçhanasyna (gümrükhana) töre edip belleýär. Allaýar gaty zalym, ýowuz we gandöküji bolupdyr. Adamlara örän rehimsiz daraşypdyr.
Günlerde bir gün «Ristan» bazaryndan Şeýh Habibullanyň bir müridi we halypasy bir zat alyp, paçhana işgärlerine duýdurman gidip barýarka, Allaýar töräniň eline düşýär. Allaýar müridiň harydyny paçhana möhürletmän alyp barýandygyny görüp, ony urýar we kellesini ýarýar. Mürit ganyny akdyryp, Şeýh Habibullanyň mejlisine barýar we Allaýar töreden şikaýat edýär. Şeýh Habibulla bolsa oňa: «Sabyr eýle, men any sizler tek eýläýin» diýip, goluny göterip, «Ýa Reb, bu töräni bular tek garyp köňül eýlegil, dünýä-u-ahyret myradyny bergil» diýip doga edýär. Agzyndan çykmazdan burun, Allatagala onuň dogasyny kabul eýleýär. Şol pursatda Allatagalanyň gudraty bilen Allaýaryň kalbynda uly öwrülişik bolýar-da, onuň köňlüne gowga düşýär. Onuň ýaman işleri ýadyna düşüp aglaýar. Şondan soň Allaýaryň dilini açyp, ilkinji aýdan beýtleri şulardyr:
Meniň başymga kyn söwda düşüpdir,
Köňül bazaryga gowga düşüpdir.
Diýdim eý ten: «Ne söwdadyr, ne işdir,
Sepkähine gylyç birle uruşdyr».
Allaýar şondan soň göni Şeýh Habibullanyň medresesine barýar we ondan medresesine kabul etmekligini haýyş edýär. Şeýh Habibulla bolsa oňa medresäniň Allaýar ýaly töreleriň däl-de, garyplaryň makamydygyny aýdýar. Şeýhiň jogabyny eşiden Allaýar zar-zar aglamaga durýar. Şonda Şeýh Allaýary müritlige kabul etjekdigini, ýöne onuň üçin iki sany şertiniň bardygyny ýaňzydýar. Şeýh Habibullanyň Allaýaryň öňünde goýan iki sany şertiniň birinjisi, Allaýaryň Buharada ýeke bir öý goýman dilegçilik etmekligi, şertleriň ikinjisi bolsa Allaýaryň gassabyň ýanyna baryp, goýnuň kellesini, aýaklaryny we tezekli garnyny alyp gelmekligi bolup durýar. Allaýar Şeýhiň şertlerini kabul edýär we olary kemsiz ýerine ýetirýär. Ýagny ol ilki bilen Buharada bir öý goýman, gapyma-gapy dilegçilik edýär. Soňra bolsa gassabyň ýanyna barýar we bir eline goýnuň kellesini, bir eline aýaklaryny alýar. Başyna bolsa goýnuň tezekli garnyny geýýär-de, içegelerini boýnuna saraşdyrýar. Allaýaryň gapyma-gapy dilegçilik edip ýörüşini, boýnundan, sakgalyndan goýnuň tezegini syrykdyryp aýlanyp ýörüşini gören Buhara halky ony gaty geň görýär we dälirändir öýdýär. Şol sanda onuň çagalary-da şol pikirde bolýar.
Ýokardaky maglumatlar bilen bir hatarda eseriň şerhi bolan «Risale-i-Azizada» Allaýar töräniň üç aýalynyň we iki gyzy bilen bir oglunyň bolandygy hem aýdylýar. Allaýaryň bir gyzynyň ady Emine, ikinjisiniň ady Halyma eken, oglunyň adyna bolsa Muhammetsadyk diýipdirler.
Şeýh Habibullanyň Allaýaryň öňünde bu şertleri goýmakdan maksady onuň kalbyndan nebis belasyny hem-de tekepbirligi ýok etmeklikdir. Görşümiz ýaly Allaýar töre bu şertleri hiç hili gypynçsyz, adamlaryň oňa haýran galýandyklaryna üns bermän, päk ýürek bilen ýerine ýetirýär. Bu ýerde eýýäm onuň kalbynda Haka bolan yşkyň döräp başlandygy mese-mälim görünýär. Sopy Allaýar barada ýene bir bellemeli zat hem, onuň bu şertleri bitirip, Şeýhiň ýanyna barýança eýýäm tarykatyň «Welaýat Sugra» (käbir maglumatlara görä «Zikr») makamyna ýetenligidir.
Sopy Allaýar Şeýh Habibullanyň hyzmatynda on iki ýyllap ylym öwrenýär we tarykatyň «Kişufatu makamat» derejesine çenli baryp ýetýär. Şondan soň ol «Sopy Allaýar» diýlip tanalýar.
Sopy Allaýaryň tälim alan ýerleri, ussatlary, onuň döredijiligi barada gürrüň etmezden öňürti onuň doglan we aradan çykan ýyllary dogrusynda durlup geçilse örän ýerlikli bolar.
Sopy Allaýaryň doglan we ýogalan ýyllary hijri-kamary ýyl senesi boýunça 1043-1133-nji ýyllar bolup, miladydan 1633-1721-nji ýyllara gabat gelýär. Bu maglumat beýleki çaklamalardan hakykata has ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi Sopy Allaýaryň ölüm senesi barada aýdylýan şeýle goşgy setirler bar:
Çeragy kalbe-i esrary tewhyd,
Ze safy meşrebi Sufi Allahýar.
Eger juýende taryh-y wefateş
Ze kafu jimu gaýnu lamu berdar.
Bu bent pars dilinde bolup, şeýleräk many berýär: «Sopy Allaýaryň dini ýoly tämizdir, towhydyň (Allany bir bilmegiň) syrlary öýleriň çyragydyr. Kim onuň wepat taryhyny bilmek islese, ze, kaf, jim, gaýn, lam harplarynyň miweleridir».
Bu ýerde Sopy Allaýaryň aradan çykan senesi ebjet hasaby bilen beýan edilipdir. Ebjet hasaby barada aýtsak, arap elipbiýindäki 28 harpyň her biri aýratyn bir san belgisini aňladýar. Şol san belgileriniň üsti bilen bolsa, berlen gizlin sözi ýa-da haýsydyr bir sözüň üsti bilen aňladylýan gizlin sanlary ýüze çykarmak bolýar. Arap elipbiýindäki şu hasaba ebjet hasaby diýilýär.
Görşümiz ýaly ýokardaky bentde ze, kaf, jim, gaýn, lam arap harplary bardyr. Indi olaryň her biriniň aňladýan sanyny alalyň: ze – 7-ni, kaf – 100-i, jim – 3-i, gaýn – 1000-i, lam – 30-y aňladýar. Bularyň jemi:
Gaýn + kaf + lam + jim = 1000 + 100 + 30 + 3 = 1133; ze – 7 bolýar. Şeýlelikde, awtoryň aradan çykan senesi 1133-nji ýylyň 7-nji aýydyr. Has takygy, onuň ýogalan wagty hijri-kamary ýyl senesiniň 7-nji aýy bolan Rejep aýynyň 29-y diýlip görkezilýär.
Bu agzalan maglumatdan başga-da, awtoryň ýaşap geçen ýyllary barada aýdylýan dürlüçe maglumatlar bar. Meselem, bu eseriň professor Nazar Gullaýewiň redaktirlemeginde çykarylan neşirinde Sopy Allaýaryň ýaşap geçen ýyllary 1616-1706/1720-nji ýyllar töweregi diýlip görkezilýär. Mundan başga-da, «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» VIII tomunyň 143-144-nji sahypalarynda Sopy Allaýar barada ýazylan tekstde hem şeýle maglumat görkezilýär. Käbir maglumatlarda onuň aradan çykan wagty hökmünde hijri-kamary ýyl senesi boýunça 1135-nji ýyl, miladydan bolsa 1723-nji ýyl bellenilýär.
Sopy Allaýaryň doglan we aradan çykan seneleri ýaly, onuň doglan ýeri we milleti barada hem dürlüçe garaýyşlar bar. Olaryň birinde Sopy Allaýaryň Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň häzirki Akderýa etrabyna degişli Ýaňygorgandaky Müňler obasynda ýaşan Allaguly (Allaguly Temirýar) atly türkmeniň maşgalasynda doglandygy aýdylýar, ikinjisinde onuň özbek türkleriniň Hita golundan bolup, Buharanyň Kette Gorgan diýen ýerinde Ahmet Guly Atalygyň maşgalasynda dünýä inendigi aýdylýar. Täjeddin bin Ýalçagylyň «Risale -i-Aziza» atly kitabynda bolsa Sopy Allaýaryň nogaý halkyndan bolanlygy aýdylýar. Täjeddin bin Ýalçagylyň (1836-1837-nji ýyllarda ýogalan) gyzy Azizanyň haýyşy boýunça hijri hasabyndan 1221-nji (miladydan 1806-njy) ýylky ýylynda ýazyp gutaran bu «Risale-i-Aziza» atly kitaby Sopy Allaýaryň «Sebatul-ajyzyn» eseriniň şerhidir, ýagny düşündirişidir. Şol sebäpli hem, Sopy Allaýaryň ýaşan döwrüne ýakyn ýaşap geçen dindar alym Täjeddiniň bu ylmy eserine ygtybarly gollanma hökmünde garamagymyz örän wajypdyr.
Allaýar uzyn boýly, goýun gözli, jeren sakgally adam bolupdyr. Ol Buharada ýaşap ýörkä öýlenipdir. Onuň Muhammetsadyk atly ogly hem Buharada dogulýar. Sopy Allaýar 27 ýaşyndaka onuň ogly ata ýurdy bolan Samarkanda gidýär. Ogly Samarkanda gidenden soň hem, Allaýar Buharada ýene on ýyl eglenýär. Umuman, Sopy Allaýar Buhara, Gazangala, Erzurum, Isgenderiýe şäherlerinde ýaşap geçip, 90 ýaşynda (hijri hasabyndan) aradan çykýar. Onuň mazary Isgenderiýe şäherindedir.
Päkistanda çap edilen «Hedaýat at-talybyn şerhi «Sebatul-ajyzyn»» (««Sebatul-ajyzyna» düşünmekde talyplara ýol görkeziji») diýlip atlandyrylan kitapda onuň awtory Seýit Habibulla ibni Seýit Ýahýahan al-Fargany al-Kabulynyň ýazmagyna görä, Sopy Allaýaryň mazary käbirleriniň aýdyşy ýaly, Isgenderiýede däl-de, Dänewiň golaýyndaky obalaryň biriniň gonamçylygynda bolmaga çemeli. Hawa, bu agzalan maglumatlardan başga-da, onuň Rahşwar atly obada aradan çykandygy, soň bolsa bu obanyň Allaýar adyny alandygy barada hem maglumat bar. Ýöne belli şahsyýet Sopy Allaýaryň haýsy milletden bolandygy hem-de onuň nirede aradan çykandygy ýaly maglumatlar entek çynlakaý öwrenilmeli mesele bolup durýar.
Sopy Allaýaryň şeýhi Habibulla tarykat akymynyň Nakşbendiýe ugruna degişlidir. Biz şu ýerde Sopy Allaýar işanyň piri Şeýh Habibullanyň tarykat silsilesi bilen, ýagny Nakşbendiýe tarykatynyň şeýhleriniň atlary bilen tanyş bolsak ýerlikli bolar:
1. Hezreti Muhammet (s.a.w.)
2. Ebubekr Syddyh (r.a.)
3. Selman Farsy (r.a.)
4. Kasym bin Ebubekr (r.a.)
5. Jafer Sadyk (r.a.)
6. Ebu Ýezit el-Bistamy (k.s.)
7. Ebul Hasan Harakany (k.s.)
8. Ebu Aly el-Farmedi (k.s.)
9. Ebu Ýusuf Hemedany (k.s.)
10. Abdulhalyk el-Gijduwany (k.s.)
11. Aryf er-Reýukeri (k.s.)
12. Mahmut Injir Fagnewi (k.s.)
13. Şeýh Aly Rametani (k.s.)
14. Muhammet Baba Semmasy (k.s.)
15. Mirkulal bin Hamza (k.s.)
16. Şah Nakşbendi (k.s.)
17. Şeýh Alaeddin Attar (k.s.)
18. Şeýh Ýakup Çerhi (k.s.)
19. Ubeýdullah Ahrar (k.s.)
20. Muhammet Zahid (k.s.)
21. Derwüş Muhammet (k.s.)
22. Muhammet Imkeneki (k.s.)
23. Muhammet Baky (k.s.)
24. Ymam Rabbany (k.s.)
25. Muhammet Magsum (k.s.)
26. Muhammet Faruky (k.s.)
27. Nurmuhammet Bedauni (k.s.)
28. Habibullah Mazhar (k.s.)
Bu ýerde soňky şeýh Habibullah Mazhar Sopy Allaýaryň şeýhidir (piridir). Bu silsile hezreti Muhammetden (s.a.w.) bäri kalpdan-kalba geçýän tarykat dersidir.
Şeýlelikde, şu ýerde Sopy Allaýar hem tarykat akymynyň Nakşbendiýe ugruna degişli bolan pir, ýagny özüni Hak ýolunda pida kylan är bolupdyr diýip kesgitleme bersek örän ýerlikli bolar. Allaýaryň «Sopy» lakamyna eýe bolmagyny hem onuň sopuçylyk akymynyň wekilleriniň biri bolandygy bilen düşündirmek bolar.
Şahyryň dini pelsepesi öz gözbaşyny «Kurandan» we sopuçylyk edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginden alyp gaýdýar. «Sebatul-ajyzyn» eseri bolsa onuň «Kuran», tefsir, akyda, fykyh, hadys ylymlaryny oňat özleşdirendigini ýüze çykarýar. Şahyryň bu eserinde dürli söz öwrümleri, «Kuranyň» aýatlary, hadyslar bilen bagly düşünjeler köp. Kitapdaky rowaýatlar, nesihatlar bolsa öz köküni diniň taryhyndan alyp gaýdýar. Mysal üçin:
Halylullah üçin ýandyrdylar nar,
Gadam goýmaý oşol ot boldy gülzar
diýen setirlerde aýdylýan pikir «Kuranyň» «Enbiýa» süresiniň 69-njy aýatynda öz beýanyny tapypdyr.
Mundan başga-da, biz Sopy Allaýaryň yslam dininiň kada-kanunlaryny düşündirmekde meşhur fakyh bolandygyny? hem aýtmak isleýäris.
Şahyr yslamyň sünni ýoluna eýeripdir. Muňa onuň:
Jemagat ähli sünnet düzen ärler,
Diýdiler: «Türpe näzikdir bu ýollar».
diýen setirleri hem şaýatlyk edýär. Sopy Allaýar «Sebatul-ajyzyn» eserinde Baýezit Bistamynyň, Hoja Ýusup Hemedanynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň yşk, nebsiňi öldürmek, öz «meniňi» ýok etmek, Alla ýakynlaşmak ýaly pikirleriniň çylşyrymly dünýäsine çuňňur aralaşýar.
Meşhur şahyr hem alym Sopy Allaýar öz eserlerini parsça we türki dilde ýazypdyr. Sopy Allaýar dört sany kitabyň we birnäçe dini mazmunly şygyrlaryň awtorydyr. Onuň kitaplary:
1. «Meslekil – muttakyn» («Ynamlylaryň ýa-da takwalaryň ýoly»);
2. «Myradyl – aryfin» («Aryflaryň myrady»);
3. «Mahzanul – mutygyn» («Boýun egenleriň hazynasy»);
4. «Sebatul-ajyzyn» («Ejizleriň merdanalygy» ýa-da «Ejizleriň durnuklylygy»).
Mundan başga-da, şu aşakdaky parsça we türkiçe eserler hem alymyňky hasaplanylýar. Olar:
1. «Töhfetat – talybyn» («Talyplaryň sowgady» ýa-da «Talyplara sowgat»);
2. «Syrajyl – ajyzyn» («Ejizleriň çyrasy»);
3. «Föwzun – nejat» («Ynsan bagtyny goramagyň ýollary» ýa-da «Halas bolmagyň çäresi»);
«Meslekil – muttakyn» («Ynamlylaryň ýa-da takwalaryň ýoly»). Awtoryň bu kitaby pars dilinde ýazylan eser bolup, ol akyda ylmyna, onuň dürli meselelerine bagyşlanan kitapdyr. Bu kitapda musulmançylygyň ygtykat we ybadat bilen bagly bilimleri öwredilýär. Täjeddin bin Ýalçagylyň «Risale-i – Aziza» atly şerhinde bu kitap barada şeýle maglumat bar.
Bir gün müritleri Sopy Allaýara akyda ylymlaryny öwredýän «Meslekil – muttakyn» atly parsça kitabyny türki diline geçirip bermekligini haýyş edýärler. Bu hakykata «Sebatul-ajyzyn» eserindäki şeýle setirler hem güwä geçýär:
Bitilse türki til birle akyda,
Köňüller bolsa ondan aramyda.
Müritleriniň bu haýyşyny Sopy Allaýaryň ýoldaşlary uluglar, ýagny pirler hem goldapdyr we müritleriniň islegini bitirip bermekligi ondan haýyş edipdirler. Sopy Allaýar bolsa bularyň sözlerini ýykyp bilmeýär we bu kitaby ýazmaga girişýär.
Olaryň sözlerin bozmaý meni zar,
Sawat etdim niçe manzuma naçar.
Täjeddin bin Ýalçagyl eserinde «Sebatul-ajyzyny» «Meslekil-muttakynyň» türkçä geçirilen görnüşi hasaplaýar. Ýöne biz bu pikir bilen ylalaşmaýarys. Bu geljekde öwrenilmeli mesele bolup durýar.
Sopy Allaýaryň «Meslekil-muttakyn» kitaby 1891-1917-nji ýyllar aralygynda 13 gezek neşir edilipdir. Olardan 8 sanysy Daşkentde, 2-si Stambulda çykypdyr. Bu kitabyň galan üç neşiri Gazanda, Lahorda we Hindistanda goýberilipdir.
«Myradyl – aryfin» («Aryflaryň myrady»). Aryflar, sopular barada söhbet açýan bu kitap 1917-nji ýyla çenli jemi 5 gezek neşir edilipdir. Olaryň 4-si XIX asyryň ikinji ýarymynda Gazanda we bir gezek 1910-njy ýylda Daşkentde çykypdyr.
«Föwzun – nejat» («Ynsan bagtyny goramagyň ýollary» ýa-da «Halas bolmagyň çäresi»). Bu kitap 1802-1916-njy ýyllar aralygynda 13 gezek neşir edilipdir. Olaryň 7-si Gazan şäherinde Gazan uniwersitetiniň çaphanasynda çap edilipdir. «Föwzun – nejadyň» galan 6 neşiri 1900-1906-njy ýyllar aralygynda Daşkentde çykypdyr. Gazan neşirlerinden tapawutlylykda olaryň ählisi daşbasmada çap edilipdir. Daşkent neşirleriniň birinde bu kitabyň çykan ýyly görkezilmändir.
«Syrajyl – ajyzyn» («Ejizleriň çyrasy»). Professor Nazar Gullaýew bu kitabyň Sopy Allaýaryňkydygyny aýdýar. Ýöne bu barada dürli garaýyşlar bar. Aşyrpur Meredowyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-sindäki (№ 50) sanynda «Syrajyl – ajyzyn» ady bilen çykan makalasynda ol bu eseriň awtorynyň Döwletmämmet Azadydygyny nygtaýar. Elbetde, eseriň awtory babatda dürli garaýyşlaryň ýüze çykmagy, bu eser barada maglumatlaryň juda azlygyndan gelip çykýar we bu geljekde öwrenilmeli meseleleriň biri bolup durýar.
«Sebatul-ajyzyn» («Ejizleriň merdanalygy» ýa-da «Ejizleriň durnuklylygy»). Sopy Allaýaryň ýazan eserleriniň içinde iň kämili we iň tanymaly türkmenleriň we beýleki türki halklaryň arasynda «Sopy Allaýar» ady bilen meşhurlyk gazanan «Sebatul-ajyzyn» eseridir. Sopy Allaýaryň bu eseri ynsanlaryň kalbyna yslamyň mukaddesliklerini çaýmakda, «Kuranyň» mazmuny, Pygymberleriň we yslamyň taryhy bilen tanyşmakda, baky dünýäniň müdimilik eşretlerine alyp barýan kämil we dogry ýoly tapmaklykda, şerigatyň kada-kanunlaryny, düzgünlerini dürs ýerine ýetirmeklikde, aýratyn hem sopuçylyk ýoluna gadam basan müritlere dogry ýoly görkezmeklikde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolupdyr we muňa örän uly hormat goýlupdyr. Halkymyz «Sopy Allaýar» diýlip atlandyrylýan «Sebatul – ajyzyn» eseriniň golýazma nusgalaryny öýünde saklamaklygy we okamaklygy özüne uly bagt hasap edipdir.
Türkmen halkyna yslamy ündemekde Sopy Allaýaryň bitiren hyzmaty uludyr. Ol musulman dininiň talaplaryny şygra salan şahyrdyr. Şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda öz ornuny tapdy.
Sopy Allaýaryň edebi mirasynyň çap edilişiniň taryhy barada alym Almaz Ýazberdiýewiň «Köne türkmen basma kitaplary» atly kitabynda möhüm maglumatlara duşmak bolýar. Ol:
Bu kitabyň birinji neşiri 1802-nji ýylda Gazanda basylypdyr. Bu eseriň 1802-1916-njy ýyllar aralygynda dürli ýurtlarda goýberilen III sany neşirini tapmak bize başartdy. Olardan 62 sanysy Gazanda, 33-si Daşkentde (olaryň birinde çykan ýyly görkezilmändir), 5-si Buharada, 4-si Stambulda neşir edilipdir. Şeýle-de, bu eser Bombeý, Kanpur, Laknau we Samarkant şäherleriniň her haýsysynda bir gezek çap edilipdir. Ýene-de üç sany neşiriň birinde onuň çykan ýeri, ikisinde bolsa çykan ýeri we ýyly görkezilmändir.
1802-1867-nji ýyllar aralygynda «Sebatul-ajyzyn» diňe Gazanda tatar kitap neşirçileri we kitap söwdagärleri tarapyndan çap edilipdir. XIX asyryň 70-90-njy ýyllarynda «Sebatul-ajyzyn» Hindistanyň şäherlerinde we Stambulda 7 gezek çap edilipdir. Gazan neşirlerinden tapawutlylykda, olary neşir eden adamlar, esasan, Orta Aziýanyň uly kitap söwdagärleri bolupdyrlar.
«Sebatul-ajyzynyň» Orta Aziýadaky ilkinji neşiri 1883-nji ýylda Daşkentde goýberilipdir. Ol S.I.Lahtiniň hususy çaphanasynda basylyp, şol bir wagtyň özünde hem bu şäherde çap edilen ilkinji daşbasma kitaby bolupdyr. 1884-1917-nji ýyllar aralygynda «Sebatul-ajyzyn» ýene-de bu şäherde 32 gezek neşir edilipdir.
Orta Aziýa döwletleriniň gündogarşynaslyk merkezlerinde «Sebatul-ajyzynyň» Stambulda we Hindistanda neşir edilen nusgalary hem duş gelýär. Olar bu sebitde şu eseriň daşary ýurt neşirleriniň hem ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Bu kitap haýsy ýurtlarda neşir edilse hem mazmun taýdan ähli jähtden birmeňzeşdigini bellemelidiris.
Sopy Allaýaryň eserleriniň başga neşirleri barada bizde maglumatlar ýok. Umuman, onuň kitaplary 1917-nji ýyla çenli 143 gezek neşir edilipdir. Bulardan başga-da, dürli ýurtlaryň gündogarşynaslyk merkezlerinde Sopy Allaýaryň ýokarda görkezilen eserleriniň köp sanly golýazma nusgalary hem saklanylýar.
Sopy Allaýaryň «Sebatul-ajyzyn» eseriniň 1917-nji ýyldan soňam, hatda häzirki günlerde-de dürli musulman ýurtlarynda, hususanda Eýranda ýygy-ýygydan neşir edilip gelinýändigini hem ýeri gelende aýtmak gerek.
«Sebatul-ajyzyn» kitaby köneçeden sowatly türkmen ýaşulularynyň köpüsiniň şahsy kitaphanalarynda-da, Türkmenbaşy adyndaky TMGI-niň golýazmalar hazynasynda-da az däl. Bu hazynada Sopy Allaýaryň özi hakda gymmatly maglumatlar bermek, onuň eserlerini şerh etmek (düşündirmek) niýeti bilen ýazylan kitaplaryň-da käbiri saklanýar.
Sopy Allaýaryň «Sebatul-ajyzyn» eseriniň 1987-nji ýylda «Mektebetul – Islämiýýe» (Kunbet Kabus – Hajy Talay) tarapyndan Tähranda çykarylan nusgasynyň sözbaşysynda bu kitaba degişli saklanyp galan 8 sany nusga dogrusynda durlup geçilýär. Olar:
1. Eseriň Sopy Allaýaryň ýogalanyndan 60 ýyl soňra ýazylan arapça şerhi.
2. 1253-nji hijri kamary ýylynda wepat eden Ýalçagyl ogly Täjeddiniň «Risale-i – Aziza» diýen türki şerhi.
3. 1293-nji hijri kamary ýylynda Eýmir taýpasyndan Gulyjan Sopynyň ogly Molla Gurbanmuhammet Eýmiriň ýazan «Sebatul-ajyzyny».
4. Gazanda çap edilen biraz düşündirişli nusga.
5. Daşkentde çap edilen «Sebatul-ajyzyn».
6. Karaçide «Mektebetul – Islämiýýeniň» çap etdiren nusgasy.
7. Owganystanda çap edilen okalmasy örän kyn we ýalňyşy köp bolan «Sebatul-ajyzyn».
8. Musa Türküstanynyň hyýanat etmek maksady bilen bozup Şamda çap etdiren «Sebatul-ajyzyny».
Esere degişli işlerden ýokarda görkezilenlerden başga ýene-de şulary görkezmek bolar:
1. Eseriň 1802-1917-nji ýyllar aralygynda we ondan soňky ýyllarda neşir edilen nusgalary.
2. Päkistanda neşir edilen «Hedaýat at – talybyn şerhi «Sebatul-ajyzyn»» (««Sebatul-ajyzyna» düşünmekde talyplara ýol görkeziji»). Munuň awtory Seýit Habibulla ibni Seýit Ýahýahan al – Fargany al – Kabulydyr.
3. Al-Bulgary diýen awtoryň «Şerhi «Sebatul-ajyzyn»» atly eseri arapça düşündirýän golýazma kitaby.
4. Gazanda doganlar Kerimowlaryň çaphanasynda neşir edilen, awtory, çykan ýyly we beýleki maglumatlar görkezilmedik «Erşadyl – ajyzyn» atly «Sebatul ajyzynyň» teswirnama kitaby.
5. Professor Nazar Gullaýewiň «Sopy Allaýar» ady bilen geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrlarynda taýýarlan, «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» 1986-njy ýylda neşir edilen 8-nji jildiniň 143-144-nji sahypalarynda ýerleşdirilen çaklaňja makalasy.
6. Professor Nazar Gullaýewiň «Sopy Allaýar hem onuň döredijiligi hakda bir keleme» ady bilen «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1991-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-indäki sanynda çap edilen makalasy. (Makalanyň ýany bilen şahyryň «Sebatul-ajyzyn» mesnewisiniň başragyndan dört bölüm (84 beýt-168 setir) hem-de şahyryň bäş beýtli gazaly berlipdir).
7. Sopy Allaýar we onuň «Sebatul-ajyzyn» eseri barada 1993-nji ýylda Stambulda neşir edilen «Evliyalar ansiklopedisi» atly ensiklopediýanyň 11-nji tomunyň 15-17-nji sahypalarynda ýerleşdirilen çaklaňja makala.
8. Professor Nazar Gullaýewiň redaktirlemeginde we sözbaşy ýazmagynda «Sopy Allaýar» ady bilen 1998-nji ýylda neşir edilen «Sebatul-ajyzyn» eseriniň TMGI tarapyndan türkmençä, kiril elipbiýine geçirilen transkripsiýasy.
9. Rahman Ilmämmedowyň «Türkmen sesi» gazetinde 1999-njy ýylyň mart aýynda çykan «Sopy Allaýar» atly makalasy.
10. Almaz Ýazberdiniň 2004-nji ýylda neşir edilen «Köne türkmen basma kitaplary» atly kitabynda Sopy Allaýaryň edebi mirasynyň neşir edilişine degişli beren gymmatly maglumatlary.
11. Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Ogulbäbek Amandurdyýewanyň 2006-njy ýylyň oktýabr aýynyň 5-ine «Sopy Allaýar we onuň «Sebatul ajyzyn» eseri» atly, 2007-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-yna we oktýabr aýynyň 6-syna «Sopy Allaýaryň täsir alan çeşmeleri» atly «Aşgabat» gazetiniň sahypalarynda çykan makalalar toplumy.
Sopy Allaýaryň bu poemasy mesnewi görnüşinde we aruz ölçeginde ýazylypdyr. Eseriň ýazylyşynyň stopalary: mefaylun – mefaylun – faulun bolup, aruzyň hezeji – museddes atly bährindendir.
Sopy Allaýaryň «Sebatul-ajyzyn» eseriniň doly neşiri 84 sany bölümden ybarat bolup, şol sanda olaryň 18 sanysy hekaýatlar, 6 sanysy bolsa mynajatdyr. Sopy Allaýaryň bu eseri 1663 beýtden (3326 setirden) ybaratdyr.
Taýýarlan Ýaş Alym ertir.com
Jeksparro 5 years ago- Şu Sopy Allaýaryñ ''Rownakyl Yslam'' kitabynyñ türkmençesi bar mende. Yslam dininiñ hemme meselelerini mesnewä salyp yazypdyr. Gaty gyzykly.
Magtymguly Pyragynyñ:
''Garyplyk yok bolup gitmez,
On iş terk etmeýän ärden.''
Şu goşgy setirdäki 10 işler hem ýazylan. Yagny şol on işleri bes etmeseñ garyplyk gidenok.