Aly

Resulyñ giýewsi, öz arslanyňdyr,
Ýa ymam Alyýa bagyşla bizni.
(Magtymguly Pyragy)


Geçenki makalamyzyñ sanlarynda Hezreti Alynyñ ogullary hakda kelam agyz durup geçdik. Indi bolsa hezreti Aly hakdaky söhbetimizi dowam etdireliñ.
Hawa hezreti Aly halyflykda bir gününem rahatlykda geçirmän uruşlar-söweşler bilen aý-gününi ötüren halyfdyr. Ilki başda halyflyga geçmese-de Ebu Talybyñ, oñ yz ýany Omar ibni Hattabyñ, soñam Osman ibni Affanyñ halyflygyny kabul edip, ondan soñam halyf bolansoñ azar ýamanyny berenler sebäpli halyflykda oña düşünenler kän bolmady. Şeýdip gül ömrüni solduran yslamyñ şiri bolan Hezreti Alydan soñ özara dawwalar ýüze çykyp uly çekişmeler emele geldi.
Osman bin Affany öldüreni tapmazlykda Alyny günäkärlediler, Mugawyýa ýalylar Alyny äsgermän özüni halyf diýip yglan etdi, soñunda-da bir haryjy tarapyndan namaz okap otyrka namartlyk bilen öldürildi. Aly bilen baglanyşykly meseleler çözülmeden geçen gaýtam Şaýylar diýdi ýene bir zatlar diýdi tarapdarlaryñ gohy-gowury yslam dünýäsini sarsgyna berip geldi.
Şonuñ üçin Magtymguly atamyzyñ aýdyşy ýaly ''Ýa ymam Alyýa bagyşla bizni''. Şeýle-de bu makalany onuñ ýagty ýadygärligine bagyşlap türk wikipediýasyna hem salgylanyp ýazmaly boldum. Terjimede bir az säwlikler bolup biler.
Hezreti Alyny tanamak üçin geliñ oña ýakyndan ser salalyñ!
Aly bin Ebu Talyb  (علي بن ﻲ طالب‎ )
(599 - 28.01.661) (1-2-3)
Yslam halyflygyny 656-661-nji ýyllar aralygynda dolandyran yslamyñ dördünji halyfy Hezreti Aly ibn Ebu Talypdyr. Yslamyñ pygamberi Muhammet aleýhissalamyñ hem giýewsi hem agasy Ebu Talybyñ ogly bolan Hezreti Aly Muhammediñ Yslama bolan çagyryşyny ilkinji bolup kabul eden erkek kişidir(4-5). Sünni Yslama görä Aly Dört halyflaryñ iñ soñkusy we Şyga Yslama görä hem ymamlaryñ birinjisi we Muhammediñ hak egindeşidir.
Şyga we Sünni Yslamy arasyndaky tapawutlaşmaklygyñ esasy sebäbi Muhammet aleýhissalamyñ hak egindeşiniñ haýsy kişi bolandygy hakdaky garaýyşlar bolupdyr(6).
Ebu Talyp we Fatyma bint Esediñ perzendi bolan Aly Käbede dogan soñ Pygamberimiz Muhammet s.a.w. garamagynda ulalyp ýetişipdir(6). Muhammede wahyý geleninde onuñ dine çagyryşyny kabul eden ilkinji erkek adam hasaplanylýar. Hezreti Aly Yslam üçin janyny gaýgyrmadyk, din üçin janyny, malyny bagş eden şahsyýetdir (2-7-8-9).
Pygamberiñ emri bilen hijret gijesi onuñ ýatýan düşeginde ýatyp amanat zatlary eýelerine gowşuran Aly, gysga wagtyñ içinde pygamberiñ yz ýanyndan Medinä gidipdir, bu ýerde Yslam pygamberiniñ gyzy Fatyma öýlenýär(6). Musulmanlar Medinede bolýan wagtlary kiçeñiräk söweşlerden başlap onuñ goşulmadyk söweşleri ýok bolsa gerek. Gaýduwsyzlygy we mertligi bilen tanalan Aly üçünji halyf Osman bin Affanyñ öldürileninden soñ halk tarapyndan halyflyga bellenýär(10-11).
Yslam medeniýetinde Aly ylmy, gaýduwsyzlygy, imanlylygy, dürsligi, we geçirimliligi bilen tanalyp Sufi ynanjyndakylaryñ mifiki şahsyýeti bolup rowaýatlaryñ arasyna siñdirilipdir. Bulardan başga-da tewsir, fykh we dini düşünjelerede ökde bolupdyr(12). Aly käbir şyga-Batyny düşünjelerinde mifiki rowaýatlaryñ esasy gahrymany (13) hökmünde çykyş edipdir. Yslamda we sünnilikde Muhammet aleýhissalamyñ öwgisi tarypy (meselem Möwlid al-nebi) ýetirilýän bolsa, Şygalar üçinem Hezreti Aly şolar ýaly öwülip tarypy ýetirilýär.

* * *

Mekgede 30-njy Pil ýylynyñ 13-ine, ýa-da Rejep aýynyñ 13-i güni, köpleriñ aýtmagyna görä Zülhijje aýynyñ ýedinji güni Käbäniñ hut içinde dünýä geldi (599). Ejesi Fatyma Alyny dogurjak wagty Käbäniñ diwaryna söýenip durupdyr. Şol wagt hem diwar ýarylyp bir hili sesler eşidilipdir(14).
Dördünji gün daşaryk çykanynda Fatymanyñ gujagynda bir erkek çagasy bardyr. Ebu Talyba we maşgalasyna buşlanylýar. Muhammet aleýhissalam hemmeden öñürti bäbejigi gujagyna alyp göterýär. Şol wagt Muhammet (s.a.w) aýaly Hatyja bint Huweýlid bilen birlikde agasynyñ öýünde ýaşaýardy(15), özlerem şol wagt olaryñ ýaşap ýörenlerine üç-dört ýyl bolupdy(16). Alynyñ adyny kimiñ dakandygy hakda iki sany aýry çaklamalar bar; birinjisi Ebu Talyba bu at gowy ýarapdyr(17), has ygtybarly çaklama bolsa bu ady Muhammet aleýhissalamyñ özi dakypdyr(18).
Alynyñ ejesiniñ ady Fatyma bin Esed Muhammet aleýhissalymyñ atasy bolan Adylmuttalibiñ (Şeýbe bin Haşym) jigsi Esed bin Haşymyñ gyzydyr.
Abdylmuttalib öleninde Muhammede eje hökmünde ony gorap gollan we Yslam pygamberiniñ ilkinji aýaly Hatyja bint Huweýlidiñ yz ýany yz ýany musulman bolan ikinji hatyndyr. Alynyñ kakasy, Kureýşiñ baştutanlygy kakasy Abdylmuttalipdan (Şeýbe bin Haşym) Ebu Talyba geçýär.
Ebu Talyp atasynyñ ölüminden soñ hiç kimsiz ýetim galan Muhammedi öz ýanyna aldy we tä dünýeden ötýänçä (43 ýyllap) ony gorap,gollap gezdi.
Muhammet pygamberligini yglan edeninde bolsa Kureýş EbunTalybyñ ölümine çenli ondan çekinip, Muhammede kän zyýan ýetirmäge bogunlary ysmady(19).

* * *

Alynyñ çagalyk ýyllary, Yslam pygamberiniñ çagalyk ýyllary ýaşan öýünde geçdi. Ikisi hem Ebu Talyby bir kaka we dolandyryjy hökmünde syladylar. Fatyma bint Esede hem ''Eje'' diýýärdiler. Alynyñ çagalyk ýyllarynyñ birinde Mekgä guraklyk aralaşdy. Muhammet agasynyñ ogly Alyny ýanyna alyp maşgalanyñ gytlykdan halas bolmak üçin agasy Abbasa aýtdy. Abbas bin Abdylmuttalyp Japar et-Taýýary, Muhammet bin Abdylla bolsa Alyny ulaldyp ýetişdirmek üçin ýanlaryna aldylar(20).
Aly hutbalarynyñ, sözleriniñ we emrleriniñ ýazylyp alynan Nejhul Belaga atly kitapda şol günleri şeýle beýan edýär: ''Çagadym entek, ol meni bagryna basyp, ezizläp düşeginde ýatyrardy, lukmany çeýnäp agzyma hödürläp iýdirerdi... Menem her wagt düýe köşejiginiñ enesiniñ yzyna düşüşi ýaly yzyna düşerdim. Ol her gün maña öz häsiýetlerinden birini maña öwrederdi we aýdanlaryny ýatdan çykarmazlygymy berk tabşyrardy.
Her ýyl Hyra dagyna baryp gaýdardy. Ony men görýärdim, başgalar görmezdem, bilmezdem''(21).
Döwründe ýazylyp alynan maglumatlarda Muhammet (s.a.w) Alyny omzuna alyp Mekgäniñ daglarynda, derelerinde we ýollarynda aýlardy(22).
Şyga we Alawy ynançlaryna görä Aly musulmanlaryñ arasynda ilkinji iman getiren, Käbede dünýä gelen ýeke-täk adamdyr. Sünni ynanjynda bolsa Hatyjadan soñ yslama iman eden ikinji musulman bolupdyr.

Mekgeliler Yslam pygamberiniñ janyna kast etjek bolanlarynda hijret gijesi Aly pygamberimiziñ ýatagynda ýatyp janyny orta goýmaly boldy.
Birnäçe tewsirçilerib pikirine görä Alla bu pidakärligi üçin bir aýat indiripdir ''Adamlaryñ içinde şeýle birleri bardyr, Allanyñ razylygyny gazanmak üçin janyny bagş eder''(Bakara/207).
Muhammet aleýhissalam hem gizlinlikde öýden çykyp Medinä tarap ýola çykdy.
Yslam pygamberiniñ tabşyrygy boýunça Muhammede amanat bolan
edilen goşlary eýelerine bermek üçin we ejesini, Muhammet (s.a.w) gyzy Fatyma Zahrany we ýene iki hatyny ýanyna alyp Medinä barýar.
Aly Medinede dowamly Muhammet aleýhissalam bilen birlikdedi. Musulmanlaryñ arasynda doganlyk okaşyldy. Pygamberimiz gyzy Fatymany hem hezreti Ala mynasyp gördi. Şondan bir ýyl soñ Alynyñ ilkinji ogly Hasan dünýä geldi.
* * *

Aýşe 15 ýaşyndaka ýörüşe çykanda adamsy Muhammedi ýaş bir musulman esger bilen aldadandygyny aýdypdyr. Bu gürrüñiñ musulmanlar arasynda ýaýrandygy üçin Aýşäniñ Ala bolan sowuk-salalygy şol sebäplidi. Aly halyf bolansoñam onuñ tarapyny tutmanlygy hem şol sebäplidir(23).
Hezreti Aly aýallaryndan we kenizlerinden bolan 14 oglan, 18 gyz perzentleri bolupdyr. Ýöne esasy nesli Hasan, Huseýin, Muhammet (Ibn Hanefiýýe), Abbas we Omar atly ogullaryndan gaýdypdyr. Ogullarynyñ köpüsi hijretiñ 61-nji ýylynda Kerbela söweşinde ömür tanaplary kesilýär(24). Alynyñ ilkinji hatyny Yslam pygamberi Muhammet aleýhissalamyñ gyzy Fatymadyr. Fatyma dünýeden ötýänçä hiç kim bilen durmuş gurup ýaşaşmady. Fatyma Zahradan 5 çagasy boldy. Atlary şulardyr: Hasan, Huseýin, Zeýnep (gyz), Ümmi Gülsüm (gyz), Rukiýýe (gyz) we Muhsin ibn Aly.
Olaryñ içinde Muhsin heniz Fatymanyñ garnyndaka dünýeden ötüpdir.
Soñra Aly Amir bin Kilap kabylasyndan Ümmül-Benin binti Hizama öýlenýär. Bu hatynyndan El-Abbas, Japar, Abdylla we Osman atly dört çagasy bolýar.
Soñ Temim kabylasyndan Leýla binti Mesuda öýlenýär.
Bu hatynyndan iki çagasy bolupdyr. Atlary: Abdylla we Ebu Bekir.
Hasamy kabylasyndan Esma binti Umeýse öýlenýär. Ondan Ýahýa we Muhammedul Asgar (Kiçi Muhammet) dünýä inýär.
Yslam pygamberiniñ giýewsi Ebul As bin Rebiniñ gyzy Umame hem Alynyñ hatynlarynyñ biridir.
Muhammed-ul-Eswat (Ortanjy Muhammet) hem bu hatynyndan dogulandyr.
Hawlet binti Japar atly hatynyndan ''Ibn Hanifiýýe'' atly Muhammet bin El-Hanifiýýe dünýä gelýär. Urwe bin Mesud es-Sekafiniñ gyzy Ummu Saide öýlenip, ondan hem Ummut-Huseýin we Beýik Remle atly gyzlary bolýar.
Aly pygamberimiziñ serkerdeligindäki Yslam halyflygyndaky jihatlarda, ylymda, akyl-parasatda aktiw gatnaşypdy.
Üçünji halyf Osman ibni Affanyñ öldürilmeginden soñ halyf saýlanylyp Yslam döwletiniñ başyna geçdi. Halyfaty dolandyryp başlan wagtlary musulmanlaryñ arasynda ilkinji gezek ýüze çykan içki gapma-garşylyklar (ilkinji pitne) ýüze çykdy.
Aly Küfede bir mesjitde ybadat edýärkä Haryjylardan Abdyrahman Ibni Muljem tarapyndan hanjarly janyna kast edildi. Şol ýarasyndan gutulyp bilmän birnäçe günüñ içinde dünýeden ötdi(25). Ol Kufe şäheriniñ ýakynlarynda topraga gömüldi(25). Ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly Aly Ilkinji Yslam çeşmeleriniñ habar bermegine görä Käbäniñ içinde dogulan ilkinji adam hasaplanylýar(26-2-7-8-9).
Yslam tarykatlarynyñ köpüsi, öz gelip çykyşlaryny hezreti Ala baglanyşdyrýarlar we onuñ neberesinden gelip çykan hasaplaýarlar.
Hezreti Aly Yslam taryhynda çözülmän galan iñ köp çekeleşikli şahsyýetleriñ biridir.
Sünni we Şyga çeşmeleri Aly bin Ebu Talybyñ ylmynyñ güýçliliginden habar berýärler. Muhammet aleýhissalam ony Ylym şäheriniñ gapysy, ynsanyýetiñ iñ ökde bilijisi, ahkam ylmynyñ alymy we ymmata Ähli-Beýdi açyklan şahsyýet derejesinde sylaglapdyr.
Aly Kuranyñ hemme aýatlaryny, haçan ýazylandygyny we haýsy wakalar bilen baglanyşyklydygyny gaty gowy bilýärdi.
Hezreti Aly şeýle diýipdir:
''Maña bir harp öwredeniñ kyrk ýyllap guly bolaryn''.
* * *

Hadyslar Yslamda rowaýatlar zynjyry bilen Muhammede baglanyşdyrylýar we onuñ aýdandygyna ynanylýar. Makalamyz Hezreti Aly bilen baglanyşykly bolany üçin ol hakdaky aýdylan hadyslary hem şu ýere ýazmaklygy rowa gördük.
Muhammet aleýhissalam şeýle diýipdir:
''Men hikmetiñ şäheridirin. Aly bolsa gapysydyr(27)''
''Alyny diñe mömin bolan söýer we oña diñe mynapyk (ikiýüzli) bolan baş göterer (Nesai)''
''Alyny söýmek ataşyñ oduny ýakyşy ýaly Musulmanlaryñ günäsini ýok eder (I. Asakir)''.
''Ala duşman bolanyñ duşmany Alladyr''(Ramuz).
''Ylym on sanydyr. Dokuzy Alyda biri hem beýleki halklardadyr. Bu hem olardan gowy biler (Ebu Nuaýym)''.
Alyny söýen meni söýendir. Oña duşmanlyk eden maña duşmanlyk edendir. Meni ynjydan hem Allahy ynjydan ýaly bolar (Taberany)''.
''Imanyñ birinji alamaty Alyny söýmekdir (M.Ç.Güzin)''.
Men kimiñ möwlasy bolsam Aly hem şonuñ möwlasydyr(28)''.
''Ýa Aly! Ömrüñ meñ bilen, ölümiñem meñ bilendir (29)''.
''Aly dünýede we ahyrýetde jigimdir(30)''.
''Her kim Ala jepa çekdirse maña jepa çekdiren hasabynda tutular(31)''
''Jennet üç kişä aşykdyr: Aly ibni Ebu Talyb, Ammar ibni Ýasir, Selmany Parsy(32)''.
''Biz Abdylmuttalibiñ perzentleri, jennetiñ jenaplarydyrys. Men, Hamza, Aly el-Murteza, Japar et-Taýýar, Hasan el-Mujteba, Huseýin Seýýidus-Şuheda we Mehdi (Ibn Maje)''

Hezreti Aly Bedr söweşinde garşy tarapdaky goşundan ýigrimi bir kişini öldürdi. Öldüren kişileriniñ arasynda Mugawyýanyñ atasy Utbe, daýysy Welid we jigsi Hanzele hem bardy.
Uhud söweşinde bolsa Kureýşiñ meşhur söweşijilerinden dokuz kişi bilen garpyşdy.
Hezreti Aly hakynda efsanawy rowaýatlar kändir. Bu rowaýatlaryñ biri hem Alynyñ Bedr söweşinde bedeninden ýetmiş sany ýara-kesik alandygyna garamazdan soñuna çenli pygamberiñ ýanynda söweşendigi üçin Jebraýyl melek ,Alynyñ bu pidakärligini görüp: ''Zulpykardan başga gylyç, Alydan başga ýigit ýokdur'' diýendigi rowaýat edilýär.
Hendek söweşinde Araplaryñ meşhur gahrymany Amr bin Abduwed hendegi aty bilen böküp geçeninden soñ garpyşypdyr.
Şonda Aly Amrdan üstün gelipdir.
Haýbar söweşinde ilki iki ganaty dolandyranlar (Ebu Bekir we Omar bin Hatdap) aljyraññylyga düşenlerinde pygamberiñ sanjagy Ala berildi. Aly bin Ebu Talyp ol gün ýeñiş gazanylmakda uly rol oýnandygy rowaýat edilýär. Bu söweşde Alynyñ Haýbar galasynyñ derweze gapysyny eli bilen ýykyp bu gapyny hem galkan edip ulanandygy rowaýat edilýär. Haýbar galasynyñ alynmagy bilen Şam, Siriýa söwda ýoluny ele saldy.
Hezreti Aly Muhammet aleýhissalam wepat bolanynda 33 ýaşyndady. Pygamberiñ giýewsi we agasynyñ ogly hezreti Aly onuñ iñ ýakyn garyndaşy bolany üçin jynaza işlerine meşgullandy. Şol wagt Ebu Bekr we Omar bin Hatdap döwlet işleri bilen meşgullanýardy. Yslamyñ düzgünlerine görä pygamberimiziñ mübärek bedenini ýuwmak we kepenlemek işini özi ýerine ýetirdi.
Sünnilere görä Jennet bilen buşlanan on sahabadan biri, dört beýik halyflaryñ soñkusy, Şygalara görä ondört sany bigünäleriñ biri, On iki ymamlaryñ ilki we Muhammed (s.a.w) hak halyfdyr. Yslamdaky Şyga-sünni aýralygy Alynyñ halyflygy bilen baglanyşyklydyr(25-33).
Sünniler Muhammediñ halyf bellemändigini (Musulmanlaryñ saýlawy bilen halyf yglan edilmegi)
Şygalar bolsa Alyny halyf galdyrandygyny aýdýarlar we ilkinji üç sany halyflary bolsa kabul edenoklar.
632-nji ýylda Muhammet aleýhissalamyñ ölüminden soñ musulman äleminiñ başyna kimiñ geçjekdigi hakda gaýgy edýärdiler.
Musulmanlaryñ bir bölegi ilkinji bolup Ebu Bekriñ halyflygyny kabul etdiler. Soñ hem Omar bin Hatdap, Osman bin Affan we Hezreti Alynyñ halyflygy kabul edildi.
Şol wagt bir bölek musulmanlar pygamberiñ agasynyñ ogly we giýewsi bolan, çagalygyndan başlap pygamberiñ öýünde ulalan we ony goramak üçin öz janyny howp astyna atan Alynyñ ilkinji bolup halyf bolmalydygyny pikir edýärdiler.
Muhammet aleýhissalamyñ Gadyry Hum diýen ýerde özünden soñra Alynyñ başa geçmelidigini aýdypdyr(34).
Yslam pygamberi Muhammet, Aly hakda şeý diýipdir: Seniñ meñ ýanymdaky ornuñ, Harunyñ Musanyñ ýanyndaky orny ýalydyr. Ýöne menden soñ pygamber gelmez''.
Harun Musa pygamberiñ doganydyr we oña wahy gelmedik pygamberlerdendir. Musa ybadat üçin 40 günläp Sina dagyna gideninde, jigsi Haruny Ysraýylogullarynyñ başynda galdyrypdyr (Araf Süresi, 142 aýat). Bu sebäpden Şygalar Yslam pygamberiniñ bu sözi bilen Alyny halyflyk üçin galdyran äht sözi edip ýorumlaýarlar.
Muhammediñ dul aýallarynyñ ýany bilen Aly we Fatyma hem Ebu Bekriñ halyflyga bellenmegini halamadylar (35). Muhammet wepat bolanynda yzynda mal we Fedek atly mülk galdy. Ebu Bekriñ pikiriçe bu mal we mülk pygamber tarapyndan halkyñ peýdasyna sarp edilýärdi we şol bir wagtyñ özünde döwlete degişli mallardy.
Hezreti Aly bolsa muña garşy çykdy.
Alynyñ ýoldaşy Fatymanyñ ölüminden soñ Aly, Fatyma üçin pygamberiñ mirasyndan paýyny almak üçin täzeden synanyşsa-da red edildi.
Şonuñ bilen birlikde Ebu Bekirden soñ halyflyk Omar bin Hattap, Medinedäki mülki Muhammediñ (s.a.w)kabylasy Haşymogullarynyñ adyna Ala we Abbasa berdi. Haýbar we Fedek mülkini bolsa döwlet eýeçiligine geçirdi(36). Şyga çeşmelerine görä bu ýagdaý Muhammediñ neslinden bolanlara (Ähli beýt), halyflar tarapyndan edilen kemsidilmäniñ bir görnüşidir(37).
* * *
Musulmanlaryñ bir bölegi Alynyñ özünden öñki halyflary kabul edendigine ynanýarlar. Munuñ bilen birlikde öz halyflygyna çenli hiç hili söweşlere goşulmandygy beýlekileri halyf hökmünde kabul etmändigini añladýar diýen çaklamalar bar.
Üçünji halyf Osman ibni Affan günäkärler (asylar) tarapyndan öldürilende halk Ala äht etdiler we ony halyf edip saýladylar.
Osmanyñ tarapdarlarynyñ bir bölegi onuñ ganyna galany tapýança Alyny halyf hökmünde kabul etjek däldiklerini aýtdylar we musulmanlar ilkinji gezek agzyalalyga ýol berdiler. Yslam halyflygy Aly bilen Mugawyýanyñ baştutanlygynda ikä bölündi. Musulman toparlary ilkinji gezek içki söweşe alyp baran bu ýagdaýa Yslam edebiýatynda ''Ilkinji pitne'' diýip atlandyryldy.
Şeýdip Hezreti Aly Dört ýyl dokuz aý halyflykda pygamberiñ sünnetine uýup gezdi.
Aly bilen Talha bin Ubeýdulla, Zubeýr bin Awwam, Yslam halyflygyndaky çykan gapma-garşylygy ýatyrmak üçin Basra töwereklerinde birleşen pygamberiñ dul aýaly Aýşe (Äşe), Talha we Zubeýr ýaly Yslamyýetiñ esasy adamlary bilen söweşdi. Söweş hezreti Alynyñ ýeñişi bilen tamamlandy we Talha bilen Zubeýr öldürildi. Bu waka Aýşanyñ düýesiniñ ýanynda bolany üçin arapça jemel (düýe) sözüni añladýan görnüşde'' Jemel söweşi'' diýlip at berildi.
Soñra Yrak we Şam ýakynkarynda Mugawyýa bilen söweşdi. Syffyn söweşi ady bilen belli bolan bu söweşler üç aý dowam etdi. Ýöne ýeñiş hiç tarapda hem bolmady, Hakem wakasynda hem şeýle boldy.
Şondan soñ hem Aly bilen Haryjylaryñ arasynda Nehrewan söweşi boldy. Bu söweşde Haryjylaryñ köpüsi öldürildi.
Hezreti Aly Nehrewan söweşinde garşydaşlaryny agyr ýeñlişe sezewar etdi. Bu söweşden soñ Haryjylardan üç kişi Mekgede musulmanlaryñ syýasy ýagdaýlary hakynda maslahat edenlerinden soñ Alyny öldürmeklige karar berdiler. Bu üç kişiden Abdyrahman ibni Muljem hezreti Alyny öldürmäge has höweslidi. Şeýdip ol Kufä tarap ugrady. Kufede bir mesjitde hezreti Aly ybadat edip durka zäherli gylyjyny süýr depesinden inderdi. Şeýdip duýman durka namartlarça kast eden Abdyrahman ibni Muljem Nahrewan söweşiniñ aryny aldy hökmünde şol wagtyñ özünde ýitirim boldy(25). Halyf Aly bin Ebu Talyp namardyñ bu urgusyndan soñ şeý diýdi:
''Käbäniñ Rebbine kasam bolsun, halas boldum, gutuldym(hemme zatdan)'' diýdi. Iki günläp öýünde ýatanyndan soñ, hijretiñ 40-njy ýyly Remezan aýynyñ 21 güni wepat boldy(MS 661).
Depin edileninden soñ uzak wagtlap onuñ mazarlygynyñ nirededigini ýakynlaryndan başga hiç kim bilmändir. Soñ bir asyrdan gowrak wagt geçensoñ Ymam Japar es-Sadyk onuñ mazarynyñ Nejepdedigini aýdypdyr. Aly wepat bolansoñ Yslam halyflygy 20 ýyla çeken söweşleri açan Mugawyýanyñ eline geçdi.


Peýdalanylan edebiýatlar:

1. Madelung (1997), s. 311
2. "Alī ibn Abu Talib". Encyclopædia Iranica. (iñlisçe).
3. http://www.tebyan.net/index.aspx?pid=50877 (internet sahypasyndan peýdalanyldy).
4. Kelen 2001, s. 29
5. Watt 1953, s. xii
6. Nasr, Seyyed Hossein. "Ali". Encyclopædia Britannica Online. Encyclopædia Britannica, Inc. October 18, 2007 (iñlisçe)
7. Tabatabaei 1979, s. 191
8. Ashraf 2005, s. 14
9. Diana, Steigerwald. "Alī ibn Abu Talib". Encyclopaedia of Islam and the Muslim world; vol.1. MacMillan. ISBN 978-0-02-865604-5. (iñlisçe)
10. Ashraf (2005), ss. 119-120
11. Madelung (1997) ss. 141-155
12. Madelung 1997, s. 309 and 310
13. Orhan Gökdemir, din ve Devrim s51 (türkçe)
14. Bihar’ul- Envar, c. 35, s. 8. Keşf’ul Ğumme, s. 19 (iñlisçe)
15. Hidayet Önderleri. 2006. s. 64 (türkçe)
16. Ashraf (2005), p. 6-7.
17. Bihar’ul- Envar, c. 35, s. 18
18. Serediñ: Ashraf (2005), s. 6Beyt Al-Hikama, Virtual library of witness pioneer (iñlisçe)
19. Tabakat, İbn Sad, 1/75
20. Ibni Esir, El-Kamilü Fi't-Tarih, Beyrut, Dar-ı Sadır, 1399 H. C2, S58 -ibni Hişam, Abtülmelik, Es-Siyretü'n-Nebeviyye, Kahire, 1355 H. C1, s262 -Taberi Muhammed b. Carir, Tarihü'l-Ümemi ve'l-Müluk, Beyrut Darü'l-Kamus-ül-Hadis C2, s 213 -İbni Ebi'l-Hadid, Şerh-i Nehcü'l-Belağa 1. Neşir Kahire, 1378 H. C 13, S 119
21. Subhi Salih, "Nehcü'l-Belağa," 192. Hutbe
22. Zemahşeri, Hilyetül Ebrar, j. 1, s. 232
23. Saryçam, Ibrahim. Emewi-Haşimi gatnaşyklary, Ankara, Türkiýe Dyýanat Wakfy neşirýaty 1997 (türkçe)
24. Ali, Dört Halife Dönemi, Doç. Dr. Murat Sarıcık (türkçe)
25. "Ali." Encyclopædia Britannica. Encyclopædia Britannica Online. Encyclopædia Britannica Inc (iñlisçe)
26. Encyclopaedia of the Holy Prophet and Companions
27. Sünen-i Tirmizi terjimesi. Türkçä terjime eden: Osman Zeki Mollamehmetoğlu, Stambul neşirýaty (yıl?), Menkabe Babları, Ali Bin Ebu Talib Menakıbı, Cilt IV, Hadis No. 3929 "أنا دار الحكمة و علي بابها"
28. Suyutî, C.Kebir; Bekrî, 623/101
29. Taberani, Mu’cemu’l-Kebîr; Bekrî, 543/21
30. Münavî, Feyzu’l-Kadir, 4:355, 5589 No’lu Hadis
31. Müsned-i Ahmed; Bekrî, 590/68
32. Suyutî, Câmiu’l-Kebîr; Bekrî, 727/245
33. Ali'nin Sunni görüşü (türkçe)
34. Ymam Fahruddin Razy, “Mefatih’ul- Gaýb”, ymam Ahmed Salebi, “Keşful- Beýan”, Jelaluddin Suyuti, “Durr’ul- Mensur”, Ebu’l- Hasan Ali “Esbab’un-Nuzul”, Muhammed bin Jerir Taberi, “Tefsir-i Kebir”, Hafyz Ebu Naim Yspyhany “Ma Nezele Minel- Kurani fi Aliýýin” we Hilýetul- Ewliya’, Buhary, Taryh j. 1, s. 375’, Muslim “Sahih” c. 2, s. 325’, Ebu Dawud Sünen’, Tirmizi, “Sunen”, Hafyz bin Ukde, “Kitab’ul- Velayet”, Ibni Kesiri Şafygy Dimaşki, Taryh’, Ymam Ahmed bin Hanbel, “Musned” c. 4 s. 281 ve 371’de.
35. Sahihi Buhari 4.53.325
36. Madelung (1997), s. 62
37. Bu ýagdaýa degişli her iki tarapyñ düşünjelerini goldamakda ulanylan hadyslara şu çeşmeden salgylanmak bolar: Sahih Buhari Book 80 (iñlisçe).

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir