KÄBE
Käbe, külli mümin-musulmanyň kalbynyň bilelikde urýan mihraby, ynsanlar üçin gurulan ilkinji bina we gadyr-gymmaty, sylag-hormaty bilen beýgeldilen ilkinji ybadathanadyr. Düýbü, Ýeriň ýüzünde heniz daşyň, kerpijiň bilinmedik bir döwründe, gökleriň aňyrysyndaky älemlerde meýilleşdirilip, päklerden päk bir nebi (Adam ata) tarapyndan tutuldy. Oturdylan zeminiň şol işe bölünip goýulmagy, Adam atanyň Ýere gadam basmazyndan ýyllar we ýyllar ozal belli edilen. Bu babatda şeýle rowaýat edilýär: Günlerden bir gün perişdeler Adam ata bilen duşuşanlarynda: “Sen, bar edilmezinden owwal biz ençeme gezek Käbäni togap edipdik”, diýýärler. Käbe, Arşy aglanyň aşagynda ýerleşen, perişdeleriň mesjidi bolan ‘Beýti Magmuryň’ edil aşagyna bina edilendir. Ýagny, Käbe, göni Arşy agla açylan penjire mysalydyr we ynsanlaryň Käbäniň öňünde edýän doga-dilägleri göni Allahyň huzuryna barýar.
Nuh tupanyndan soňra “ hany ýatla, Ybraýym we Ysmaýyl Käbäni täzeden bina edip, şeýle diýdiler: ‘Eý Rebbimiz, bizden bu haýyrly işi Kabul et!’..”, ilahy beýana görä, Pygamberler atasy hezreti Ybraýym we ogly ysmaýyl aleýhimüsselam tep-tekiz bolan Käbäni gadym esas üstünde täzeden gurup berdiler.
Ýeriň merkezinden “Sidretül Müntehaýa” (barlyk äleminiň gutaran çägine), çenli yns-jyn we perişdeleriň töwereginde hemişe togap edip durdyklary nurdan sütüniň Ýerdäki şekillenen bir görnüşi hasap edilen Käbe, her pursat göze görnen-görünmeýän san-sajaksyz arassa, tämiz ruhyň, harimine özüni oklap wuslat gözledigi, deň-taýsyz bir binadyr. Onuň gadyr-gymmaty asmanlara däňdir diýilse ýalňyş bolmaz... Aslynda Käbe ýerde we gökde Allahyň öýü manysynda “Beýtullah” diýip ýatlanylýar.
KÄBE
-
12
5 years ago
- pikiriň bilen ylalaşýan
Panturkist 5 years ago- Mowzugy taryhy faktmyka diýip okasam şol öňki arap ertekisi eken.