Durna bolsa gökdedi...
(nowella)
Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşenden, ýaşyl baga çümüp oturan paýtagtyň gözel keşbine işdämenlik bilen syn salypdy. Tä instituta gelýänçä-de awtobusda: „Okuwa girmek, tamamlamak nesip etse, hökman paýtagtda işe galaryn“ diýip, ýolboýy içini gepledip gidipdi.
Okuwa-da girdi. Bäş ýylyny ýürekdäki arzuwynyň höwesi bilen arka atdy.
Oglunyň okuwa girenje pursatlary ejesi görgüli obany öýme-öý aýlanyp çykypdy. „Ynhajykga, ýene bäşje ýyldan oglum Sazak jan uly okuw gutaryp, egrenom bolup geljek. Başlygam hezil eder. „Obamyzy çet görüp, gelen egrenom gaçyp ötägidäýýä“ diýip, başlyk nalabam ýördi arada“ diýip, Sadap daýza baran gapysynda telim ýola gaýtalapdy. Begenjinden aýagy ýere degmändi.
Ilki-ilkiler Sazagyň ady obadaşlaryň dilinden düşmedi.
—Tüweleme, tüweleme, Sadabyň ogly-ha adam boldy—diýip, otursa-tursalar şol hakda gürrüň gozgadylar.
Käbir aýallar-a Sadap daýza bilen garyndaşlyk açmak hakda-da pikir ýüwürdip başladylar. Obada üýşmek bolsa, Sadap daýzanyň gapdalynda çöküp, olar gyzlarynyň tarypyny ýetirmek ýetirýärdiler.
Sazagyň deň-duş gyzlary-da bahana tapdyklary onuň adyny dillerine çolaýardylar. „Obanyň agronomyna gelin bolmak bagty kimiň nesibesikä?“ diýip, uludan dem alyp, pikir öwürýän gyzlar az däldi.
Kakasy Sähet aga-da oglunyň uly okuwa girenine az begenmedi. Ýöne begenjini hiç kime duýduranokdy. Şeýle-de bolsa, öňler basan ädimini hasaplap ýören kakasynyň soňky döwürler özüniň nirä gidip-geleni bilenem, ejesinden alýan puluny nämä sowurýany bilenem işi bolman, özüni mähirli nazary bilen ugradyp-garşylap oturyşyndan Sazak ýagdaýy duýýardy.
Käteler ýolda-yzda gabat gelýän kolhoz başlygy Baýram aga bolsa, daşyna çaň siňen çadyrly maşynyny sakladyp, gadyr edip ýere düşerdi-de, Sazak bilen iki elläp görşerdi.
—Neneň-ow, agranom!—diýip, ol ker bilen gepleşýän dek gygyrardy. Soňundanam çaga ýaly wagtyhoş ýylgyrýardy.—Garaşýandyryn! Ýeriň taýýarja durandyr—diýibem, sözüniň üstüni ýetirýärdi.
Brigadir daýysy Kerim-ä geldigi, Sazagy maşyndan düşürmezdi. „Diňe okanyň bilen iş bilmersiň. Işem ugurdaş öwreniber“ diýip, ony kartadan-karta aýlardy. Sazagyň-da çagalykdan gözüni açyp göreniniň pagtaçylykdygyny bilip ýörse-de, oňa pagtaçylyk barada uzakly gün irginsiz gürrüň bererdi.
Jigileri onuň öňünde kökenekdiler. Sazagyň garasy görnenden, kim orta saçak ýazardy, kim çaý otlardy. Kim saçagyň üstüne süýji-köke daşardy. Agronom boljak doganlaryna jigileriniňem buýsanýandygy mese-mälim duýlup durdy. Olar Sazagyň dodagy gymyldaryna mähetdel, çar tarapa düwdenekleşip durdular.
Sazagyň bolsa, bu adamlaryň biriniňem höwesine şärik bolasy gelenokdy. Onuň paýtagtda ýaşasy gelýärdi. Ýazda tozan, gyşda palçyk köçelerden, kinosyz-teatrsyz obasyndan ol bez bolupdy. „Ne düzüwli okalgasy bar, ne-de göwün açar ýaly seýil bagy!“ diýip, ol gahar bilen içini gepledýärdi. „Ýarysy ýykylan, üsti açyk klub, oňa-da diňe tomusda kino gelýär, gyşda o-da ýok!“
A paýtagt bolsa—paýtagt-da! Hemme hezillik munda bar! Kino-teatra islän wagtyň baryber. Günde on gezek kino görmek isleseňem, ýeterlik! Seýil bagymy?! Niräňe baksaň, seýil bagy!
Ýöne Sazagy ýekeje zat ünjä goýýardy. Özüne uly hormat bilen göz dikip oturan adamlara ol nädip şu zatlary düşündirsin! Hoşlaşyk pursadyna bolsa, juda az wagt galdy. Juda az wagt! Her etmeli, hesip etmeli, çykalga tapmalydy. Özünem hiç kim özünden öýkeli-kineli bolmaz ýaly çykalga.
Ol pikirlere gümra bolup, soňky döwürler näme edip-näme goýýanynam bilmedi. Horlanýardy. Iň soňky pursatda çykalga tapyldy...
Bileje okaýan kursdaşy Orakgula syryny açdy. Orakguly onuň alada edip ýören zadyna buduna şapbatlap güldi.
—Ýak-eý... Köpden bäri ýüzüňi salyk görýän welin, asyl şoň üçin diýsene!—diýip, ol ähli işi dili bilen birýüzli etdi oturyberdi.—Daş ederis ony, Sazak jan! Gün-günden süllerip barýaň welin, men bolsam, ýakyn hossarlaryň biri ýogalaýdymyka diýipdirin.
Garaz, Orakguly ikisiniň mäşi bişişdi.
—Kakaň daga näme ýalan tapsaň, şony tap, ýöne maňa welin, köpräk şuny tap—diýip, günleriň bir güni Orakguly onuň boýnundan gol salyp, başam barmagyny süýem barmagyna telim gezek süýkäp goýberdi.—Ilk-ä „azat“ diplom alýas. Soň bolsa, taksä işe girersiň. Öz ugrundan işe ýerleşdimikä-ýerleşmedimikädiýip, seň yzyňy yzarlap ýörjek ýok bii mat. Görüp dursuň-a, her kim islän ýerinde işläp ýör. Onsoňam, taksä girseň, oňaýly bolýa. Gowuja gazanyp, çykaran çykdajylaryňy ýerine goýup bolýa. Menem şeýtjek. Biz ýaly göwünjeň müşderileri gözläp ýören pulsöýerler kän ahyry!
Durna bolsa gökdedi... (Ogulsenem Taňňyýewa)
-
ETIKA
5 years ago
- Shu yazyjyn bashgada gowy eserlerini goyayynda
-
Perhat Sabirovv
5 years ago
- Paýlaśanyña janyñ sag ömrüñ uzak bolsun
Śul hekayasyny okamokdym diñe
Baśgada goýsana dos
myspaser 5 years ago- Sazak iň soňky ekzamenleriň öň ýanynda ýene oba rowana boldy. Özüniňem galpyldysy az däldi. Syrynyň paş bolaryndan az heder edenokdy. Aladaly pikirler basmarlaýardy. Ýagdaýyny aýdyp, ekzamen bahanasy bilen basymjak yzyna at salasy gelýärdi.
Gepi nämeden başlajagyny bilmänem, kän ýaýdandy. Ýöne kakasynyň özi muňa itergi beräýdi. Ol ýeke gulakly pili bilen jaýlarynyň gapdaljygyndaky ep-esli meýdany birgeňsi edip tekizläp ýördi. Sazak birbada sesini çykarman, ellerini döşünde gowşuryp, kakasynyň işine syn etdi. Şol wagt onuň ýanyna ejesi geldi.
—Kakaň seň üçin täze jaý salmakçy bolýa, oglum!—diýip, Sadap daýza alyn saçlaryny düzedip goýberdi-de, dylym-dylym etdi.—Tüweleme, kolhozyň epeý kişileriniň wezipesinde boljak bolsaň, gelim-gidimiňem köpeler, işalla. Ine, onsoň, gelen adamlar bilen özbaşyňajyk... öz tamyňda...
Sazak ejesiniň sözüni soňlatmady:
—Aý, eje, meň üçin-ä jaý aladasyny birneme soňraga goýsaňyzam bordy—diýip, pessaý gepledi.
Enäniň ýüregi bir zat syzan bolarly. Üstünden gaýnag suw guýlan dek, onuň ini dyglap, ýüzi üýtgäp gitdi. Ogly pessaý geplese-de, onuň sözleri enäniň gulaklaryny şaňlatdy.
—O näme üçin?—diýip, Sadap daýza howsala bilen sorady. Ur-tut hem Sähet aga tarap gygyrdy.—Aýu, hany, bärik bir gelip git-le... Ogluň-a bir zat diýjek bolýa!
Sähet aga gum almak üçin ýere sünjen pilini şol durşuna goýdy-da, gabaklaryny agras galdyryp, eneli-ogla sowuk nazaryny aýlap goýberdi. Soňra goşawujyna tüýkürip, ýene pile ýapyşdy. Niýetlän gumuny çen eden ýerine oklansoň, pili täzeden ýere sünçdi. Bilinde daňan güllüje ak ýaglygyny çözüp, ýüzüniň derini süpürdi. Şundan soň aýalyna tarap agras ädim urdy. „Näme gep bar?“ diýen manyda onuň ýüzüne ýene bir gezek agras nazar salansoň, çeträkde seteran goýlan pürsleriň üstüne labyryny goýberdi. Ýüzüni özüniň tekizläp ýören meýdançasyna tarap öwrüp, dymdy. Şeýdip az salym oturdy.
—Ogluň-a entek meň üçin jaý aladasyny etmäň diýýä-le?!—diýip, Sadap daýza bir oglunyň, bir adamsynyň ýüzüne seredip gepledi.—Seň habaryň ýokmudy bi zatlardan?
—Men-ä zatdan habarly däldirin!—diýip, biparh ýaly geplese-de, Sähet aganyň ýüzüne barha sowuklyk çaýylyp, gaşlarynyň çalaja çytylyp ugrany, kalbyna alada aralaşany mese-mälim duýuldy. Şeýle-de bolsa, ol syr bildirmedi. Ardynjyrady. Soňam Sazagyň ýüzüne soragly nazaryny gönükdirdi. Gaýdyp sesini çykarmady.
Sazak bu wagt diýseň kyn ýagdaýa düşüpdi. Ol özi hakda telim ýyl bäri alada galyp ýören mähriban adamlary nädip ýalana daňjagyny bilenokdy. Bir zat bokurdagyna tegek bolup duran dek, zol ardynjyraýardy. Geplände sepiniň bilnäýmeginden aljyrap, sesi titredi:
—Aňyrda galmaly boljak, kaka!
—Hih!—diýip, Sadap daýza ýylanyň guýrugyndan basan dek, içini çekdi.—Men indi nätsemkäm?! Şunça ýaşa ýetirip... Il-günüň ýanynda näme diýeýin!.. Öý-işik etjekdim...—Sadap daýza sözüniň soňuny aga ýazdyrdy.—Bäş ýyllap gözüm ýoluňda boldy. Indibir bizden uzaga gitme ahyry!
—Hany, bes etsene-aýt!—diýip, Sähet aga aýalyna gahar bilen elini salgap goýberdi.—Aglar ýaly näme bar! Ölüm-ýitim ýog-a!
Sadap daýza ýene şumjardy:
—Diri aýralygam ene bol-da, çekip gör!
Sähet aga ýüzüni barha gamaşdyrdy:
—Bar-aýt! Git-de, çaý oturt!
Ejesi, hamala, ogly häziriň özünde gözünden uçup barýan dek, Sazaga delmuryjy nazaryny dikip-dikip gitdi. Sähet aga-da gaýdyp sesini çykarmady. Ogluna jaý salmak üçin tekizleýän ýerine nazaryny dikip, dymdy oturdy.
Pikirini welin, çaý başynda dowam etdirdi:
—Näme, aňyrda galmaga başga adam ýokmuka?
Gün geçirmez bagly paýtagta bolan höwes Sazagy atanyň öňünde ýalan sözletdi:
—Akademiýada galsam diýýän, kaka! Başaryp bilsem, alym bolmak niýetim bar...
Sähet aga ýene esli salym içini hümletdi:
—Eger çäre tapylar ýaly bolsa-ha, Kerim daýyň bilen mollumlaň ýanyna baryp göreýin... Ýa-da başlyk ol ýerik „Bize agrenom zerur gerek“ diýip, haýyş haty iberse...Gyz maşgala diýeniň-ä öň-soň örüsini-ojagyny täzelemeli... Ýöne erkek kişi welin, ata ojagyny saklasa gowy-da, ogul...
Sazak ellerini daldalatdy. Ýene ýalana ýüz urdy:
—Yzyma bir topar adam tirkäp barsam, aňyrda-da... olaňňam gaharlary geler... „Hossarlaryny tirkäp ýör-ä“ diýerler, kaka!
Bu gezek ok nyşana dogry degdi. Sähet aga uludan dem alyp, baş atdy.
—Hawwa...—diýip, sesini süýkdürdi.—Onyňam dogry. „Höküwmetiň buýran işini etmejek bolup, yzyna hossarlaryny tirkäp gelipdir“ diýseler, abraý-a däl...
Mesele çözüldi. Sähet aga ogluna diýen pulunam tapyp berdi. Ine, şeýdip Szak paýtagtly boldy. Orakgulynyň kömegi bilen „azat“ diplom hem aldy. Taksiniň sürüjisi hem boldy. Kakasyna bolsa „akademiýa ýerleşip bilmäni üçin“ ýene-de ýalan tapdy. „Barmaly wagtdan gijä galypdyryn. Bir ýyllykça takside işlejek. Soňy bilen görübiýrin“ diýdi.
Paýtagty düýşünde-de görmedik ata bu gezegem ynandy.
Kän wagt geçmänkä, Sazak gelinlem boldy. Jaý hem aldy. Indi ähli aladalar gerdenden düşüpdi. Diňe hezil edip ýaşap ýörmek galypdy. Ýöne paýtagtda-da hezillikler mydamalyk däl eken. Sazak muňa soň-soňlar düşündi. Käteler obasynyň şüweleňli toýlary, deň-duşlary ýadyna düşüp, ýüregi gysýardy. Şäherde ony toýa çagyrýanam ýokdy, öýe çagyrýanam. Setanda-seýranda çagyrylaýanda-da, ol şäher şagalaňyndan göwnüniň küýseýän zadyny tapyp bilenokdy. Toýdakylaryň aglabasy ýedi ýatlardy. Bigäneler bilen oturyşyp, obadaky ýegre dostlaryňdan alýan lezzetiňi alyp bolýarmy näme! Nätanyş ýylgyryşlar, nätanyş gülküler, nätanyş hormatlar... onuň kejebesini darykdyrýardy.
Käteler bu zatlardan üstün çykmak üçin ol kino-teatra giderdi. Soňabaka kino-teatryňam gyzygy gaçdy. Görüp otursa, durmuşyň arabasy diňe kino-teatr bilen tigirlenmeýän eken.
...Durmuş bir gün Sazagyň öňünde-de özüniň ýowuz sahnasyny açdy.
Ilkinji perzent dünýä indi. Şundan soň gelniň hykgy-çokgusy köpeldi. Gyşyň aýazly gijeleriniň birinde bolsa, gelin böwrüni tutup ýykyldy.
Sazak hars urdy. „Tiz kömegi“ çagyrdy. Gelen doktorlar aýylganç habar aýtdylar:
—Operasiýa etmeli bor. Özüňem ýany bilen git. Birden gan gerek bolsa... kömegiň gerek bolmagy mümkin...
Şol demde Sazagyň beýnisi doňdy. Ol ýüregini eline alyp zöweldi.
—A çaga? Öýde kiçijik çaga bar ahyry!—diýip, howsalaly gepledi.—Heniz süýtden hem aýrylarly däl!
—Hossarlaryňyz ýokmy?—diýip, orta ýaşlaryndaky äýnekli doktor Sazagy howlukdyrdy.—Wagty saklasaňyz, özüňize giç bolar. Kimdir birini tapyň-da, çagany goýuň. Soň özüňiz seredersiňiz... Aýazly gije ony ýanyň bilen äkidip bolmaz-a!
Sazak uludan dem alyp, hyrçyny dişledi:
—Wah, hossar köp-le... Ýöne olar uzakda-da... Juda uzakda...
—„Duzak ýerde, durna gökde“ diýsene—diýip, äýnekli doktor goş-golamyny ýygnap durşuna ýany bilen gelen ýaş ýigide ýüzlendi.—Nosilkany getiriň!—Ýigit çykansoň, ol ýene Sazaga tabşyryk berdi.—Ýogsa-da, goňşy-golamdan haýyş et, jigi! Bizi güýmedigiň—gelniňe zyýan etdigiň. Bol, gelniňi maşyna salýançak, birini tapjak bol!
Sazak kellesine taýak degen dek bolup, atylyp daşaryk çyksa-da, meňzeş gapyly, nätanyş adamly kwartiralaryň haýsysynyň işigini itjegini bilmedi. Bu ýerde goňşy-goňşyny tananok. Goňşy-goňşynyň gapysyndan baranok. Diňe daşarda käbirleri bilen ýylgyryşyp baş atyşýarlar.
Güýmenmäge wagt ýokdy. Sazak ilki bilen gabat garşysyndaky gapyny itdi. Ýapyk. „Wah, içigar galan, bi şäher diýen zatda iten wagtyň açylyp duran gapynam tapaýmarsyň“ diýip, içinden gargyndy-da, işige ýumrugyny taýly gezek urdy.
Gapy ahyr açyldy. Bezemen geýnen goňşy zenanyň ýarpy göwresi göründi. Içerden adamlaryň gohy, saz eşidilýärdi.
—Knopka bar ahyry!—diýip, goňşy zenan ýüzüne gahar çaýdy.—Knopkany basaýsaňyz bolmyýamy, gapyny ýumruklap dursuňyz. Öňem-ä bi artyplary düzüw agaçdan ýasanoklar. Bir aý ýaşap-ýaşamankaň, çaýşaryp barýa...
—Bagyşlaň, goňşy—diýip, Sazak gussa çekmeden ýaňa aglaýjak bolup gepledi.—Gelnim ýaranok. „Tiz kömek“ çagyrdym. Men onuň bilen bile gitmeli boljak. Kiçijik çaga bar. Şony ýeke gijelik alyp galyp bilmezmisiňiz?!
Goňşy zenan gaşlaryny birikdirdi.
—Ýog-eý!—diýip, çirkin sesi bilen Sazagyň ýüregini ýardy.—Çagadan ýaňa terpet ne mogu. Öz çagalaryma-da gaýynlarym seredýä.
Sazak oňa ýalbarmak isledi. Hatda dyza çökmäge-de taýýardy. Ýöne onýança goňşy zenan gapynyň aňyrsyna sumat boldy-da, işigi berk ýapdy.
Şundan soň ikinji gapy kakyldy. Munda-da bary puç boldy. Gapyny on üç-on dört ýaşlaryndaky ýetginjek açdy.
—Kakam komandirowkada. Ejem mamamlara gitdi. Men bolsa, çaga seretmegi başaramok!—diýip, ol Sazagyň keýpini bozdy.
Üçünji gapyda Sazak has aýylganç zadyň üstünden bardy.
—Gel, oglum, öýe gir!—diýip, gapyny açan garry daýza mylaýym gepläp, ony içerik çagyrdy. Sazak içerik girip, koridorjykda duran ýerinden ýagdaýy düşündirenden soň bolsa, garry daýza ýarysy aýnadan edilen gapynyň üstaşyry içki jaýa nazar aýlap gepledi.—hana, seret, balam, kakalary şeýle bolaýdy. Habar aýtmak üçin oglumy oba iberdim. Häzir muny bir özüm saklap oturyn...
Görkezilen otagda üstüne gülli mata ýapylan, süýnüp ýatan göwrä nazar salanda, Sazagyň ýüregi jigläp gitdi. Ol hopugyp, yzyna atyldy. Nädip öz kwartirasynyň gapysyna baranynam duýman galdy. Içerden çyrlaýan bäbegiň sesi gelýärdi. Daşardan bolsa düýdüldäp, „Tiz kömek“ çagyrýardy. Sazak dördünji gapa ylgajagynam bilmedi, daşaryk atyljagynam... Perzendiniň eýjejik sesem ýüregini dilip barýardy. Göz öňünde bolsa birsyhly ogly üçin täze jaý salar ýaly ýer tekizläp ýören kakasy kelemenleýärdi...
Duzak ýerde, durna bolsa gökdedi...