Çagany sport bilen gyzyklandyrmak we durmuşdada gerek bolar diýen maksat bilen haýsy sport ugruna ýerleşdirseň gowy bolarka?
Karate, sambo, dzýudo, taekwando, aikido, gimnastika, futbol, suwda ýüzme, wolleýbol...
Maslahat...
-
Gürgençli
5 years ago
- Bedeni berkär, hem gulluga gidend-de kösenmez öýdýän
-
Janyk
5 years ago
- Ilki bilen bilime ugrukdyr. Gapdalyndan futbol, tennis, ylgamak ýa-da ýüzmek bilen meşgullandyrsañ gowy bolar.
-
Rakuten
5 years ago
- Futbola ugrukdyrsañ gowy bolaymasa eger howesi bar bolsa, onsoñam oz islan ugryna ugrukdyrsañ howesli yapysar
-
messibet
5 years ago
- Hä, sagboluň maslahatyňyza. Nesip bolsa göz öňüne tutaryn.
-
messibet
5 years ago
- @Gürgençli trawmasyz sport ugry bolsa özüm-ä kem göremok. Gullukda-da sportam gerekdir welin esasy kösenmezligi üçin ýüreklilik we dillije bolmak gerek eken.
@Janyk dogry aýdýaň bilim ilkinji ýerde, ýöne sportam gerek. Suwda ýüzmegi öwrenmeklerini isleýän menem ilki. Söweş sungatynam az-owlak bilse gowy bolarmyka diýýän, trawmasyz bolsa. Mysal üçin boksy asla göwnämok. Sambo, dzýudo, aikido şulary kem göremok men-ä.
-
Fransuz
5 years ago
- bayewoy sambo , reaksiyany guyclendirya
Gürgençli 5 years ago- Oglan çaga bolsa karate ýa-da kitboksa berseň ulalsa hor bolmaz öýdýän