Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun.

Zenanyň ýan-ýoldaşyna garşy edebi:

1-Ýan ýoldaşyna ytagat etmeli we oňa garşy sylag-hormatly bolmaly.

2-Onuň bilen gaty sesli gürleşmeli däl, oňa garşy sesini gataltmaly däl.

3-Gürlände sözüni kesmeli däl we onuň abraýyna şikes ýetirip biljek hereketleri etmeli däl.

4-Maşgalada bolup geçýän zatlary, hususanam maşgala syrlaryny kesekileriň ýanynda açmaly däl.

5-Ýoldaşynyň malyny, abraýyny, namysyny, çagalaryny goramaly.

6-Ýan-ýoldaşynyň rugsady bolmasa garyndaşy bolsada öýe salmaly däl.

7-Ýoldaşy üçin bezenmeli, onuň halamaýan görnüşinde oňa görünmeli däl.

8-Ýan-ýoldaşynyň şerigata laýyk her diýenini hökmän berjaý etmeli.

9-Ýan-ýoldaşynyň ýagdaýy ýetmejek zatlary ondan islemeli däl we kanagatly bolmaly.

10-Ýan-ýoldaşy bilen bilelikde dinimiz Yslama hyzmat etmeli.

Erkegiň aýalyna garşy edebi:

1-Öý-goş, geýim, eklenç erkegiň boýnundadyr. Maşgalasyna ähli gerek bolan zatlary üpjün etmeli.

2-Özüni aýalyna garşy iň gowy görnüşde alyp barmaly.

3-Ýeri gelende aýaly bilen gülşüp-degişip onuň üçin ýörüte wagt aýyrmaly.

4-Nahar, geýim ýaly zatlarda öte ynjyk bolmaly däl we aýalyna garşy geçirimli bolmaly.

5-Aýalynyň üstünden gülmeli däl we kem ýerlerini ýüzüne urmaly däl.

6-Hojalyk işlerinde aýalyna ýardam etmeli.

7-Aýalyna garşy bet guman etmeli däl we onuň aýbyny gözlemeli däl.

8- Aýalyna Yslam ylymlaryny öwretmeli. Akydasy, ybadaty, ahlagy babatynda gerekli bolan ylymlary öwredip durmaly.

9- Eklençde, maşgalasyna ylym öwretmekde, saglygy bilen gyzyklanmakda sowuk-salalyk we gowşaklyk görkezmeli däldir.

10-Hepde-de pesinden bir gün aýalyna we çagalaryna Yslama degişli ylymlary öwretmek üçin wagt bellemeli we maşgalasyna halaly-haramy, Allah Tagalaň razy bolýan we närazy bolýan zatlaryny öwretmeli.

Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun

Sorag-jogap, Atakaka tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir