Gadym döwürde Durmuş atly bir ýigit ýaşapdyr. Ol güzeranyny oňarmak üçin daş ýerlerik gitmäge mejbur bolupdyr. Onsaň ol bir gün söwda kerwenine goşulyp Stambul şäherine gazanç etmäge gidipdir. Ol ýerik baryp özüne mynasyp iş gözläpdir, sebäbi onuň belli bir ökde hünäri hem bolmandyr. Ýöne, şunça aýlansada iş tapyp bilmändir. Onsaň oňa bolýan ýerindäki adamlar bir alym adamyny salgy beripdirler,şol hem işgär soraýady diýipdirler. Durmuş salgy berilen alym adamyň ýanyna barypdyr. Hal-ýagdaý soraşanlaryndan soň alym ondan :
—Sen nireden geldiň,näme maksadyň bar ?—diýip sorapdyr. Durmuş oňa daş ýerden iş gözläp gelenini aýdypdyr.
—Geleniňe näçe wagt boldy,sen öýlenenmi,ata-eneň barmy,bergiň barmy ?-diýip ol alym soraşdyrypdyr.
—Gelenime 10 gün boldy,entek öýlenemok,yzymda diňe ejem galdy—diýipdir. Alym onuň beren jogaplaryndan soň kanagatlanyp onuň gowy adamdygyna göz ýetiripdir we oňa ýüzlenip :
—Iş tapyp bilmediňmi ?
—Ýok.
—Oglum men saňa iş berip biljek ,ýöne hakyny örän az berjekdirin.
—Näçe berjek ?
—1 teňňe.
—Günümemi?
—Ýok.
—Hepdämemi?
—Ýok.
—Aýymamy?
—Ýok. Men seniň ýylyňa 1 teňňe berjek. Diňe ol däl ýöne,gapdalyndan hem bir gowy nesihat berjek.
Durmuş ol oýun edýändir öýdipdir. Emma ýaşuly alymyň çynydy. Durmuş oňa:
—Aý ýoklaý,maňa nesihat gerek däl pul gerek—diýip onuň ýanyndan çykyp gaýtjak bolanda alym ýaşuly oňa :
—Dur oglum seret şu diwardaky kitaplara,5müň kitap şular.Men şularyň baryny okadym. Saçym-sakalym şu kitaplaryň üstünde agardy,maňa ynan ,nesihat puldan gowydyr. Puly sowup gutararsyň ýöne nesihat ömrüňe saňa peýda berer . Men saňa köpüp mukdarda pul hem islesem bererdim, ýöne nesihat puldan gowudyr. Puluňy ýok edip bilersiň ,ýöne alan akyl-nesihatyň ölýänçäň özüňde bolup haýyrlanarsyň,aklyň bolsa bärden gitmede maňa hyzmat et. Durmuş onda hem razy bolman ol ýerden gaýdypdyr. Bolýan ýerine gelip,alymyň aýdan zatlaryny pikir edip uzak gije ýatmandyr.
Onsaň ol irden ýene alymyň ýanyna gelip onuň şertine kaýyl bolup işe durýar.Bir ýyllap alymyň kitaphanasyna,howlyň içindäki mellegine seredýär,suw çekýär we beýleki hojalyk işlerini ýöredýär. Bir ýyl geçensoň alym ony çagyryp:
—Oglum bärik geleniňe1 ýyl boldy,ine 1teňňäň. Nesihatym hem ÖŇÜNI-YZYNY GOWY BILMEÝÄN ÝOLUŇDAN ÝÖREME-diýipdir.
Durmuşuň bu sözi eşdip jany ýanypdyr, ol üýtgeşik bir nesihata garaşýardy:
—Bu nesihaty men öňden hem bilýärdimä.
—Örän oňat,bilýän bolsaň ana ýadyňa düşdi,indi asla ýadyňdan çykmaz.Ýene bir ýyl işläp ber-de 1 teňňäňi we 2-nji nesihaty al—diýipdir. Durmuş "ýok"—diýip gaýtsada,ýaşaýan ýerine gelip pikir edip ynjalmandyr. "Bäh,ýaşulyň indiki nesihaty nämekä,belki peýdaly zatdyr"—diýip uzak gije ýatman,ýene ertesi alymyň ýanyna gelip 1 ýyl işlemäge razy bolupdyr. Bir ýyldan soň alym ony çagyryp:
—Ine 1 teňňäň,2-nji nesihatym AMANADA HYÝANAT ETME.
Durmuş muny eşdip :
—Ohow bu nesihaty men özümem bilýänä—diýip nägile bolupdyr. Ýaşuly:
—Bilseň örän oňat,indi hasam unutmarsyň,ýene bir ýyl işlede nesihat we pulyňy al—diýipdir.
Durmuş öz ýanyndan öňem iki ýylym biderek boşuna gitdi diýip hasaplap duransoň :
—Aý,ýok men gideýin—diýip ol ýerden gaýdýar. 3-4 gün pikirlenip gezýär ,başga ýerdenem iş tapanok-da ýene alym ýaşulyň ýanyna gelip işe durýar. Bir ýyldan soň alym oňa 1 teňňe berip:
— 3-nji nesihatym ÖŇ ÖZ BARYP GÖRMEDIK ÝERIŇE AÝALYŇY IÝBERME—diýýär.
Durmuşuň alymyň bu nesihatynada göwni ýetmändir. Ol ýaşulyň ýanyndan gaýtjak bolanda alym ýaşuly oňa :
—Sen ýurduňa gaýtmankaň meniň ýanyma bur gel,men seň ejeňe bir zat ugratjak-diýýär. Durmuş ol ýerden gaýdyp öz ýurduna gaýdýan kerwendäki adamlary gözläp tapyp olar bilen gabatlaşýar we başyndan geçenleri olara gürrüň berýär,olar:
—Ahow,sen dälimi-nämemi ,hiý biderek 3 ýylyňy köýdüripsiňä sen—diýip onuň üstünden gülüşipdirler. Şeýlede bolsa olar oňa gynanyp üýşip pul goşup oňa ýol harjy ýygnap beripdirler. Sebäbi ýolda müner ýaly atyň bolmasa uzak ýola gidip bolmajakdy. Durmuş olar bilen gepleşip ,gaýtmaly güni ýaşuly alymyň ýanyna barypdyr.Ýaşuly oňa iki sany gatan çörek berip "Gitseň sag-aman bar .Şulary hem ejeňe eltip ber"— diýipdir. Durmuş muňa içinden nägile bolupdyr we " Haý,gysyk diýsänim iýberýän zadyny,başga peýdalyrak zat gytmy"—diýipdir.
Durmuş şondan soň kerwene goşulyp obasyna gaýdypdyr. 2-3 gün ýöränsoňlar öňlerini suw basan ýer gabat gelipdir. Durmuş atyny suwa salyp ýörejek bolanda ýaşulyň ÖŇÜNI-YZYNY GOWY BILMEÝÄN ÝOLUŇDAN ÝÖREME diýen nesihaty ýadyna düşüp durupdyr. Durmuşyň ýanyndaky atly durman aty bilen suwa girip 3-4 ädim geçipdir welin aty bilen suwuň içine çümüp gidipdir we garaşsalar hem ol çykmandyr. Ol ýeri soň idäp bilseler çüň bir girdap ekeni. Durmuş nesihaty tutup suwuň içi bilen ýöremedigine şükür edipdir. Durmuş bir gün gaty ajygypdyr we torbasyndaky gaty çörekleň birini iýmek islände AMANADA HYÝANAT ETME diýip aýdylan nesihat ýadyna düşüp çöregi döwändir. Bir gün gijara tokaýdan gelýärkäler talaňçy-garakçylar bularyň daşyny gabadylar-da :
—Eger janyňyza haýpyňyz gelýän bolsa bar gymmatly zatlaryňyzy orta döküň diýip gygyrdylar. Jan hem süýji zat her kim bar baýlygyny-pulyny orta dökdi. Galtamanbaşy Durmuşa senem zatlaryňy dök diýse :
—Meniň hiç hili gymmatly zadym,pulum ýok-diýdi.
—Ol nähili ýok,sen başga ýerden gelip işlemäge-gazanja gitmediňmi ?
—Gitdim ýöne pul gazanmadym.
—Näme işlemediňmi.
—Işledim,ýöne pul ýok.
—Ýalan sözleme.
—Dogrym,ynanmasaň ýoldaşlarymdan soraý. Durmuşyň ýoldaşlary onuň ýylyna 1 teňňä işlänini aýdýarlar. Galtamanbaşy muňa gülüpdir we gaharlanypdyr:
—Muny gowy edip ýenjiň,goý pulsyz öýüne gaýtmaly däldigini bilsin—diýip Durmuşy urdurypdyr. Durmuşyň ýoldaşlary hem Durmuş ýaly zatlaryny aldyryp boş gaýdypdyrlar.
Durmuş öýüne gelip ejesine bolan ýagdaýlary aýdyp beripdir. Ejesi muňa gynanyp :
—Wah,gideniňe görä pully gelseň bolmaýadymy—diýipdir.Durmuş :
—Aý,pully gaýtsam hem garakçylar aljak ekeni—diýýärde:
—Eje iýmäge zat ýokmy-diýýär. Ejesi :
—Wah oglum,zat ýok.Özüm hem iki gün bäri zat iýmedim. Durmuş ejesine :
—Saňa ýaşulyň iýberen iki sany gaty çöregi bar,şony iýäýeli—diýip çörekleň birini döwseler içinden birnäçe altyn teňňeler çykypdyr. Beýleki çörekde hem şeýle altynlar bar ekeni. Durmuş bu altynlara we ýaşulyň beren nesihatlaryna örän begenipdir we ýaşulyň örän parasatly adamdygyna göz ýetiripdir. Eger ol işlän döwri köp pul beren bolsa şol ýerde hem köp sowmagy mümkindi,galanyny hem talaňçylar alardy. Eger çöregi öň döwen bolsa onday altyn teňňeleri hem talaňçylar alardylar.
Durmuş bu pullara ekin ýer we hojalyga gerekli zatlary alypdyr mal edinipdir. Onuň kellesinden ýaşulyň 3-nji nesihaty çykmadyr. Öňki nesihatlary peýda getirensoň ol ýaşy 30-a barsada "Men öýlensem özümiň baryp görmedik ýerime aýalymy iýbermen"-diýýärmiş. Şeýle bolansoň oňa öz obasynda we goňşy obalarda gyz beren bolmandyr. Ýöne,bir gün bagty açylyp daşkyrak obalaň birinden bir gyza öýlenipdir. Bir ogullary hem bolupdyr 3-4 ýyl ýaşanlaryndan soň gyzyň garyndaşlary gelip ony toýa äkitmek isläpdirler. Durmuş muňa göwnemändir. "Näme sebäpden aýalyňy iýbereňňok"-diýseler:
—Sebäbini bilemok,ýöne iýberjek däl—diýýärmiş. Durmuşyň öz obadaşlary hem " Iýber how"-diýip duransoň ahryn 1gije ýatmak şerti bilen razy bolupdyr. Aýaly gidensoň Durmuş nesihaty tutmadygyna gynanypdyr,sebäbi öňki nesihatlar oňa örän bähbitli bolupdy ahyryn. Onsaň ol hem binjalyk bolup aýalynyň yzyndan gidipdir,gitmese özüni birhili zyýan çekäýjek ýaly duýupdyr. Aýalynyň obasyna gijara barsa aýaly toý gudýän ýerde ogly ikisi oturan ekeni,ol olara görünmän bir ýaşuly adamdan bular kim diýýär. Ol ýaşuly:
—Aý,bu geliniň sataşany gaty zalym bolup çykanmyş diýýärler,muny hiç ýerik goýberenokmuş,bu biziň garyndaşlarymyzdan özem—diýýär.
Durmuş ol adama pul berip agşam ony özi bilen duşuşdyrmagy soraýar. Ýaşuly puly alyp:
—Bolýa agşam öýe geläý sizi duşuşdyraryn diýýär.
Agşam giçden soň ol adam Durmuşy aýalynyň ýanyna salypdyr,ýöne aýaly ony ýat adamdyr öýdüp elini galgadyp ony ýanyna eltmändir,onsaň Durmuş sesini çykarman ogluny alyp öýüne gaýdýar.
Ertesi Durmuşyň aýalynyň garyndaşlary Durmuşuň ogluny gözleselerde tapmandyrlar,onsaň olar maslahat edip " Ýangyn bolup olaň bolýan jaýy ýandy,ogluň hem ýanyp öldi diýeris" diýişip Durmuşa aýdarys diýýärler. Onsaň olar gelip şeýle boldy diýip Durmuşa aýdsalar ol arkaýynmyş :
—Zyýany ýok,biz entek ýaş,ýene çagamyz bolar—diýýärmiş. Şeýdip gepleşip durkalar ogly ylgap gelip ejesini gujaklapdyr. Beýleki aýalynyň garyndaşlary muny görüp geň görüpdirler. Durmuş olary "Haý ýalançylar diýsänim,hany oglum ýanyp ölüpdile,gaýdyp geläýmäň bärik "—diýip olary kowup goýberipdir. Aýalynada "Eger agşam ýanyňa elten bolsaň,senden hem dynardym, Allaha şükür özüňi goradyň "—diýipdir we mundan soň maşgalasy bilen bagtly ömür sürüpdir.
Internet habarlaryndan şahsy terjime eden @Chary
Durmuş
-
ETIKA
5 years ago
- Gaty gyzykly eken sular yaly gowy zatlary paylashyanynyza sag bolun...
-
Gurban93
5 years ago
- Gyzykly hekaýa eken gyzyklanyp soňuna çenli okadym.
Rakuten 5 years ago- Bet bolypdyr Chary aga