Bir gezek iki sany ýagşyzada bir baý adamyň öýüne myhman bolupdyrlar. Baý adam gysyk ekeni we olary gowy myhman alyp mynasyp hyzmat etmändir,olar ýatjak bolanda bolsa olara ýerzeminden ýer beripdirler. Ýagşyzadalar görseler ýerzeminiň bir ýeriniň suwagy gopan ekeni.Ýagşyzadalaň ýaşyulysy ýerzrminiň ol gopan ýerini gowy edip suwapdyr. Ýaş ýagşyzada ondan:
—Sen näme üçin bulara kömek edýäň,bular gowy adamlar dälä—diýýär. Onda ýaşuly oňa:
—Her bir zat görünşi ýaly däldir—diýip jogap berýär. Ertesi gün bu iki ýagşyzada bir sygyryndan başga zady bolmadyk başga bir hojalyga myhman bolýarlar. Olar şeýlebir baý bolmasalaram myhmanlara elinden geldikçe güler ýüz bilen hyzmat edýärler. Ertesi ýagşyzadalar turup seretseler öý eýýeleriniň ikisiniň hem gözi ýaşlymyş,sebäbi olaryň hojalyga süýt berip ekläp oturan ýeke sygyrlary agşam ölüpdir. Muny görüp ýaş ýagşyzada ýaşuly ýagşyzadadan:
—Bu nähili beýle bolýar,sen öňki agşamky zada zar däl baý adama kömek etdiň,bu ýekeje sygyrly adama bolsa hiç hili ýagşylyk etmediň,eger isleseň olaryň ýekeje sygyrnyň ölmezliginiň öňüni alyp bilerdiň—diýipdir. Uly ýaşly ýagşyzada oňa:
—Her bir zat görünşi ýaly däldir,meniň baýyň diwaryny suwamagymyň sebäbi ol ýerde öň gizlenip goýulan gyzyl hazyna bar ekeni we men ony suwamadyk bolsam ol hazyna ol ýaramaz adamyň eline geçjekdi. Agşam ýatanymyzdan soň bu hojalykdaky aýalyň janyny almaga ölüm perişdesi geldi,men ondan oňa derek bulaň sygyrnyň janyny almagy haýyş etdim—diýipdir.

Rusçadan terjime edip size ýetiren
@ Chary

Edebiýat, Barbary tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir