(1771–1832)

Iňlis edebiýatynyň taryhynda Walter Skottuň döredijiligi, onuň eserleri edebiýatyň kem-kemden romantizmden realizme geçiş döwrüni aňladýar.
Walter Skott iňlis edebiýatynda taryhy roman žanrynyň atasy hasaplanýar. Emma ol öz döredijiliginiň başlangyç döwründe şahyr hökmünde meşhurlyk gazanýar. Ol özüniň ilkinji «Uewerli ýa-da altmyş ýyl ozal» (1814) atly taryhy romanyny ýazanda-da, ilki öz adyny goýman çap etdirýär. Çünki ol eýýäm şahyr hökmünde at-abraý gazanansoň, kyssa bilen ýazylan bu eseri şowsuz bolup çykaýsa, abraýynyň pese gaçmagyndan heder edipdir.
Walter Skott 1771-nji ýylda Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde aklawçynyň maşgalasynda eneden dogulýar. Gelip çykyşy boýunça ol köşk gatlagyna degişli dworýan maşgalasyndan bolupdyr, şoňa görä-de, onuň ady «ser Walter Skott» diýlip tutulýar eken.
Walter Skott ýaşlygynda poliomielit 1 keseli bilen keselläp, ömürlik agsak bolup galýar. Emma muňa garamazdan, ol babasynyň dagda mal bakýan çopanlarynyň ýanlarynda pyýada köp gezýär, dagdan daga dyrmaşýar, bedenini fiziki taýdan taplap, örän çydamly, güýçli ýigit bolup ýetişýär. Ol ýaşlygyndan halkyň durmuşy, geçmişi, däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanypdyr, Şotlandiýanyň taryhy baradaky rowaýatlary, aýdymlary, balladalary fermerleriň, çopanlaryň dilinden ýazyp alypdyr.
Walteriň kakasy oglunyň adwokat bolmagyny isläpdir. Ol kakasynyň maslahatyna eýerip, hukuk hünärini öwrenýär.
Walter Skott 1792-nji ýylda Edinburg uniwersitetini gutaryp, aklawçy-adwokat derejesini almak üçin synagdan geçýär. Soň ol birnäçe ýyllap, kakasynyň adwokat edarasynda, soňra Edinburg kazyýetinde hem-de okruglaryň birinde şerif 1 bolup işleýär, işden boş wagtlarynda bolsa döredijilik bilen meşgullanýar. Ol 1799-njy ýylda Gýotäniň «Gets fon Berlihingen» diýen eserini terjime edýär. Ýöne edebiýata bolan höwesi güýçli bolansoň, 1800-nji ýyldan başlap, ýigrimi dokuz ýaşly Walter Skott düýpgöter edebiýat bilen meşgullanyp ugraýar. Skott entek mekdepde okaýan ýyllary öz ýurdunyň taryhy bilen içgin gyzyklanypdyr.
Walter Skott ilki bilen halk aýdymlaryny, rowaýatlaryny, taryh baradaky gürrüňleri ýazga geçirip ýygnamak bilen meşgullanýar. Ol 1802-nji ýylda «Şotland araçäginiň aýdymlary» atly halk aýdymlarynyň iki tomdan ybarat ýygyndysyny neşir edýär. Soňra özi hem halk aýdymlaryna öýkünip, geçmişde ýaşan taryhy şahslar, bolup geçen wakalar, rysarlaryň söweşleri, gadymy galalar barada «Marmion», «Köl gyzy», «Iň soňky menstreliň 2 aýdymy», «Lohinwar» ýaly poemalary we balladalary ýazýar. Bu eserleri ýazmak onuň üçin özüniň taryhy romanlaryny ýazmaga taýýarlyk döwri bolýar.
Walter Skott Angliýanyň we Şotlandiýanyň taryhyny beýan edip, iňlis milletiniň başdan geçiren taryhy wakalary barada ýigrimi sekiz sany roman we ençeme hekaýadyr powestleri ýazýar. Şoňa görä-de, Walter Skott diňe bir iňlis edebiýatynda däl, eýsem tutuş Ýewropa edebiýatynda-da özüniň taryhy romanlary bilen meşhur bolupdyr.
Fransuz ýazyjysy Balzak ony öz mugallymy hasaplapdyr. Ýazyjynyň romanlary öz temasy boýunça, esasan, iki topara bölünýär. Birinji topara – onuň öz dogduk mekany Şotlandiýanyň taryhyna bagyşlanyp ýazylan romanlar girýär. Olara «Uewerli ýa‑da altmyş ýyl ozal» (1814), «Gaý Manneriň» (1815), «Antikwariý» (1816), «Puritanlar» (1816), «Rob Roý» (1817) we birnäçe beýleki romanlary degişlidir. Onuň «Aýwengo» (1819), «Monastyr» (1820), «Abbat», «Kenilwort» (1820), «Wudstok» (1826) atly romanlary Angliýanyň taryhyny beýan edýär. Bulardan başga hem onuň Fransiýanyň taryhyna degişli «Kwentin Dorward» (1823) atly romany hem bardyr. Ýazyjy öz romanlarynda Şotlandiýanyň we Angliýanyň köpasyrlyk taryhyny açyp görkezyär. Olaryň içinde ýazyjynyň «Aýwengo» romany has uly meşhurlyga eýedir.
Walter Skott saglygynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan tä ömrüniň ahyryna çenli döredijilik bilen meşgullanýar, dürli göwrümdäki eserleri ýazýar, gündelik ýöredýär. 1830-njy ýylda ýazyjynyň beýnisine gan inýär, onuň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar. Ol şonda-da döredijiligini dowam edýär.
Iňlis hökümeti ýazyjynyň Italiýa gidip, saglygyny bejertmegi üçin «Barem» atly gämini onuň hyzmatyna berýär. Emma syýahat döwründe-de Skottuň ýagdaýy gowulaşmaýar. Ol 1832-nji ýylyň 11-nji iýulynda Şotlandiýa, öz watanyna dolanyp gelýär hem-de şol ýylyň 21-nji sentýabrynda aradan çykýar.
Walter Skott dünýä edebiýatyna taryhy roman žanrynyň ussady hökmünde girdi. Iňlis edebiýatynda onuň döredijiligi romantizmden realizme geçiş döwrüni alamatlandyrýar. Ýazyjynyň romanlarynyň esasy gahrymanlary halkdyr. Ol öz romanlarynda halkyň taryhy hereketlendiriji güýçdügini, köne jemgyýetçilik düzgünleriniň täze progressiw güýçlere öz ornuny bermeginiň kanunalaýykdygyny açyp görkezýär. Ýazyjy taryhy wakalary beýan edende olara öz döwrüniň, durmuşynyň adamy hökmünde baha berýär hem-de romanda halkyň durmuşynda wajyp bolan bir taryhy meseläni öňe sürýär. Ol romanda görkezilýän döwrüň egin-eşiklerini, taryhy şahsyýetlerini, halkyň däp-dessurlaryny, taryhy wakalary anyk suratlandyrmaga çalşyp, taryhy bolşy ýaly, dogruçyl görkezmek kadasyna eýerýär. Şol sebäpli Walter Skottuň romanlary Angliýanyň taryhyny öwrenmek üçinem gymmatly çeşme bolup durýar.

1 Poliomiýelit – ysmazlyga getirýän kesel, çaga ysmazy.
2 Şerif – Angliýada ýokary hukukly sudýa (kazy).
3 Menstrel-bagşy, sazanda, şahyr.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir