Aslynda bu mätäçlik diňe çagalaryň däl eýsem ýetginjekleriň hem uly mätäçligidir. Biz çagalarymyzy goňşymyzyň, dostumyzyň ýa-da öz dostlary, joralary bilen deňeşdirýäs:
“Plany matematikadan 5 alypdyr sen näme üçin alyp bilmediň? Ýa-da “Planyň gyzy olimpiada saýlapdyrlar sen näme üçin saýlanmadyň?”…
Ýa-da çagamyz begenip “Ejeee men bu gün 4 lik baha aldym” Eje bolsa: “ Synpda 5 lik alan barmy “ diýip çagamyzy başaga çagalar bilen deňeşdirýär.


Aslynda biz çagamyzyň 5-lik alyp biljek zehini bilýän bolsak: “Oglum sen matematikadan 4 alypsyň, ýöne sen üstünde gowy işleseň, bilmedik temalaryňy öwrenseň has gowy baha alyp biljegiňi men bilýän” diýip oňa goltgy bermelidiris


Esasy zat çagamyzy bolşy ýaly kabul edip bilmekdir. Iliň çagasy bilen deňeşdirip oňa özüniň pesligini , ejizligini görkezmek gaty ýalňyşdyr. Plany edip bilýär, seni edip bileňok diýmek bilen onuň edip bilmejegini eýýäm aňyna guýan bolýaňyz

Biz gelinleri alsak, eger ýanýoldaşymyz bişirýän naharlarymyza “Senden ejem gowy bişirýär” diýse, ýa-da “Planyň gelni gaty süýji bişirýär “diýse..elbetde bu biziň göwnümize ýaramaýar..


Käwagtam çagamyzy hiç deňeşdirjek adam tapmasak, özümiz bilen deňeşdirýäs. “Men seniň ýaşyňda beýle däldim, men şeýledim”….
Geliň çagalarymyzy öz boluşlary ýaly kabul edeliň, sebäbi her bir çaga öz zehini bilen, öz talanty bilen dogulýar. Oňa öz içindäki zehini, talandy tapyp bilmegine goltgy bereliň. Iliň çagasy dälde biziň çagamyzdygyny unutmalyň!

Bilim, ETIKA tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir