Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş:
Gyz tarap oglana sawcy barjakmyş,
Hindileň şol däbi bize geljekmiş.
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.
Gyzlaryň yzyndan barmaly dälmiş,
Näzlerini çekip ýörmeli dälmiş,
Galyň diýlen zadam bermeli dälmiş,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.
Bolmasa gyzlaryň okuwam işem,
Aljak dälmiş ony oglanlaň hijem.
Ýaman boldy gyzlar çykmasa bijäň,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.
Ýogsa oglanlary bildiňiz kösäp,
Ugryňyzda ylgap çekdiler azap,
Indi şol zatlara bermeli hasap,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.
Öýlenmedik oglanlaň zamany gelse,
Ýollary açylyp ykbaly gülse,
Ýigitler ýaýnardy şeýleräk bolsa,
Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar!
Şeyle boljakmyş
-
Nepes29
5 years ago
- @MissDreamer, bolaymaz diyyanmi
-
Yeser
5 years ago
- Wakyyrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrrr....rr
-
MissDreamer
5 years ago
- Arzuw edin diyyaann
-
Yaash
5 years ago
- Bolaýsa çyndan hem oglanlar begenýarowww!!!
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Heh.....
-
wagt
5 years ago
- Samsyk goşgy.
-
wagt
5 years ago
- Bizem üýşup bular yaly samsyk goşgylary yazyp internetde yayradyan we okyjylaryñ negözel wagtyny "ogurlayan" şahyrlaryñka "gudaçylyga" baralyñ. Elimizde name pul-peşgeş bolsa bereliñ. Eger razy bolmasalar, Aşgabatda name kan: welayatdan gelip işsiz, başyboş entap yoren "gelin-gyzlar" kan, name kan: erkeksiz galyp eklençsiz galyp, daşary yurtlara işlemage diyip yurdy taşlap gidyan gelin-gyzlarymyz kan. Şolary razy edip bu "şahyrlar" bilen başyny çatalyñ. Hem interneti peydasyz goşgyçysumaklardan we goşgy diyp yayradylyan sanawaçlardan halas ederis, hem "hem bir ajy doyurmak haçdyr yaranlar" diylişi yaly, är tapman ya ayal tapman yoren sallahlary birikdirip sogap gazanarys. :-)
-
Cwetocheeek
5 years ago
- Biz cahagakak hem diyyadiler. "GYZLAR GUDA BARJALMYSH" diyip :-)
-
Cwetocheeek
5 years ago
- Biz cahagakak hem diyyadiler. "GYZLAR GUDA BARJAKMYSH" diyip :-)
MissDreamer 5 years ago- Arzuwlar arzuwlar koyen arzuwlar...
😒😒😒