Romantika
Romantika — bu şemiň ýagtysyna ýelek bilen goşgy ýazmakdanam zyýat, telefonuň ýagtysyna ýorganyň aşagynda goşgy ýazmakdyr.
Romantika — bu fewralyň 14-ine 100 sany gyzyl bägül sowgat bermekdenem zyýat, bu onuň 20 ýaş doglan gününe 20 sany romaşka bermek we "Söýýär" düşer ýaly ähli güldäki ýaprak sanyny täk edip goýmakdyr.
Romantika — bu dünýäde bar bolan göwher gaşly 101 ýüzügiň 101-njisini onuň barmagyna dakmakdanam zyýat, öýüňe samolýotly gaýdyp boljak wagtyňda iň owadan kümüş ýüzügi alanyň üçin yzyňa poezdli gaýtmakdyr. Romantika — bu ony elinden tutup bordýurdan ýöretmekdenem zyýat, özüň bordýura çykyp, öz düzen goşgyňy okap bermekdir.
Romantika "I love you" diýip ýyldyzlar bilen asmana ýazgy ýazmakdanam zyýat, garyň üstüne gyşyk hatyň bilen "Happy birthday" diýip ýazmakdyr.
Romantika — irdenlerine oňa ertirlik taýýarlap eltişiňi hyýal etmekdenem zyýat, ertirligi bile taýýarlaýşyňyzy BILE arzuw etmekdir.
Romantika — Aý astynda oň jemalyna seretmekdenem zyýat, Aýa seredip, oň nesibäňde bolmagyny dileg etmekdir.
Romantika — Romeo we Žulietto ýaly bile ölmekdenem zyýat, oň durmuşyny gapdaldan yzarlap aýry ýaşamakdyr.
Romantika — Titanigiň ujunda ony saklap durmakdanam zyýat, tolkunlar seni uzak ýerlere alyp gitse-de, oň kenarda saňa garaşjagyny bilmek we özüňde hem wepalylygy saklamakdyr.
Ýylgyrtmakdanam zyýat, ony begenjinden aglatmakdyr romantika.

Sorag-jogap, Babaniyazow J tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir