“Şenbede – biçme, annada – göçme”.
“Şenbede – şow”.
“Sişenbede – silkinme”.
“Çarşenbede – çar tarapa”.
Ýekşenbede – ýegşerme”.
“Anna güni arka gitme”.
“Anna gününiň öýläni bitmedik işe men haýran”.

Musulman dünýäsinde hepdäni beýleki günlerine garanda, anna gününe aýratyn hormat goýup, oňa yssy nazar bilen bakylýar.

Anna – ähli dirileriň hem merhumlaryň “Soragdan azat güni” hasap edilipdir.

Annada – aw haýwanlaryny awlamaga, hatda guşlary tutmaga-da rugsat berilmändir.

“Anna” ýa-da Adna” – arap sözi bolup, terjime edilende “özüňe serenjam bermek”, “bezenmek” diýen manyny aňladypdyr.

Hepdäni bu gününe köp ýerlerde “Juma” diýip hem atlandyrypdyrlar.

Bu hem arap sözi bolup, “jem”, “jemlenmek” diýen manylary  beripdir.

Rowaýatlara görä, yslam dünýäsindäki belli wakalaryň köpüsi, ýagny: Muhammet Pygamberiň eneden doglan güni, - Mukaddes Kurany-kerimiň Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Pygambere gowşurylan güni, - hijri kalendarynyň ýa-da musulman eýýamynyň başlanan güni –Muhammet Pygamberiň Käbä ilkinji zyýaraty – şu Anna güni, ýa başgaça alsaň, Juma güni bolup geçipdir.

Muhammet Pygamberimiz bu gün hakda şeýle diýenmiş:
“Juma güni – günleriň gowusydyr”.
“Juma güni – Adam ata ýaradylandyr”.
“Juma güni – Adam jennete girer”.
“Juma güni – Adam Ýerden çykar”.

Alynan çeşme: Laýndaky Serpaý topary.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir