Iň gysga hekaýalar

* * 


Hemingueý her kimi duýgylandyrjak 6 söz bilen hekaýa ýazaryn diýip jedel edipdir we utupdyr. Onuň hekaýasy:«Çaga aýakgaplary satylýar. Geýilmedik» («For sale: baby shoes, never used»)

* *
Frederik Braun-yň gysga hekaýasy:

«Ýerde galan iň soňky adam otagynda oty:rdy. Birden gapy kakyldy...»

* * * 
Amerikan ýazyjysy O.Genri-niň gysga hekaýasynyň başlangyjy, kulminasiýasy we soňlamasy ýerbe-ýer:
«Sürüji çilim otlandy we benzinini barlamak üçin benzobaka egildi. Merhumyň ýaşy ýigrimi ikidi».

* * *

Makedon patyşasy Filip-II spartalylara ýazan haty (biraz uzynrak):
«Size derrew boýun bolmagy maslahat berýärin, sebäbi eger-de meniň goşunym siziň ýerleriňize girse, men siziň baglaryňyzy ýok ederin, ilaty gul ederin, şäheriňizi kül ederin».
Spartalylaryň jogaby gysga:
«Eger-de».

* * *

Biktor Gýugo «Отверженные»  romanynyň golýazmasyny neşirýada şeýle hatjagaz bilen iberýär: «?»
Hata görä jogap gelýär: «!»

* * *

Iň gysga awtobiografiýa ýazmak konkursynyň ýeňijisi fransuz garry aýalyň awtobiografiýasy şeýle:
«Ozal meniň endamym ýylmanakdy we ýygyrt eşigim bardy, indi bolsa – tersine»

Edebiýat, Tagiev tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir